Türkmenistanyň Prezidenti 11-12-13-nji dekabry iş güni däl diýip yglan etdi
06.12.2025 00:07
26k+

Türkmenistanyň Prezidenti 11-12-13-nji dekabry iş güni däl diýip yglan etdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow 2025-nji ýylyň 11 – 12 - 13-nji dekabryny iş güni däl diýlip yglan etdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, döwlet Baştutany bu karara Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk
Malaýziýa 11 ýyl mundan ozal ýiten Boeing uçarynyň gözlegine gaýtadan başlaýar
05.12.2025 18:06
13k+

Malaýziýa 11 ýyl mundan ozal ýiten Boeing uçarynyň gözlegine gaýtadan başlaýar

Malaýziýanyň hökümeti 11 ýyldan gowrak ozal ýiten Malaysia Airlines uçaryny gözlemek işini gaýtadan dikeltmek kararyna geldi. Gözleg işleri şu ýylyň 30-njy dekabrynda başlar. Bu barada ýurduň Ulag ministrligine salgylanyp, The Guardian neşiri habar berýär
20-nji dekabrda Tokioda «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» formatynda birinji sammit geçiriler
05.12.2025 17:52
4.1k+

20-nji dekabrda Tokioda «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» formatynda birinji sammit geçiriler

20-nji dekabrda Tokio şäherinde döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» sammiti geçiriler. Bu barada «Ýaponiýa — Merkezi Aziýa» Dostluk ligasynyň umumy ýygnagynda mälim edildi diýip, Kyodo News neşiri habar berýär
Germaniýanyň Geýdelberg klinikasynyň professory türkmen lukmanlary bilen tejribe alyşýar
05.12.2025 17:46
4.9k+

Germaniýanyň Geýdelberg klinikasynyň professory türkmen lukmanlary bilen tejribe alyşýar

Germaniýanyň Geýdelberg uniwersitet klinikasynyň professory Arianeb Mehrabi türkmen kärdeşleri bilen tejribe alyşmak üçin Türkmenistanda iş saparynda bolýar. Dünýä belli klinikanyň lukmany Arkadag şäheriniň köpugurly hassahanasyna baryp gördi we ol ýerde böwregi transplantasiýa edilen näsaglary lukmançylyk barlagyndan geçirdi
Türkmen döwlet gurjak teatrynda «Maugli» spektakly görkeziler
05.12.2025 17:42
3.4k+

Türkmen döwlet gurjak teatrynda «Maugli» spektakly görkeziler

Türkmen döwlet gurjak teatrynda «Maugli» spektaklynyň premýerasy taýýarlanylýar – ol 12-nji dekabrda görkeziler. Bu sahna oýny iňlis ýazyjysy Redýard Kiplingiň adybir eseriniň esasynda goýuldy. Spektakl tomaşaçylara dünýäniň nusgawy eserleriniň teatr hepdeliginiň çäginde görkeziler
Tarantino “Billiň kastynda” filminiň animasion prikwelini surata düşürmegi meýilleşdirýär
05.12.2025 17:28
3.3k+

Tarantino “Billiň kastynda” filminiň animasion prikwelini surata düşürmegi meýilleşdirýär

Režissýor Kwentin Tarantino “Billiň kastynda” («Убить Билла») dulogiýasynyň baş gahrymanynyň animasiýalaşdyrylan gelip çykyşyny döretmek we "Billiň nädip Bill bolandygyny" açmak isleýändigini aýtdy. Ol bu barada Los-Anjelesde geçen “Ýukiniň ar alşy” («Месть Юки») atly gysga metražly filminiň ýörite görkezilişinde aýtdy diýip, Entertainment Weekly habar berýär
Toyota Corolla 2026 Ýewropada täze ýalpyldysyz Onyx Grey reňkine eýe boldy
05.12.2025 17:02
8.2k+

Toyota Corolla 2026 Ýewropada täze ýalpyldysyz Onyx Grey reňkine eýe boldy

Toyota Ýewropa bazary üçin Corolla modeliniň täzelenendigi barada habar berdi. Esasy täzelik bu model üçin ilkinji gezek ulanylan ýalpyldysyz Onyx Grey lak-boýag örtügi boldy. Bu reňk GR SPORT hetçbegi we Touring Sports uniwersaly üçin elýeterli bolar
Aleksandr Usik garşydaş hökmünde Deonteý Uaýlderi saýlady
05.12.2025 16:56
10k+

Aleksandr Usik garşydaş hökmünde Deonteý Uaýlderi saýlady

Dünýäniň iň güýçli agyr agramly söweşijisi Aleksandr Usik indiki söweş üçin esasy garşydaşyň amerikaly Deonteý Uaýlder hasaplanýandygyny aýtdy. Bu barada ol Bangkokda geçirilen Bütindünýä boks geňeşiniň (WBC) konwensiýasy mahalynda mälim etdi
Apple-iň esasy interfeýs dizaýneri Meta kompaniýasyna geçýär
05.12.2025 16:50
2k+

Apple-iň esasy interfeýs dizaýneri Meta kompaniýasyna geçýär

Apple-iň interfeýs dizaýny boýunça wise-prezidenti Alan Daý 31-nji dekabrda Meta kompaniýasyna işe geçer. Bu barada Bloomberg agentligi habar berdi. Soňra maglumaty Apple-iň wekili tassyklady. Meta-da Alan Daý dizaýn boýunça direktor wezipesini eýelär
UFC 323-de iki çempionlyk söweşi geçiriler: Dwalişwili – Ýan we Pantoža – Wan
05.12.2025 16:42
11k+

UFC 323-de iki çempionlyk söweşi geçiriler: Dwalişwili – Ýan we Pantoža – Wan

7-nji dekabrda ABŞ-nyň Las-Wegas şäherinde şu ýylyň jemleýji ýaryşy UFC 323 geçiriler we onuň çäginde iki titul söweşi bolar. Agşamyň esasy wakasynda has ýeňil agramda çempion Merab Dwalişwili (Gruziýa) 2025-nji ýylda eýýäm dördünji titul goragyny geçirer
“Juda geň işleriň” 5-nji möwsümi iňlis dilindäki seriallaryň arasynda Netflix-iň rekordyny goýdy
05.12.2025 12:00
3.6k+

“Juda geň işleriň” 5-nji möwsümi iňlis dilindäki seriallaryň arasynda Netflix-iň rekordyny goýdy

“Juda geň işleriň” (Stranger Things) bäşinji möwsümi Netflix-de iňlis dilindäki seriallaryň arasynda täze tomaşaçy rekordyny goýdy. 26-njy noýabrda çykan soňky möwsümiň ilkinji dört bölümine bir hepdäniň içinde 59,6 million gezek tomaşa edildi diýip, Deadline neşiri ýazýar
Runway “kinematografik hildäki” HD wideo generatoryny görkezdi: ol şolbada Veo 3 we Sora 2 Pro-den geçdi
05.12.2025 11:54
3.1k+

Runway “kinematografik hildäki” HD wideo generatoryny görkezdi: ol şolbada Veo 3 we Sora 2 Pro-den geçdi

Runway emeli aň tarapyndan döredilen wideolaryň hakykata golaýlygyny täze derejä çykarýan Gen 4.5 modelini hödürledi. Bu barada The Verge neşiri habar berýär. Täze generator dessine "Artificial Analysis"-iň "Video Arena" atly, tekst beýanyndan wideo döretmäge niýetlenen EA modelleriniň reýtinginde Google Veo 3 we OpenAI Sora 2 Pro ýaly esasy bäsdeşlerinden öňe geçip, birinji orny eýeledi
Formula 1-iň Mercedes topary PepsiCo bilen hyzmatdaşlyk etjekdigini yglan etdi
05.12.2025 11:47
1.5k+

Formula 1-iň Mercedes topary PepsiCo bilen hyzmatdaşlyk etjekdigini yglan etdi

Formula 1-iň Mercedes topary Amerikanyň transmilli korporasiýasy bolan PepsiCo bilen şertnama baglaşandygyny yglan etdi. Hyzmatdaşlyk korporasiýanyň üç brendi: Gatorade, Sting we Doritos bilen amala aşyrylar. Mercedes
BYD batareýadaky kemçiligi sebäpli 90 müň töweregi gibridlerini yzyna gaýtarýar
05.12.2025 11:42
4.3k+

BYD batareýadaky kemçiligi sebäpli 90 müň töweregi gibridlerini yzyna gaýtarýar

Hytaýyň BYD awtoulag konserni programma üpjünçiligini täzelemek üçin Hytaýda 90 000 töweregi gibrid ulagyň yzyna çagyrylandygyny habar berdi. Bu kompaniýanyň soňky iki aýyň dowamyndaky ikinji gezek yzyna çagyryşydyr
Londonly suratkeş şäher ilaty bilen geçirilen audio söhbetdeşlikleri maglumat merkeziniň öň tarapyny bezeýän nagşa öwürdi
05.12.2025 11:36
2.8k+

Londonly suratkeş şäher ilaty bilen geçirilen audio söhbetdeşlikleri maglumat merkeziniň öň tarapyny bezeýän nagşa öwürdi

Suratkeş Rafael El Baz Londonyň bir etrabynyň ýaşaýjylary bilen geçirilen söhbetdeşlikleri täze maglumat merkeziniň (data-center) öň tarapyny bezeýän uly göwrümli nagşa öwürdi. Bu barada Bi-bi-si habar berýär. El Baz Park-Roýal sebitindäki daş-töweregiň seslerini, şeýle hem ýerli ýaşaýjylar we telekeçiler bilen bolan 120 audio söhbetdeşligi ýazga aldy
Samsung 20 ýyl bäri telewizor bazarynda öňde barýar, ýöne TCL, Hisense we Xiaomi hem tijenýär
05.12.2025 11:31
5.8k+

Samsung 20 ýyl bäri telewizor bazarynda öňde barýar, ýöne TCL, Hisense we Xiaomi hem tijenýär

Samsung Electronics, hytaýly bäsdeşleriniň artýan basyşyna garamazdan, yzygiderli 20 ýyl bäri iň iri telewizor öndüriji bolmagynda galýar. Günorta Koreýanyň tehnologiýa ägirdi 2025-nji ýylyň üçünji çärýeginde iberiş mukdary we teleýaýlym bazaryndaky girdeji paýy boýunça birinji orny eýeledi, ol girdeji bir ýyl öňki 28,6%-den ýokarlanyp, 29,0% -e ýetdi
Türkmenistanyň ilçisi BAE-niň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy
05.12.2025 11:16
5.5k+

Türkmenistanyň ilçisi BAE-niň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy

1-nji dekabrda Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki ilçisi Baýram Baýramow Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Muhammed bin Zaýed Al Nahaýýana ynanç hatlaryny gowşurdy. Dabarada Abu-Dabide ýerleşýän Kasr al Watan köşgünde geçirildi
Raşid Meredow Somaliniň daşary işler ministri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
05.12.2025 10:44
1.3k+

Raşid Meredow Somaliniň daşary işler ministri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

3-nji dekabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Somali Federatiw Respublikasynyň daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri Abdisalam Abdi Ali telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, söhbetdeşligiň çäklerinde şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna taýýarlyk meselesine aýratyn orun berildi
Rejep Taýyp Ärdogan indiki hepde döwlet sapary bilen Türkmenistana geler
05.12.2025 10:32
10k+

Rejep Taýyp Ärdogan indiki hepde döwlet sapary bilen Türkmenistana geler

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan indiki hepde Türkmenistana döwlet sapary bilen geler. Garaşylýan sapar barada Türkiýäniň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar Stambulda žurnalistler bilen duşuşykda habar berdi
“Bedew Elektronikada” Täze ýyl arzanlaşygy başlady: Android TV-ler, gazplitalar, pylesoslar...
05.12.2025 10:23
116k+

“Bedew Elektronikada” Täze ýyl arzanlaşygy başlady: Android TV-ler, gazplitalar, pylesoslar...

Täze ýylda ýakynlaryňa näme sowgat etmeli diýip oýlanýanlar üçin “Bedew Elektronika” dükany amatly teklip hödürledi. Dekabryň tutuş dowamynda dükanda Täze ýyl arzanlaşyk aksiýasy hereket edýär. Aksiýanyň barşynda Android telewizorlar, peçler, gazplitalar, et maşynlar, pylesoslar we başga-da köp sanly tehnikalary has elýeter bahadan alyp bolar
Aşgabatda awtobuslaryň gatnaw ugurlary wagtlaýyn üýtgediler
05.12.2025 09:26
12k+

Aşgabatda awtobuslaryň gatnaw ugurlary wagtlaýyn üýtgediler

Aşgabat şäheriniň köçelerinde hereket edýän awtoulaglaryň gatnaw ýygylygyny göz öňünde tutup, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň dabaraly bellenilýän günlerinde, ýagny 9-12-nji dekabr aralygynda Garaşsyzlyk, Bitarap Türkmenistan we Türkmenbaşy şaýollarynda gatnawlar wagtlaýyn çäklendiriler
Maglumat merkezlerinde emeli aň 2035-nji ýyla çenli iň uly energiýa sarp edijileriniň biri bolar
05.12.2025 09:09
4.1k+

Maglumat merkezlerinde emeli aň 2035-nji ýyla çenli iň uly energiýa sarp edijileriniň biri bolar

2035-nji ýyla çenli dünýädäki maglumat merkezleri tarapyndan elektrik energiýasynyň sarp edilişi tas üç esse ýokarlanyp, häzirki 40 gigawattdan 106 gigawatta (GWt) ýeter. Şeýle ösüş maglumat merkezleriniň uly bolmagy we emeli aň sebäpli olaryň iş ýüküniň artmagy bilen baglanyşyklydyr
Tarantino XXI asyryň iň gowy filmlerini aýtdy. Sanawyň başynda – «Gara gyrgy»
05.12.2025 09:07
3.3k+

Tarantino XXI asyryň iň gowy filmlerini aýtdy. Sanawyň başynda – «Gara gyrgy»

Režissýor Kwentin Tarantino XXI asyryň iň gowy ýigrimi filminden ybarat sanawyny hödürledi. Ol bu reýtingi bilen «The Bret Easton Ellis Podcast» podkastynda paýlaşdy. Häzirki döwrüň iň meşhur režissýorlarynyň biri özünde güýçli täsir galdyran filmleri sanap geçdi we olary saýlamagynyň sebäbini jikme-jik düşündirdi
Apple bäsdeşlerden yza galýandygy sebäpli emeli aň bölüminiň başlygyny çalyşdy
05.12.2025 08:59
5.9k+

Apple bäsdeşlerden yza galýandygy sebäpli emeli aň bölüminiň başlygyny çalyşdy

Apple korporasiýasy maşyn bilimini we emeli aňy ösdürmek boýunça strategiýany işläp taýýarlamaga jogap berýän Apple Intelligence bölümçesindäki üýtgeşmeler barada habar berdi. Muny The Guardian ýetirýär. Bölüme ýedi ýyl ýolbaşçylyk eden Jon Jannandrea işden çykaryldy
Google 2027-nji ýylda maglumat merkezlerini kosmosda gurup başlar
04.12.2025 23:54
1.6k+

Google 2027-nji ýylda maglumat merkezlerini kosmosda gurup başlar

Google eýýäm 2027-nji ýylda kosmos giňişliginde maglumat merkezleriniň gurluşygyna başlamagy meýilleşdirýär. Suncatcher atly taslama köp energiýa sarp edýän maglumat merkezlerini elektrik energiýasy bilen üpjün etmek üçin Gün energiýasyny has netijeli ulanmagy maksat edinýär diýip, Google-yň baş direktory Sundar Piçai habar berdi
«Formula-1» 2026-njy ýyl üçin sürüjileriň doly sanawyny hödürledi, «Cadillac» ilkinji gezek gatnaşar
04.12.2025 23:51
2.4k+

«Formula-1» 2026-njy ýyl üçin sürüjileriň doly sanawyny hödürledi, «Cadillac» ilkinji gezek gatnaşar

2026-njy ýyl möwsümi üçin «Formula-1-iň» toparlarynyň ählisiniň doly düzümi kesgitlendi. Geljekki çempionatda 11 topar, şol sanda täze gatnaşyjy – «Cadillac» çykyş eder. Toparlaryň düzümi 2-nji dekabrda «Red Bull» indiki möwsümde Maks Werstappeniň ýoldaşynyň Isak Hajar boljakdygyny tassyklandan soň yglan edildi
YouTube-da indi ulanyjylar gören wideolary barada ýyllyk hasabat bilen tanşyp biler
04.12.2025 23:46
2.9k+

YouTube-da indi ulanyjylar gören wideolary barada ýyllyk hasabat bilen tanşyp biler

YouTube öz taryhynda ilkinji gezek şahsylaşdyrylan ýyllyk hasabaty döretdi. Ol ulanyjynyň bir ýylyň dowamynda tomaşa eden wideolaryny görkezýär. Ozal YouTube Music-de Recap aýdym-saz statistikasy bardy, indi bolsa kontentiň ähli görnüşleri üçin umumy YouTube Recap peýda boldy
Wengriýada we Hytaýda okamak isleýän türkmen raýatlarynyň resminamalary kabul edilýär
04.12.2025 16:44
7.5k+

Wengriýada we Hytaýda okamak isleýän türkmen raýatlarynyň resminamalary kabul edilýär

1 – 15-nji dekabr aralygynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde 2026/2027-nji okuw ýyly üçin Hytaý Halk Respublikasynyň hem-de Wengriýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak isleýän Türkmenistanyň raýatlarynyň resminamalary kabul edilýär
Türkmen türgenleri dekabr aýynda Abu-Dabidäki «Gran Fondo» ýaryşyna gatnaşarlar
04.12.2025 16:29
6k+

Türkmen türgenleri dekabr aýynda Abu-Dabidäki «Gran Fondo» ýaryşyna gatnaşarlar

Welotrek boýunça Türkmenistanyň ýygyndysy 2025-nji ýylyň dekabr aýynda Abu-Dabide geçiriljek Welosport hepdeliginiň çäklerinde «Gran Fondo» weloýaryşyna gatnaşar. Bu barada Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky ilçisi Ahmet Al-Haý Al Hammadi «Neýtralnyý Türkmenistan» gazetinde çap edilen makalasynda belleýär
Magtymguly adyndaky TDU-nyň ýene bir talyby «Türki halklarynyň iň gowy talyby» halkara bäsleşiginiň ýeňijisi boldy
04.12.2025 16:24
6.5k+

Magtymguly adyndaky TDU-nyň ýene bir talyby «Türki halklarynyň iň gowy talyby» halkara bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hukuk öwreniş hünäriniň 4-nji ýyl talyby Nurýagdy Baýryýew «Türki halklarynyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy. TDU-nyň resmi saýtynda habar
Türkmenistanda pandemiýalara taýýarlyk boýunça tejribe okuwlary geçirildi
04.12.2025 16:16
7.2k+

Türkmenistanda pandemiýalara taýýarlyk boýunça tejribe okuwlary geçirildi

1-3-nji dekabr aralygynda Aşgabatda Pandemiýalaryň öňüni almak, oňa taýýarlyk, jogap bermek we soňky dikeldiş boýunça Türkmenistanyň Hereketleriň Milli meýilnamasynyň (HMM) taslamasyny jemlemäge gönükdirilen PanPRET atly okuw maslahatlary geçirildi
Wladimir Putin 12-nji dekabrda Türkmenistana geler
04.12.2025 16:01
21k+

Wladimir Putin 12-nji dekabrda Türkmenistana geler

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Prezident Serdar Berdimuhamedowyň çakylygy bilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşmak üçin Türkmenistana sapar bilen geler. Bu barada Russiýanyň döwlet Baştutanynyň kömekçisi Ýuriý Uşakow brifingde mälim etdi diýip, TASS habar berýär
Nýu-Ýorkda ýylyň iň gowy kino taslamalaryna Gotham Awards baýraklary gowşuryldy
04.12.2025 15:53
1.7k+

Nýu-Ýorkda ýylyň iň gowy kino taslamalaryna Gotham Awards baýraklary gowşuryldy

Nýu-Ýorkda geçirilen 35-nji Gotham Awards dabarasynda baýragyň laureatlary yglan edildi diýip, Variety habar berýär. Şu ýyl kino baýragynyň esasy eýesi eýranly režissýor Jafar Panahiniň «Ýönekeý bir tötänlik» dramasy boldy
Microsoft «betnyşan» switerleriň kolleksiýasyny çykardy
04.12.2025 15:46
4.6k+

Microsoft «betnyşan» switerleriň kolleksiýasyny çykardy

Microsoft bir ýyldan soň ýene Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda muşdaklary «betnyşan» switerleriň kolleksiýasy bilen begendirmek isledi. Kolleksiýa «Artifact» switeri, Zune pleýeriniň stilinde goňur switer we Xbox konsollarynyň stilinde ýaşyl switer girdi
Rolling Stone ýylyň iň gowy 20 filmini aýtdy: birinji orunda – «Bir söweşden soň beýleki»
04.12.2025 15:43
2.8k+

Rolling Stone ýylyň iň gowy 20 filmini aýtdy: birinji orunda – «Bir söweşden soň beýleki»

Abraýly Rolling Stone neşiri 2025-nji ýylda prokata çykan iň gowy 20 filmiň sanawyny hödürledi. Sanawda birinji orny režissýor Pol Tomas Andersonyň «Bir söweşden soň beýleki» (Битва за битвой) dramasy eýeledi. Filmde baş keşpleri Leonardo Di Kaprio, Şon Penn, Çeýz Infiniti, Benisio del Toro we Teýýana Teýlor ýerine ýetirdi
Alymlar yslary beýnä ultrases arkaly geçirmegi öwrendiler
04.12.2025 15:34
1.8k+

Alymlar yslary beýnä ultrases arkaly geçirmegi öwrendiler

Inženerler we barlagçylar topary ilkinji gezek ys alyş ukybyna jogap berýän merkeze gönükdirilen ultrasesiň kömegi bilen adamlarda yslary – mysal üçin, “arassa howa” ýa-da “ýanan odun” ýaly duýgulary döredip bildiler
Gurtly-Büzmeýin ugry boýunça Toyota Hiace kysymly kiçi awtobusyň gatnawy ýola goýuldy
04.12.2025 13:46
12k+

Gurtly-Büzmeýin ugry boýunça Toyota Hiace kysymly kiçi awtobusyň gatnawy ýola goýuldy

"Awtomobil Ulag Hyzmaty” Açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Aşgabat şäheriniň içindäki “Gurtly – Büzmeýin” ugry boýunça “Toyota Hiace” kysymly kiçi göwrümli awtobuslaryň hereketini ýola goýdy. Bu gatnaw ýolagçylaryň isleglerini kanagatlandyrmaga, paýtagtymyzyň degişli ýaşaýyş toplumlarynyň arasynda has amatly we yzygiderli ulag gatnawyny üpjün etmäge gönükdirilendir
Honda Aýa uçýar: kompaniýa raketalary we Aý bazalary üçin ulgamlary taýýarlaýar
04.12.2025 13:40
3.6k+

Honda Aýa uçýar: kompaniýa raketalary we Aý bazalary üçin ulgamlary taýýarlaýar

Honda kosmosy özleşdirmek boýunça meýilnamalary bilen paýlaşdy. Iýunda kompaniýa Ýaponiýanyň Hokkaýdo prefekturasyndaky poligonda uzynlygy alty metr bolan köp gezeklik raketanyň prototipiniň uçuşyny we gonuşyny üstünlikli amala aşyrdy
Hytaýly alymlar howadan suw alýan “awtobus duralgasyny” döretdiler
04.12.2025 13:39
6.6k+

Hytaýly alymlar howadan suw alýan “awtobus duralgasyny” döretdiler

Szýaotun Şanhaý uniwersitetiniň alymlary agyz suwuny gönüden-göni atmosfera howasyndan almaga mümkinçilik berýän tehnologiýany döretdi. Bu barada China Daily habar berýär. Bu tehnologiýa kondensasiýa, çyglylygy siňdirmek we ýylylyk nasosy ýaly usullary ulanýar
Paramount “Nindzýa pyşbagalar” we “Sonik” boýunça täze filmleriň çykjak senesini aýtdy
04.12.2025 13:35
2.2k+

Paramount “Nindzýa pyşbagalar” we “Sonik” boýunça täze filmleriň çykjak senesini aýtdy

Paramount studiýasy “Nindzýa pyşbagalar” we “Sonik kinoda” franşizalary boýunça täze filmleriň çykjak senesini aýtdy. Bu barada Deadline habar berýär. “Nindzýa pyşbagalar” boýunça täze film 2028-nji ýylyň 17-nji noýabrynda, “Sonik” älemi boýunça indiki doly metražly film bolsa bir aý soň, 2028-nji ýylyň 22-nji dekabrynda çykar
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.