Saýlanan şäher
27 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Habarlar
Baş sahypa
/
Habarlar
01.02.2026 17:46
6.9k+
Dünýäniň iň uly 20 kluby bir möwsümde €12 mlrd gazandy, onuňam €1,2 milliardy — «Realda»
Deloitte kompaniýasy möwsümdäki girdejileri boýunça futbol klublaryna baha berýän Money League ýyllyk reýtingini hödürledi. 2024/25 möwsüminiň lideri tas 1,2 mlrd ýewro girdeji bilen Madridiň «Realy» boldy. Dünýäniň öňdebaryjy 20 klubunyň umumy girdejisi ilkinji gezek 12 mlrd ýewrodan geçdi
01.02.2026 16:48
9.4k+
BMW Mercedes-Benz-iň doglan gününi degişme bilen gutlady
29-njy ýanwarda awtomobil senagatynda bäsdeşler özara göreşi bir gapdala goýsalar-da, degişmeden ýüz öwürmediler. Şu senede Karl Benziň özüniň «Motorwagen» ulagyna patent alan gününiň 140 ýyllygy doldy. Häzirki zaman düşünjesindäki awtomobil taryhy edil şu seneden başlanýar diýlip hasaplanýar
01.02.2026 16:33
6.3k+
UFC 325: Wolkanowski ýene-de Diýego Lopesden üstün çykdy, Sen-Deni Hukeri ýeňdi
1-nji fewralda Awstraliýanyň Sidneý şäherinde Garyşyk söweş sungaty boýunça UFC 325 ýaryşy geçirildi. Esasy tutluşykda ýarym ýeňil agramda UFC-niň çempiony Aleksandr Wolkanowski reýtingde ikinji orunda durýan Diýego Lopesa garşy öz titulyny gorady
01.02.2026 16:31
5.2k+
Dubaý «20 minutlyk şäher» konsepsiýasyny ornaşdyrýar
Dubaýda Emirligi ösdürmegiň «20 minutlyk şäher» konsepsiýasynyň we ýene-de iki sany strategik başlangyjynyň amala aşyrylmagy tassyklanyldy. «Dubai10X» maksatnamasynyň çägindäki degişli taslamalary Dubaýyň mirasdüşer şazadasy, BAE-niň Premýer-ministriniň orunbasary we Goranmak ministri şeýh Hamdan ben Mohammed Al Maktum makullady
01.02.2026 16:20
3.6k+
LG kompaniýasy Sony we TCL-iň yzýany 8K modelleriniň önümçiligini duruzýar: sebäbi näme?
LG kompaniýasy 8K durulykly telewizorlaryň önümçiligini bes etdi. Günorta koreýaly öndüriji Sony we TCL kompaniýalarynyň yzy bilen bu segmenti terk edýär diýip, TechRadar neşiri habar berýär. LG şeýle formatdaky ilkinji modelini 2018-nji ýylda tanyşdyrypdy
01.02.2026 16:12
1.8k+
Reincubate kompaniýasy Apple-i web-kamera funksiýany ogurlamakda aýyplady
Britaniýanyň Reincubate kompaniýasy Apple garşy şikaýat bilen kazyýete ýüz tutdy. Ol korporasiýany patent hukuklaryny bozmakda we smartfony web-kamera hökmünde ulanmak tehnologiýasyny göçürmekde aýyplaýar. Şikaýatçy
01.02.2026 15:42
3.7k+
Türkiýäniň syýahatçylyk boýunça girdejisi rekord derejä ýetdi
2025-nji ýylda Türkiýäniň syýahatçylykdan alan girdejileri öňki ýyl bilen deňeşdirilende 6,8% artyp, 65,2 milliard dollara ýetdi. Bu barada Dunya neşiri ýurduň medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoýuň sözlerine salgylanyp habar berýär
01.02.2026 15:13
1.5k+
Genri Kewill «Dagly» filminiň remeýkinden ilkinji kadrlary paýlaşdy
Aktyor Genri Kewill sosial torlarda «Dagly» («Горец») filminden ilkinji şekilleri paýlaşdy. «Amazon MGM» kinostudiýasynyň bu taslamasy 1980-nji ýyllarda surata düşürilen adybir filmiň remeýkidir. Filmiň režissýorlyk kürsüsinde «Jon Uik» franşizasynyň awtorlarynyň biri bolan Çad Stahelski oturýar
01.02.2026 12:33
9.5k+
ABŞ-da ýene «şatdaun» başlandy: bu gezek hökümetiň işi bölekleýin togtadyldy
31-nji ýanwardan başlap ABŞ-nyň hökümetiniň işi tassyklanan maliýe serişdeleriniň ýokdugy sebäpli bölekleýin togtadyldy. Bu barada The Guardian neşiri habar berýär. Hökümetiň işiniň wagtlaýyn togtadylmagy Demokratik partiýanyň senatorlary Içerki howpsuzlyk ministrligini maliýeleşdirmek baradaky kanun taslamasyny goldamakdan boýun gaçyranyndan soň bolup geçdi
01.02.2026 12:21
2k+
Apple birnäçe ýurtlarda App Store-daky oýunlaryň we programmalaryň bahalaryny gymmatladýar
Apple kompaniýasy dokuz sany ýurtda programmalaryň we programma içindäki satyn alyşlaryň bahalaryny üýtgetmek barada karara geldi. Bu barada kompaniýa işläp düzüjilere iberen ýörite habarnamasynda mälim etdi. Bahalardaky üýtgeşmeler eýýäm güýje girdi we täze aýda ýene-de goşmaça düzedişleriň girizilmegine garaşylýar
01.02.2026 12:19
2.1k+
Adidas brendi Bob Marlä bagyşlanan sport aýakgaplar toplumyny taýýarlaýar
Adidas brendi dünýä belli ýamaýkaly sazanda Bob Marlä we onuň futbola bolan söýgüsine bagyşlanan ýörite krossowka toplumyny çykarar. Topluma AdiZero Evo SL, Handball Spezial we SL72 modelleri girer. AdiZero Evo SL modeli — Adidas-yň 2025-nji ýyldaky iň göze ilýän ylgaw aýakgaplarynyň biri bolup, ol 2026-njy ýylda täzelenen dizaýnda dolanyp geler
01.02.2026 12:03
1.9k+
Pursatdan peýdalanjak diýseňiz: Apple Music üç aýlyk mugt abuna sowgat edýär
Apple kompaniýasy täze ulanyjylaryň adaty bir aýyň ýerine üç aýlap «Apple Music» ulgamyna mugt girmegine mümkinçilik berýän aksiýany yglan etdi. Bu başlangyç, Apple-iň resmi hemaýatçy hökmünde çykyş edýän «Superboul» sport we şou dabarasyna bagyşlanýar
01.02.2026 11:42
1.9k+
Nesil yzarlaýan keselleri önünden çaklamak üçin Google DeepMind täze gural döretdi
Google DeepMind kompaniýasy keselleriň döremegine täsir edýän genetiki faktorlary ýüze çykarmak üçin niýetlenen AlphaGenome atly emeli aň guralyny tanyşdyrdy. Bu model bir wagtyň özünde DNK kodunyň 1 milliona çenli belgisini seljermäge ukyplydyr, bu bolsa täze bejeriş usullaryny işläp düzmäge ýardam eder diýip, The Guardian neşiri habar berýär
01.02.2026 11:41
9k+
Hytaýyň lideri Si Szinpin futbol janköýeri bolup çykdy
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin «Mançester Ýunaýted» futbol klubunyň hakyky janköýeri bolup çykdy. Bu barada Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Kir Starmeriň Pekine bolan resmi saparynyň dowamynda mälim boldy diýip, South China Morning Post neşiri habar berýär
01.02.2026 11:36
1.1k+
NASA-nyň «Afina» superkompýuteri sekuntda 20 kwadrillion operasiýany ýerine ýetirýär
NASA özüniň iň güýçli we energiýa taýdan tygşytly, iň ýokary öndürijiligi 20 petaflopsdan geçýän «Afina» (Athena) superkompýuterini resmi taýdan tanyşdyrdy. Kaliforniýadaky Eýms adyndaky barlag merkezinde ýerleşdirilen täze hasaplaýyş toplumy indiki nesliň kosmos we awiasiýa maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde esasy gural bolar
01.02.2026 11:29
2k+
Bitkoiniň bahasy 11-nji aprelden bäri ilkinji gezek 80 müň dollardan aşak düşdi
Bitkoiniň bahasy söwdalaryň barşynda 2025-nji ýylyň 11-nji aprelinden bäri ilkinji gezek 80 müň dollardan aşak düşdi. Muny Binance biržasynyň maglumatlary tassyklaýar. Aşgabat wagty bilen sagat 09:30-da bitkoin 78,9 müň dollar töwereginde bahalandyryldy, bu bolsa günüň dowamynda 5,20% pese gaçyşy aňladýar
01.02.2026 10:54
1.1k+
YouTube emeli aň arkaly döredilen kontenti «arassalap» başlady
YouTube platformasy emeli aňyň kömegi bilen döredilen pes hilli kontentleri bozup başlady. Şu sebäpli platformadan eýýäm iki uly kanal ýitdi diýip, «The Verge» neşiri habar berýär. Wideomontaž üçin «Kapwing» hyzmatynyň hasabatyna görä, 5,9 million agzasy bolan CuentosFacianantes kanaly bozuldy
01.02.2026 09:09
3.2k+
Gazagystanly tennisçi Ýelena Rybakina belarusly Sobolenkony utup, Australian Open-iň ýeňijisi boldy
Gazagystanyň wekili, dünýäniň bäşinji raketkasy Ýelena Rybakina möwsümiň ilkinji «Uly tuwulga» ýaryşy bolan Australian Open-iň ýeňijisi boldy. Final duşuşygynda 26 ýaşly Rybakina dünýäniň birinji raketkasy, 27 ýaşly belarusly Arina Sobolenkony 6:4, 4:6, 6:4 hasabynda utdy
31.01.2026 22:40
5k+
Niderlandlaryň Kümüş muzeýi talandy
Niderlandlaryň Dusburg şäherindäki Kümüş muzeýi näbelli kişiler tarapyndan talandy. Jenaýatçylar umumy bahasy on müňlerçe ýewro barabar bolan 300-den gowrak gymmatly kümüş eksponatlary ogurladylar. Muzeýiň müdiriýetiniň başlygy Ernst Busweldiniň habar bermegine görä, ogurlyk gije bolup geçipdir
31.01.2026 22:23
3.5k+
Hemmäň ünsi smartfonda: Hytaýda telewizorlaryň satuwy soňky 10 ýylyň iň pes derejesine düşdi
AVC seljeriş kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda Hytaýda 27,63 million sany reňkli telewizor satyldy. Bu görkeziji 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende 10,4% az bolup, soňky on ýylyň dowamyndaky iň pes netijedir
31.01.2026 22:19
2.8k+
12 ýylda iň iri şertnama: Apple 2 milliard dollara ysraýylly Q.AI startapy satyn aldy
Apple kompaniýasy audio maglumatlary işläp taýýarlamak üçin emeli aň tehnologiýalaryny döredýän Ysraýylyň Q.AI startapyny satyn alandygyny yglan etdi. Financial Times neşiriniň habar bermegine görä, kompaniýanyň resmi metbugat beýanatyny çap etmändigi sebäpli şertnamanyň jikme-jiklikleri entek nämälimligine galýar
31.01.2026 20:10
4.7k+
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy Kataryň Atçylyk federasiýasy bilen ähtnama gol çekdi
2026-njy ýylyň 29-31-nji ýanwary aralygynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň wekiliýetiniň Katar Döwletine amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Kataryň Atçylyk federasiýasy bilen özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi
31.01.2026 19:26
17k+
Sisiliýadaky şäher ýeriň opurylmagy sebäpli uçudyň gyrasynda galdy
Sisiliýanyň Kaltanissetta kommunasyndaky Nişemi şäheriniň häkimiýetleri ýer süýşgüni sebäpli 1,5 müňe golaý ýaşaýjyny gyssagly ewakuasiýa etdi. Bu tebigy hadysa sebäpli şäheriň taryhy merkezi ýumrulyp biler diýip, The Guardian gazeti habar berýär
31.01.2026 18:36
2.8k+
ABŞ-nyň Milli film sanawyna «Başlangyç», «Truman şüweleňi» we ýene 23 film goşuldy
ABŞ-nyň Milli film sanawyna 25 sany täze kinofilm goşuldy diýip, Variety neşiri habar berýär. Bu sanaw her ýyl täzelenip, oňa medeni, taryhy ýa-da estetiki ähmiýeti bolan, azyndan 10 ýyl mundan ozal düşürilen filmler girizilýär
31.01.2026 18:36
1.7k+
Taryhy rekord: Apple bir çärýekde 143,8 milliard dollar girdeji aldy
Apple kompaniýasy 2025-nji ýylyň 27-nji dekabrynda tamamlanan täze maliýe ýylynyň birinji çärýeginiň netijeleri boýunça 143,8 milliard dollar girdeji gazanyp, öz taryhynda rekord goýdy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 16% köpdür we seljerijileriň çaklamalaryndan has ýokarydyr
31.01.2026 18:17
1.2k+
OpenAI 13-nji fewraldan başlap GPT-4o we beýleki köne modellerini öçürer
13-nji fewraldan başlap OpenAI kompaniýasy ChatGPT interfeýsinden könelen emeli aň modellerini aýyrýar. Ulanyşdan aýryljak modelleriň hatarynda GPT-4o, GPT-4.1, GPT-4.1 mini we OpenAI o4-mini bar. Işläp düzüji mundan beýläk ähli ünsüni GPT-5 seriýasynyň häzirki zaman wersiýalaryna, hususan-da, ulanyjylaryň aglaba böleginiň makullaýan GPT-5
31.01.2026 18:16
2.6k+
Türkmenistanyň bilim ulgamynyň wekilleri Kembrije okuw saparyny amala aşyrdy
25-31-nji ýanwar aralygynda Türkmenistanyň bilim ulgamynyň wekilleri Angliýanyň Kembrij şäherine okuw saparyny amala aşyryp, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçy işgärleri üçin niýetlenen hünär kämilleşdiriş okuwlaryna gatnaşdy
31.01.2026 18:12
2.9k+
D. Azady adyndaky TMDDI ýokary synp okuwçylary üçin dil olimpiadalaryny geçirer
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty Türkmenistanyň orta umumybilim berýän mekdepleriniň ýokary synp okuwçylary üçin dil olimpiadalaryna gatnaşmak barada arzalaryň kabul edilip başlanandygyny yglan etdi
31.01.2026 18:11
3.9k+
Mars gijesiniň seýrek suraty: Curiosity emeli yşyklandyryşda surat düşürdi
Marsyň üstüni öwrenýän "Curiosity" apparaty "gyzyl" planetanyň gijeki görnüşiniň seýrek suratyny almagy başardy. Bu surat 2025-nji ýylyň 6-njy dekabrynda, apparatyň Marsdaky işiniň 4740-njy gününde düşürildi
31.01.2026 18:06
2.2k+
«Ýaş tebigatçy» we «Watan» gazeti döredijilik bäsleşigini yglan etdi
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy «Watan» gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli «Bagy-bossan Watanym!» atly döredijilik bäsleşigini yglan etdi. Bäsleşik
31.01.2026 17:47
8.6k+
Coca-Cola-nyň ak aýysy «dönüklik edip», Pepsi-niň tarapyna geçdi
Onýyllyklaryň dowamynda Coca-Cola markasy bilen baglanyşdyrylan ak aýy garaşylmadyk ýagdaýda tarapyny üýtgetdi we Pepsi-niň täze mahabatynyň baş gahrymanyna öwrüldi. Pepsi kompaniýasy Superboul-2026 üçin «Saýlaw» (The Choice) atly wideoşekilli mahabatyny çykardy
31.01.2026 17:28
8.6k+
Bir oýunçy birgiden topardan gymmat: CIES futbol akademiýalarynyň uçurymlaryna baha berdi
CIES Football Observatory guramasy professional futbol klublarynyň akademiýalarynyň netijelilik reýtingini çap etdi. Bu sanaw klublaryň terbiýäp ýetişdiren oýunçylarynyň umumy transfer bahasyna we olaryň professional futboldaky sanyna esaslanýar
31.01.2026 17:10
5.3k+
ABŞ-da «Melaniýa» dokumental filmi çykdy: premýera Trampyň administrasiýasynyň wekilleri gatnaşdy
Donald Trampyň administrasiýasynyň ýokary wezipeli wekilleri penşenbe güni Waşingtondaky Kennedi merkezinde geçirilen «Melaniýa» dokumental filminiň premýerasyna gatnaşdy. Umumy býujeti 75 mln dollar bolan bu film Amazon MGM Studios tarapyndan maliýeleşdirildi
31.01.2026 16:33
2.9k+
ESA iň täze howa hemrasyndan alnan ilkinji suratlary görkezdi
Brýusselde geçirilen Ýewropa kosmos maslahatynda Meteosat hemrasynyň üçünji nesline degişli bolan MTG-S (Sounder) hemrasyndan alnan ilkinji suratlar jemgyýetçilige hödürlendi. Bu suratlar missiýanyň atmosferanyň temperaturasy we çyglylygy baradaky maglumatlary ýygnamak ukybyny subut edýär
31.01.2026 16:16
7.4k+
Iň datly tagamlary bolan ýurtlaryň sanawy bilen tanyş boluň
World Population Review portaly ýylyň netijeleri boýunça dünýä ýurtlarynyň iň lezzetli we iň datsyz milli aşhanalarynyň reýtingini çap etdi. Bu gezek datly tagamyň muşdaklarynyň sanawynda Gresiýa birinji orna çykdy
31.01.2026 15:26
3.5k+
Paleontologlar 512 million ýyllyk deňiz ekoulgamyny tapdy
Hytaýyň Hunan welaýatynda 512 million ýyl taryhy bolan, şonda-da gowy saklanyp galan deňiz ekoulgamynyň galyndylary tapyldy diýip, New Scientist neşiri habar berýär. Bu tapyndy Ýer ýüzüniň taryhyndaky ilkinji köpçülikleýin gyrylmadan soň haýwanat dünýäsiniň ýagdaýyny jikme-jik seljermäge mümkinçilik berýär
31.01.2026 14:47
2.7k+
Waşingtonyň milli muzeýi Hindistana degişli gadymy heýkelleri yzyna gaýtarar
Waşingtondaky Aziýa sungatynyň milli muzeýi Hindistandan bikanun alnyp gaýdylan üç sany gadymy heýkeli yzyna gaýtarar. Bu barada muzeýiň metbugat gullugy habar berdi. Gürrüň Hindistanyň günortasyndaky ybadathanalarda saklanylan X, XII we XVI asyrlara degişli heýkeller barada gidýär
31.01.2026 14:33
7.8k+
Ilon Maskyň üç kompaniýasynyň birleşmek mümkinçiligi maslahatlaşylýar
SpaceX kompaniýasy Ilon Maskyň beýleki kompaniýalary bolan xAI ýa-da Tesla bilen birleşmek mümkinçiligini maslahatlaşýar diýip, Reuters agentligi habar berýär. Gepleşikler şu ýyla meýilleşdirilen paýnamalaryň ilkinji gezek köpçülige hödürlenmegine (IPO) taýýarlyk görülýän wagty geçirilýär
31.01.2026 14:04
2.1k+
«Oskar» dabarasynda diňe iki aýdym janly ýerine ýetiriler
15-nji martda geçiriljek «Oskar» baýragynyň gowşurylyş dabarasynda «Iň oňat özboluşly aýdym» ugry boýunça dalaşgär görkezilen bäş aýdymyň diňe ikisi janly görnüşde ýerine ýetiriler. Bu barada Variety neşiri Kinematografiýa sungatlary we ylymlary akademiýasynyň hatyna salgylanyp habar berýär
31.01.2026 13:40
2.6k+
Tesla ilkinji gezek ýyllyk girdejisiniň peselendigini hasaba aldy
2025-nji ýylda Tesla kompaniýasy öz taryhynda ilkinji gezek umumy ýyllyk girdejisiniň 3% peselendigini hasaba aldy — öndürijiniň çärýekleýin hasabat resminamalaryna görä, ol 94,8 mlrd dollara barabar boldy. Awtomobil segmentindäki oňyn däl dinamikanyň (girdejiler 10% peselip, 69,5 mlrd dollara düşdi) energetika ugrunyň we hyzmatlar edarasynyň görkezijileriniň ösmegi netijesinde bölekleýin öwezi dolundy
«
1
…
111
112
113
…
1118
»
«
1
…
108
109
110
111
112
113
114
115
116
…
1118
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.