Saýlanan şäher
27 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Habarlar
Baş sahypa
/
Habarlar
28.11.2025 12:32
3.5k+
Raşid Meredow Gambiýanyň, Angolanyň we Saud Arabystanynyň daşary işler ministrleri bilen gepleşikleri geçirdi
26-njy noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow dekabrda Aşgabatda geçiriljek Halkara forumyň guramaçylygyna degişli meseleler boýunça daşary ýurtly kärdeşleri bilen telefon arkaly söhbetdeşlikleri geçirdi
28.11.2025 12:26
8.2k+
Hazarda 2026-njy ýylda bekre balyklaryň önümçilik maksatly tutulmagyna ýol berilmezlik boýunça çözgüt kabul edildi
24–26-njy noýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Hazar deňzi institutynda Hazar deňziniň suw biologik serişdelerini gorap saklamak, rejeli peýdalanmak we olaryň bilelikdäki gorlaryny dolandyrmak baradaky toparyň 9-njy mejlisi geçirildi
28.11.2025 12:21
2.1k+
Türkmenistan Halkara Sergiler Býurosynyň Administratiw–býujet komitetiniň agzalygyna saýlandy
25-nji noýabrda Türkmenistanуň Halkara Sergiler Býurosynyň (BIE) ýanyndaky wekili, ilçi M.Çaryýew Pariž şäherinde BIE-niň Baş Assambleýasynyň 177-nji sessiýasyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler
28.11.2025 12:06
3.1k+
Gemini «Google Kartalaryň» ähli hereket režimlerinde elýeterli boldy
Google «Google Kartalarda» ýöriteleşdirilen täze nawigasiýa ulgamyny giňden ornaşdyryp başlady. Indi goşundy awtoulag, pyýada, welosiped hem-de şäher jemgyýetçilik ulag ugruny görkezýän ähli režimlerde emeli aň tehnologiýasy Gemini-ni ulanar diýip, 9to5Google ýazýar
28.11.2025 12:02
2.9k+
Chanel Şanhaýda ilkinji jemgyýetçilik kitaphanasyny açdy
Chanel Modalar öýi Şanhaýda häzirki zaman sungatyna bagyşlanan ilkinji jemgyýetçilik kitaphanasy bolan Espace Gabrielle Chanel-i açdy. Bu barada Hypebeast žurnaly habar berýär. 18 müň inedördül fut meýdany bolan bu giňişlik Power Station of Art muzeýiniň üçünji gatynda ýerleşýär we onda 50 müňden gowrak kitap hem-de audio neşir bar
28.11.2025 11:55
5.8k+
1609-njy ýylyň ispan altyn teňňesi auksionda rekord mukdara satyldy
1609-njy ýylda Ispaniýanyň patyşasy Filipp III üçin zikgelenen ispan altyn teňňesi Şweýsariýadaky auksionda rekord 3,49 mln dollara satyldy. Ol Ýewropada iň gymmat satylan teňňe boldy diýip, Reuters ýazýar. Onuň başlangyç bahasy 2,46 mln dollardy
28.11.2025 11:48
1.4k+
Google Android üçin Chrome-a wkladkalary berkitmek funksiýasyny goşdy
Google kompaniýasy Android üçin Chrome mobil brauzerinde wkladkalary berkitmek funksiýasyny synagdan geçirmäge başlady. Möhüm wkladkalary tötänleýin ýapmagy kynlaşdyrýan bu mümkinçilik, Chrome Canary-iň ilkinji synag gurluşynda eýýäm standart görnüşde elýeterlidir
28.11.2025 11:42
2.7k+
Amazon ilkinji müşderiler üçin öz hemra internetine elýeterliligi açdy
Amazon ilkinji korporatiw müşderiler üçin öz Amazon Leo (öň Project Kuiper) hemra internetine çäkli elýeterliligi berdi. Bu barada kompaniýanyň saýtynda habar berilýär. Şol bir wagtyň özünde internet ägirdi Amazon Leo Ultra hemra antennasyny hödürledi
28.11.2025 11:39
6.4k+
Variety ähli döwrüň iň gülkünç 100 komediýasyny saýlady
Variety žurnaly ähli döwrüň iň gowy 100 komediýasynyň reýtingini hödürledi. Žurnalistler sanaw düzülende filmiň klassyk bolmagyna täsir edýän faktorlary göz öňünde tutmaga çalyşdy, ýöne esasy görkeziji filmiň näderejede gülkünçdigi boldy
28.11.2025 11:33
5.7k+
Madagaskaryň lemurlary tagamly nygmatlary söýüjiler sebäpli ýok bolmak howpy astyna düşdi
Madagaskarda lemurlar olaryň etini satyn alýan barly adamlar sebäpli ýok bolup gitmek howpy astyna düşdi. Barlagçylar bu haýwanlaryň şäherde satylyşyny dört ýyllap öwrendiler we ýurduň 17 şäherinde 10 müňden gowrak lemuryň gymmat tagamlar hökmünde satylandygyny anykladylar diýip, The New York Times gazeti ýazýar
28.11.2025 11:28
1.5k+
OpenAI öz emeli aňy oturdylan enjamlarynyň ilkinji nusgalaryny döretdi
OpenAI kompaniýasy özüniň emeli aň bilen işleýän enjamlarynyň ilkinji prototiplerini taýýarlady. Bu barada kompaniýanyň baş direktory Sem Altman Apple-iň öňki baş dizaýneri Joni Aýw we Apple-iň merhum baş direktory Stiw Jobsuň aýaly Loren Pauell Jobs bilen söhbetdeşlikde mälim etdi diýip, CNBC habar berýär
28.11.2025 11:22
1k+
Far Cry oýun franşizasy esasynda teleserial surata düşüriler
FX teleýaýlymy meşhur Far Cry oýun seriýasy esasynda resmi taýdan teleserial surata düşürmäge girişdi diýip, Deadline habar berýär. Taslama üçin Noý Houli ("Fargo") bilen Rob Mak ("Filadelfiýa mydama güneşli" / «В Филадельфии всегда солнечно») jogapkär bellenildi
28.11.2025 11:16
2.8k+
Xiaomi elektromobillerine howply ýagdaýlarda päsgelçiliklerden aýlanyp geçmegi öwretdi
Xiaomi hytaý kompaniýasy elektrik awtoulaglaryna adaty tormoz tutma ýeterlik bolmadyk ýagdaýda ulagyň päsgelçiliklerden awtomatiki usulda aýlanyp geçmegine mümkinçilik berýän funksiýany goşdy. Öň ýokary tizlikde şeýle hereketi etmeklik hemme awtomatlaşdyrylan ulgamlara ynanylyp durlanokdy, ýöne Xiaomi bu çözgüdi seriýalaýyn çykarylýan awtoulaglara ornaşdyrmagy hödürlän ilkinji kompaniýalaryň biri boldy
28.11.2025 11:10
4k+
Xbox aýakda: Microsoft oýun konsolynyň äheňinde krokslary çykardy
Microsoft kompaniýasy Xbox 360-yň 20 ýyllygy mynasybetli ýönekeý we ýeňil plastik aýakgaplaryň – krokslaryň çäkli sanyny çykardy. Olar konsolyň özboluşly reňklerini öz içine alýar we kontrollýoryň düwmelerine we joýstiklerine meňzeş elementler bilen bezelen
28.11.2025 11:03
2.7k+
Apple-iň döredilmegi baradaky hakyky şertnama auksionda satylar, ol $4 mln diýlip bahalandyrylýar
1976-njy ýylda Apple Computer Company kompaniýasynyň döredilmegine getiren hakyky esaslandyryjy şertnama auksiona çykarylar. Resminama 4 mln dollar töweregi mukdara satylar diýlip garaşylýar. Christie's auksion öýi ony 2026-njy ýylyň 23-nji ýanwarynda satuwa çykarar
28.11.2025 11:01
1.4k+
Jorj Kluni kino sungatyna goşan goşandy üçin Çarli Çaplin baýragyny alar
Aktýor Jorj Kluni kino sungatynyň ösüşine uly goşant goşandygy üçin her ýyl berilýän 51-nji Çarli Çaplin baýragynyň eýesi bolar. Dabara 2026-njy ýylyň 27-nji aprelinde Linkoln merkezinde geçiriler diýip, Variety ýazýar
28.11.2025 11:00
2.1k+
HP-de 6000 işgär emeli aňyň ornaşdyrylmagy sebäpli işini ýitirer
HP kompaniýasy işleri has netijeli etmek we emeli aňy ornaşdyrmak boýunça meýilnamanyň çäklerinde 2028-nji maliýe ýylyna çenli tutuş dünýä boýunça 4000-den 6000-e çenli iş ornuny azaltmagy meýilleşdirýär. Bu barada kompaniýanyň habarynda aýdylýar
28.11.2025 10:58
4k+
Disney-iň inženerleri “Doňan ýürekden” Olafyň robotyny döretdi
Walt Disney Imagineering kompaniýasynyň inženerleri “Doňan ýürek” (Холодное сердце) animasion filminiň gahrymany Olafyň robotyny hödürledi. Ol multfilmdäki prototipi ýaly görünýär, hereket edýär we gürleýär diýip, Disney-iň metbugat gullugy habar berdi
28.11.2025 10:26
5.7k+
Türkmenistan bilen Gazagystan Temirbaba we Bekdaş aralygynda ýerasty optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny gurar
Astana şäherinde Türkmenistanyň aragatnaşyk ministri Hajymyrat Hudaýgulyýew bilen Gazagystanyň Premýer-ministriniň orunbasary – emeli aň we sanly ösüş ministri Žaslan Madiýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Duşuşyk Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana döwlet saparynyň çäklerinde boldy
28.11.2025 10:19
2.8k+
Türkmenistan we Gazagystan oba hojalyk önümleri üçin «ýaşyl geçelge» döretmegi maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň wise-premýeri Hojamyrat Geldimyradow Astana şäherinde Gazagystanyň Premýer-ministriniň orunbasary – milli ykdysadyýet ministri Serik Žumangarin bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar oba hojalyk önümleri üçin «ýaşyl geçelge» döretmek we täze logistika taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar
28.11.2025 10:13
2.1k+
Türkmenistanyň wekiliýeti Dubaýdaky «Big 5 Global 2025» gurluşyk sergisine gatnaşýar
Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministri A.Geldiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Dubaýda geçirilýän «Big 5 Global 2025» atly halkara sergisine gatnaşýar. Pudagyň wekilleri serginiň resmi açylyş dabarasyna we Global Leaders' Summit atly umumy mejlise gatnaşdylar
28.11.2025 10:04
2.8k+
Türkmenistanyň ilçisi Ýaponiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy
25-nji noýabrda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi Atadurdy Baýramow Ýaponiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Eri Arfiýa bilen duşuşdy. Bu barada Ýaponiýanyň daşary syýasat edarasynyň web sahypasynda habar berildi
28.11.2025 09:58
16k+
Serdar Berdimuhamedow Gonkongda bolup geçen ýangyn zerarly Si Szinpine gynanç bildirdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine Gonkong ýörite dolandyryş sebitindäki ýaşaýyş toplumynda bolup geçen ýangynyň köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi
28.11.2025 09:42
2.2k+
Hokusaýyň “Uly tolkun” grawýura eseriniň irki kagyz nusgasy 2,8 mln dollara satyldy
Kasusika Hokusaýyň “Kanagawanyň kenarlaryndaky uly tolkun” grawýura eseriniň irki kagyz nusgalarynyň biri Gonkongdaky Sotheby’s auksionynda 2,8 mln dollara satyldy. Bu mukdar 0,6 – 1 mln dollar bolan başlangyç bahadan ep-esli ýokarydyr
27.11.2025 23:29
2.8k+
LG Electronics ýolbaşçy düzüminiň üýtgeşmelerini yglan etdi
Günorta Koreýanyň LG Electronics kompaniýasy ýolbaşçy düzüminde uly üýtgeşmeleriň bolandygyny, şol sanda täze baş direktoryň bellenendigini mälim etdi. 1-nji dekabrdan başlap, bu wezipäni häzirki wagtda LG-niň Öý Tehnikasy we Çözgütleri bölümine ýolbaşçylyk edýän hem-de kompaniýanyň maglumatyna görä, amallaryň durnukly ösüşine ýeten Rýu Çže-çhol eýelär
27.11.2025 23:20
6.7k+
Google-yň egindeş esaslandyryjysy Sergeý Brin dünýäniň iň baý adamlarynyň üçlügine girdi
Google kompaniýasyny esaslandyryjylaryň biri bolan Sergeý Brin 245 mlrd dollar baýlygy bilen dünýäniň iň baý adamlarynyň ilkinji üçlügine girdi. Forbes neşiriniň hasaplamalary boýunça, ol Oracle-yň egindeş esaslandyryjysy Larri Ellisondan öňe geçdi
27.11.2025 23:12
4k+
Puma-nyň paýnamalary kompaniýanyň satylyp bilinjekdigi baradaky habardan soň 17% ýokarlandy
Puma-nyň paýnamalary kompaniýanyň Hytaýyň sport aýakgaplaryny, egin-eşikleri we esbaplary öndürijisi Anta Sport tarapyndan satyn alnyp bilinjekdigi baradaky habardan soň ýokarlandy. Mümkin bolan şertnama baradaky maglumat 27-nji noýabrda Frankfurt-na-Maýndaky XETRA biržasynda paýnamalaryň 17,4% ýokarlanyp, iň ýokary derejesinde 19,965 ýewro ýetmegine getirdi
27.11.2025 15:52
16k+
Täze açylan “Dost Elektronika” dükany öý hojalyk tehnikalaryna arzanlaşyk yglan etdi we peç sowgat berýär
Aşgabatda “Gurtly” ýaşaýyş toplumynda ýerleşýän “DOST ELEKTRONIKA” dükany dürli brendleriň hojalyk tehnikalaryny amatly bahadan hödürleýär we 1-nji ýanwara çenli harytlaryna 20% arzanlaşyk yglen etdi. Şeýle hem dükandan 2 zat alan müşderä 1 peç sowgat berilýär
27.11.2025 15:51
5.3k+
Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçisi Gwangju şäherinde serginiň açylyşyna gatnaşdy
25-nji noýabrda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçisi B.Durdyýew Koreýa Respublikasynyň Aziýa medeniýetiniň milli merkeziniň 10 ýyllygy mynasybetli Gwangju şäherinde geçirilen “Ýüpek ýolunyň ugrundaky çarwa halklar” atly serginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy
27.11.2025 15:45
2.5k+
Türkmenistanyň we Gazagystanyň oba hojalyk toplumynyň haryt dolanyşygy 37,5% artdy
Türkmenistanyň we Gazagystanyň arasyndaky oba hojalyk toplumynyň haryt dolanyşygy dokuz aýda $103 million dollara ýetdi. Ösüş 37,5% boldy diýip, Orient Gazagystanyň Oba hojalygy ministrliginiň maglumatlaryna salgylanyp habar berýär
27.11.2025 15:26
1.4k+
Maşatda YHG-nyň “ECO Heritage” žurnalynyň Türkmenistana bagyşlanan ýörite sany tanyşdyryldy
Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Baş konsullygynda (Maşat şähri) Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna we Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp, brifing geçirildi. Baş konsullykda habar
27.11.2025 14:58
9.1k+
“Akgaýa” söwda merkezinden ähli harytlaryny 36 aý garaşaryna satyn alyp bolýar
Türkmenistandaky iň iri gurluşyk we hojalyk harytlarynyň söwda merkezler toplumy bolan “Akgaýa” harytlaryny 36 aý garaşaryna berip başlady. Söwda merkezinde gurluşyk harytlary, elektrik enjamlary, santehniki enjamlar, çyralar, gurallar, gapylar, mebeller, hojalyk tehnikalary, boýaglar, sport enjamlary, ownuk şaýlary, dekor we bakja enjamlary, pol we plitka örtükleri bar
27.11.2025 13:28
7.4k+
Gresiýadaky Olimpiýada 2026-njy ýylyň Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň alawy ýakyldy
Gresiýanyň gadymy Olimpiýa şäherinde 2026-njy ýylyň Gyşky oýunlarynyň öňüsyrasynda Olimpiýa alawyny ýakmak dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylyň Olimpiýa oýunlary 6-njy fewraldan 22-nji fewrala çenli Milanda we Kortina-d'Ampessoda (Cortina d'Ampezzo) geçiriler
27.11.2025 13:17
4.6k+
NASA-nyň ESCAPADE Mars zondundan düşürilen ilkinji suratlary çap edildi
NASA Marsa tarap barýan ESCAPADE zondundan alnan ilkinji suratlary hödürledi. Suratlar apparatyň kadaly işleýändigini we öz işlerini ýerine ýetirmäge taýýardygyny tassyklaýar. ESCAPADE missiýasy 14-nji noýabrda Blue Origin kompaniýasynyň New Glenn super agyr raketasynyň kömegi bilen badalga aldy
27.11.2025 12:45
12k+
Çempionlar ligasy: “Arsenal” “Bawariýany” utdy, Mbappe poker etdi we beýleki garaşylmadyk netijeler
UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň bäşinji tapgyrynyň jemleýji oýunlary ýokary netijeliligi görkezdi – oýun gününiň dokuz oýnunda futbolçylar jemi 42 gol geçirdi. Tapgyryň merkezi oýnunda “Arsenal” Mýunheniň “Bawariýasyny” 3:1 hasabynda utdy
27.11.2025 12:41
3.4k+
Türkmenistan Adwokatlaryň Milli hünär assosiasiýasyny döretmek ugrunda iş alyp barýar
Türkmenistanda Adwokatlaryň milli hünär assosiasiýasyny döretmek meselesi ara alnyp maslahatlaşylýar. Bu mowzuk 21-nji noýabrda Aşgabatda geçirilen we ýuridik kömek ulgamyny ösdürmäge hem-de adam hukuklaryny goramakda aklawçylaryň roluny güýçlendirmäge bagyşlanan tegelek stoluň merkezi meselesi boldy
27.11.2025 12:12
1.9k+
Jeýms Kemeron Billi Aýlişiň konsert filminiň režissýory boldy
“Awatar”, “Titanik” we “Terminator” ýaly filmleriň režissýory Jeýms Kemeron Billi Aýlişiň “Hit Me Hard and Soft” atly konsert-filminiň režissýorlarynyň biri boldy. Deadline neşiriniň ýazmagyna görä, ol bu taslamany ikinji režissýor hökmünde çykyş edýän aýdymçynyň özi bilen bilelikde alyp barýar
27.11.2025 12:09
7.1k+
Soňky 10 ýylda planetany beýlekilerden has "ýaşyl" eden ýurtlaryň sanawy düzüldi
Planetanyň "ýaşyl öýkeni" roluny ýerine ýetirýän tokaýlar kömürturşy gazyny özüne siňdirýär we kislorod çykarýar. Mundan başga-da, olar öz ekoulgamlaryny we suw aýlanyşyny döredip, müňlerçe kilometr uzaklykdaky sebitlere täsir edýärler
27.11.2025 12:03
7.1k+
Kofe içmäge baglanan ýurtlar: 2025-nji ýylyň global reýtingi
Dünýäde kofe bazary ösmegini dowam etdirýär, ýöne bu gurplandyryjy içgini sarp etmegiň endikleri sebitden sebitde juda tapawutlanýar. Mysal üçin, Demirgazyk Ýewropa döwletleri köne kofe däp-dessurlary we ýokary ýaşaýyş derejesi sebäpli, jan başyna içilen kofeniň mukdary boýunça öňdebaryjy bolmagynda galýarlar
27.11.2025 11:53
5.1k+
British Photography Awards 2025-iň emin agzalary suw jandarlarynyň iň täsirli suratlaryny görkezdiler
British Photography Awards 2025 baýragynyň emin agzalary “Suw jandarlary” kategoriýasynda ýeňiji bolanlaryň we finala çykanlaryň suratlaryny görkezdi. Saýlama suratlar suwasty jandarlaryň köpdürlüligini we tebigat bilen ýabany gurşawyň arasyndaky seýrek duş gelýän pursatlary surata düşürmegi başaran suratçylaryň döredijilikli çemeleşmesini görkezýär
«
1
…
151
152
153
…
1118
»
«
1
…
148
149
150
151
152
153
154
155
156
…
1118
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.