1609-njy ýylyň ispan altyn teňňesi auksionda rekord mukdara satyldy

28.11.2025, 06:555,810
1 / 2

1609-njy ýylda Ispaniýanyň patyşasy Filipp III üçin zikgelenen ispan altyn teňňesi Şweýsariýadaky auksionda rekord 3,49 mln dollara satyldy. Ol Ýewropada iň gymmat satylan teňňe boldy diýip, Reuters ýazýar.

Onuň başlangyç bahasy 2,46 mln dollardy. Senten teňňesi ýa-da öňki ispan pulunda 100 eskudo Segowiýa şäherinde Amerikadan getirilen altyndan zikgelendi. Onuň agramy 339 gram.
Numismatica Genevensis SA auksion öýüniň esaslandyryjysy Alen Baron teňňäniň Ýewropanyň häzirkizaman taryhynda iň uly teňňedigini belledi. Ol patyşanyň baýlygyny we güýjüni görkezmek üçin döredildi.
1950-nji ýyla çenli teňňe ýitirilen diýlip hasaplanypdy. 1960-njy ýylda ol hususy kolleksionere, 10 ýyldan soň başga birine satyldy.
Auksion öýüniň müdiri Frenk Baldaççi ýewropa teňňesi üçin öňki baha rekordynyň Ferdinand III Gabsburga degişli 100 dukatlyk teňňe tarapyndan goýlandygyny habar berdi. Ol 2,42 mln dollara satyldy. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.