Saýlanan şäher
27 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Habarlar
Baş sahypa
/
Habarlar
09.10.2025 17:22
3.1k+
Jeýms Bond baradaky filmde görkezilen meşhur Lotus Esprit ulagynyň restomody döredildi
Britaniýanyň Encor atly startap kompaniýasy (Lotus-yň we Aston Martin-iň öňki inženerleri işleýär) nusgawy Lotus Esprit kupesiniň restomod görnüşini hödürledi. Taslama modeliň 50 ýyllygyna bagyşlandy. Awtoulag Jorjetto Jujaro tarapyndan döredilen birinji nesil S1 äheňinde ýerine ýetirildi
09.10.2025 17:10
5.7k+
Alymlar bir öýi bir günläp energiýa bilen üpjün edip bilýän beton batareýasyny döretdiler
Massaçusets Tehnologiýa Institutynyň (MIT) alymlary öň işlenip düzülen elektron geçiriji uglerodly betony (ec3) kämilleşdirdiler. Bu işläp taýýarlama öýüň binýadyny ýa-da diwarlaryny energiýa saklaýan enjama öwürýär diýip, New Atlas habar berýär
09.10.2025 16:59
1.1k+
OpenAI "Sora" arkaly döredilen keşplerden girdeji gazanmaga mümkinçilik berer
Emeli aň arkaly döredilen mazmunlar bilen işlemekde awtorlyk hukugyny goramak meselesi häzirki wagtda iň maslahatlaşylýan mowzuklaryň biri bolmagynda galýar. OpenAI keşpleri döredijilere "Sora" serwisinde olaryň ulanylyşyna has köp gözegçilik hukugyny bermek meýilleri barada mälim etdi
09.10.2025 16:49
3.3k+
Türkmenistanyň Mejlisinde Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlament ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygy geçirildi
8-nji oktýabrda Türkmenistanyň Mejlisinde utgaşykly görnüşde Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlament ýolbaşçylarynyň «Parlamentara dialog — dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmegiň möhüm guraly» atly ikinji duşuşygy geçirildi
09.10.2025 16:34
2.6k+
Türkmenistanyň Döwlet sirki täzeden-täze şowhunly sirk çykyşlaryna çagyrýar
Türkmenistanyň Döwlet sirki Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny sirk tomaşasyny görmäge çagyrýar. 12-nji oktýabrda sagat 18:00-da geçiriljek çykyşlarda dürli sirk oýunlary, artistleriň täzeden-täze şowhunly
09.10.2025 16:23
1.1k+
ChatGPT indi göni çatda Spotify, Canva ýaly programmalary açyp bilýär
Her ýyl geçirilýän DevDay 2025 çäresinde OpenAI kompaniýasy ChatGPT-ni ulanyjylaryň göni çatda başga programmalary nädip işledip biljekdigini görkezdi. Häzir çat-botda Spotify, Figma, Booking.com, Expedia, Coursera, Zillow we Canva programmalary elýeterli
09.10.2025 16:19
1k+
Google programma üpjünçiliginiň gowşaklyklaryny özbaşdak düzedýän EA agentini döretdi
Google DeepMind barlaghanasy programma üpjünçiligindäki gowşaklyklary özbaşdak tapyp, düzedip bilýän CodeMender EA agentiniň iş netijelerini hödürledi. Bu barada SiliconANGLE neşiri ýazýar. Taslama DeepMind-yň howpsuzlyk bilen bagly OSS-Fuzz we Big Sleep ýaly işläp taýýarlamalarynyň yzyny dowam etdirýär
09.10.2025 16:15
4k+
Dünýäde ilkinji ekşn-kameraly nauşnik peýda boldy
Koloradodan (ABŞ) VibeLens kompaniýasy dünýäde ekşn-kameraly ilkinji nauşnigi – MusicCam-y hödürledi. Häzir gajet KickStarter-de deslapky sargyt üçin elýeterli, doly satuw 2025-nji ýylyň dekabrynda başlar. Nauşnik “süňk arkaly geçirijilik” boýunça işleýär we işjeň durmuş ýörelgesine eýerýän adamlar üçin niýetlenendir
09.10.2025 16:06
5.8k+
“Barselona” möwsümde €994 mln gazandy, şonuň diňe €2 mln-y arassa girdeji
Kataloniýanyň “Barselonasynyň” metbugat gullugy geçen möwsümiň maliýe netijeleri barada hasabat berdi. Klubuň operasion girdejileri 994 mln ýewro, arassa operasion girdeji bolsa bary-ýogy 2 mln ýewro boldy. Bellenilişi ýaly, Nike bilen hemaýatkärlik şertnamasy kluba 259 mln ýewro getirýär
09.10.2025 16:02
1.2k+
AMD-nyň paýnamalary OpenAI bilen köp milliardlyk şertnamadan soň 30% ýokarlandy
AMD-nyň (Advanced Micro Devices) paýnamalary OpenAI bilen uly şertnama baglaşylandygy belli bolandan soň 30%-den gowrak gymmatlady. Sem Altmanyň startapy çip öndürijisiniň paýnamalarynyň 10%-ine çenli satyn almak hukugyna eýe boldy we bu oňa serwislerini ösdürmek üçin hasaplaýyş güýçleriniň ýetmezçilik etmek meselesini çözmäge kömek eder
09.10.2025 15:13
6.5k+
Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa –Russiýa» Sammitine we GDA-nyň mejlisine gatnaşmak üçin Täjigistana bardy
9-njy oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa –Russiýa» ikinji Sammitine we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin, iş sapary bilen Täjigistana bardy
09.10.2025 15:01
2.9k+
Tesla “iň elýeterli” elektrokarlaryny – Model Y Standard we Model 3 Standard ulaglaryny görkezdi
7-nji oktýabrda Tesla “iň elýeterli” hasaplanýan Model Y Standard we Model 3 Standard elektrokarlaryny hödürledi. “Ýokary derejede pes baha, howpsuzlyk we Tesla-nyň size ýaraýan iň gowy funksiýalary” – diýlip, kompaniýanyň X sosial ulgamyndaky habarynda aýdylýar
09.10.2025 14:36
1.4k+
Instagram awtorlar üçin Rings baýragyny esaslandyrdy
Instagram iň batyrgaý hem özboluşly pikirli 25 awtory ykrar etjek Rings baýragyny çykarandygyny habar berdi diýip, The Hollywood Reporter habar berýär. Ýeňijiler modadan we ýüz bezeginden başlap, sport we güýmenje ýaly dürli mazmun kategoriýalaryna wekillik ederler
09.10.2025 14:30
3.4k+
Lamborghini futuristik Manifesto ulagynyň suratlaryny görkezdi
Lamborghini kompaniýasy Centro Stile dizaýn merkeziniň 20 ýyllyk ýubileýi mynasybetli döredilen nusga-awtoulagy bolan Manifesto-ny hödürledi. Bu ulag önümçilik modeli bolman, eýsem, markanyň geljege bolan garaýşyny görkezýän "dizaýn manifesti" diýlip bellenilýär
09.10.2025 11:34
7.8k+
26-njy oktýabrda Aşgabatda "Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly halkara bäsleşik geçiriler
26-njy oktýabrda Aşgabat şäherinde Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly halkara bäsleşigi geçiriler. Şeýle hem türkmen alabaý itleriniň daşky keşbini şekillendiriş we amaly
09.10.2025 11:25
4.8k+
Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy tassyklanyldy
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny tassyklaýan Karara gol çekdi. 8-nji oktýabrda Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer M.Çakyýew Konsepsiýanyň taslamasynyň işlenip taýýarlanylandygyny habar berdi
09.10.2025 11:16
3k+
Halkara guramalaryň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekilhanalary hakynda Düzgünnama tassyklanyldy
Prezident Serdar Berdimuhamedow halkara guramalaryň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekilhanalary hakynda Düzgünnamany tassyklaýan Karara gol çekdi. 8-nji oktýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R
09.10.2025 11:12
7.6k+
Daşoguz we Tejen şäherlerinde täze saglygy goraýyş desgalary gurlar
“Şadyýan gurluşyk” hojalyk jemgyýeti Tejen şäherinde 300 orunlyk etrabara köpugurly hassahanany we Daşoguz şäherinde 400 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezini gurar. Saglygy goraýyş we derman senagaty
09.10.2025 10:28
8.8k+
“Gap Inşaat” kompaniýasy Aşgabatda 500 orunlyk köpugurly hassahana gurar
Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi Aşgabat şäherinde 500 orunlyk köpugurly hassahanany gurmak barada “Gap Inşaat Ýatyrym we Dyş Tijaret A.Ş.” türk kompaniýasy bilen şertnama baglaşar. Munuň üçin ygtyýar berýän resminama Prezident Serdar Berdimuhamedow gol çekdi
09.10.2025 10:18
3.1k+
Türkmenistanyň medeni diplomatiýasyny ösdürmegiň 2052-nji ýyla çenli Strategiýasy tassyklanyldy
Türkmenistanyň medeni diplomatiýasyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasy hem-de şu Strategiýany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. Degişli Karara Prezident Serdar Berdimuhamedow 8-nji oktýabrda Hökümet mejlisinde gol çekdi
09.10.2025 10:12
7k+
Türkmenistanyň Prezidenti eksport-import harytlarynyň nyrhlaryna gözegçilik etmek boýunça teklibi goldady
8-nji oktýabrda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer N.Atagulyýew ýurdumyzda daşary söwda dolanyşygyny artdyrmak, eksport mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler barada Türkmenistanyň Prezidentine hasabat berdi
09.10.2025 10:06
13k+
Balkan welaýatynda täze infrastruktura desgalary açylar we düýbüni tutmak dabaralary geçiriler
Türkmenistanda Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli dabaraly çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär. Bu ugurda görülýän taýýarlyk barada 8-nji oktýabrda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B
09.10.2025 09:53
7.1k+
Türkmenistanyň Prezidenti maliýe serişdeleriniň netijeli dolanyşygyny üpjün etmek bilen bagly karara gol çekdi
Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli maliýe bazaryny ösdürmegiň Strategiýasy tassyklanyldy. Degişli Karara Prezident Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. 8-nji oktýabrda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer H
09.10.2025 06:50
13k+
Serdar Berdimuhamedowa «Türkmenistanyň at gazanan arhitektory» diýen hormatly at dakyldy
Türkmenistanyň Mejlisi Prezident Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowa «Türkmenistanyň at gazanan arhitektory» diýen hormatly ady dakmak hakynda Karar kabul etdi. Degişlik resminama Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D
09.10.2025 01:00
7.3k+
Reuters: Mars 36 milliard dollara Pringles-iň öndürijisini satyn alýar
Mars eýýäm Snickers, Milky Way, Twix, Bounty, M&M’s we Whiskas ýaly dünýäde tanalýan birnäçe brendleriň eýesi bolup durýar. Indi kompaniýa öz “gol astyna” Pringles-i hem almak kararyna geldi. Amerikan kompaniýasy Pringles, Pop-Tarts we Kellogg’s brendlerine eýelik edýän Kellanova kompaniýasyny satyn almak üçin Ýewropa Bileleşiginiň rugsadyny alar
09.10.2025 00:56
6.2k+
BMW Mercedes-Benz-den "ozdy": üçünji çärýegiň satuw netijeleri
BMW we Mercedes-Benz 2025-nji ýylyň üçünji çärýegi boýunça dünýä satuw görkezijilerini mälim etdiler. Nemes brendleri biri-birine düýpgöter gapma-garşy ýagdaýlary başdan geçirýärler: bawariýaly öndürijileriň (BMW) satuwlary artsa, olaryň ebedi bäsdeşi ştutgartly öndürijilerde (Mercedes-Benz) ýagdaý öwerlik däl
09.10.2025 00:46
8.8k+
Çaga heniz ene göwresindekä daşary ýurt dillerini özleşdirip başlaýar - alymlaryň barlagy
Monreal uniwersitetiniň alymlary çaga heniz ene göwresindekä daşary ýurt dilini eşiden bolsa, onuň beýnisiniň bu dili tapawutlandyryp we bölekleýin özleşdirip bilýändigini anykladylar. Göwrelilik döwründe birnäçe hepdäniň dowamynda başga dilde gürrüňleri diňlemek, çaganyň sözleýşi kabul etmegine jogap berýän nerw ulgamlarynyň işjeňligini üýtgedip biler
08.10.2025 16:28
18k+
Kriştianu Ronaldu taryhda ilkinji milliarder futbolçy boldy
Kriştianu Ronaldunyň baýlygy 1,4 mlrd dollardan geçdi. Netijede, ol taryhda ilkinji milliarder futbolçy boldy. Bu maglumatlar Bloomberg-iň milliarderler indeksinden gelip çykýar. Iýunda 40 ýaşly portugaliýaly hüjümçi “Al-Nasr” bilen 400 mln dollarlyk täze şertnama baglaşdy
08.10.2025 16:25
2.5k+
Himiýa boýunça Nobel baýragy “metal-organiki karkas gurluşlaryň döredilendigi” üçin berildi
Şwesiýada himiýa boýunça Nobel baýragynyň laureatlary yglan edildi – olar Susumu Kitagawa, Riçard Robson we Omar Ýagi boldy. Olara baýrak “metal-organiki karkas gurluşlary işläp taýýarlandygy üçin” berildi diýlip, Nobel komitetiniň habarynda aýdylýar
08.10.2025 15:00
10k+
Türkmen okuwçylary mental hasaplamak boýunça Dünýä çempionatynda ilkinji 10-luga girdiler
Türkmenistandan 8 okuwçy Germaniýanyň Bielefeld şäherinde geçirilen Ýetginjekleriň arasynda mental hasaplamak boýunça Dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş etdiler. Çempionat 4-6-njy oktýabr aralygynda geçirildi
08.10.2025 14:27
3k+
ESA Awstraliýada uzak kosmos bilen aragatnaşyk üçin ägirt antennany açdy
Ýewropanyň kosmos agentligi (ESA) Awstraliýanyň Nýu-Norsiýa şäherindäki stansiýada uzak kosmos bilen aragatnaşyk üçin Estrack ulgamynyň dördünji antennasyny açdy. Onuň diametri 35 metr bolup, Ýewropada has döwrebap we kuwwatly antenna hasaplanýar
08.10.2025 14:24
3.8k+
Polo Ralph Lauren Ýamaýkadan ylham alan täze kolleksiýany hödürledi
Polo Ralph Lauren 2026-njy ýylyň ýaz-tomus kolleksiýasynyň lukbugyny (suratlar toplumy) hödürledi. Suratlar WWD neşiri tarapyndan neşir edildi. Kolleksiýa dizaýneriň Ýamaýka gezelenjinden ylham alýar. Şonuň üçin onda syýahat ruhy we adanyň rahat atmosferasy utgaşýar
08.10.2025 14:05
3.2k+
Ýagtylyk, reňk we durmuş: Environment&Me 2025 foto bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
Ýewropanyň daşky gurşawy goramak gullugy (EEA) adamlar bilen tebigatyň özara gatnaşygyna bagyşlanan Environment&Me 2025 foto bäsleşiginiň netijelerini çap etdi. Bäsleşige 36 ýurduň suratçylaryndan, takmynan, 1800 surat gelip gowuşdy
08.10.2025 13:36
5.8k+
Tebigat eline galam alanda: “Howa fotosuratçysy 2025” bäsleşiginiň finalçylary yglan edildi
Britaniýanyň patyşalyk meteorologiýa jemgyýeti “2025-nji ýylda howa fotosuratçysy” bäsleşiginiň (Standard Chartered Weather Photographer of the Year 2025) finalçylarynyň suratlaryny hödürledi. Ýeňiji rmets.org portalynda 2025-nji ýylyň 16-njy oktýabryna çenli dowam etjek ses berişligiň netijesi boýunça kesgitlener
08.10.2025 12:38
6.4k+
UEFA “Barselona” bilen “Milana” çempionatyň oýunlaryny daşary ýurtlarda geçirmäge rugsat berdi
UEFA milli çempionatlaryň iki oýnuny daşary ýurtlarda geçirmäge rugsat berdi: “Barselona” “Wilýarreal” bilen duşuşygyny Maýamide (ABŞ), “Milan” bolsa “Komo” bilen oýnuny Pertde (Awstraliýa) geçirip biler. La Liga we Seriýa A şeýle rugsady bermek haýyşy bilen UEFA-a öňünden ýüz tutdy
08.10.2025 08:58
11k+
Türkmenistan Azerbaýjanyň Fizuli şäherinde metjidiň gurluşygyna başlady
7-nji oktýabrda Gabala şäherinde Türki Döwletleriň Guramasynyň XII sammitiniň yzysüre wekiliýet Baştutanlarynyň ählisi bilelikde teleköpri arkaly Türkmenistan tarapyndan Azerbaýjana sowgat hökmünde Fizuli şäherinde guruljak metjidiň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdylar
08.10.2025 08:38
5.9k+
Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjanda Gabala sammitinde çykyş etdi
7-nji oktýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjana iş saparyny amala aşyryp, Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XII sammitine gatnaşdy. Sammitiň geçýän ýeri bolan Geýdar Aliýew kongres merkezinde türkmen halkynyň Milli Liderini Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew garşylady
08.10.2025 08:12
6k+
Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjana iş saparynyň çäklerinde Ilham Aliýew bilen duşuşdy
7-nji oktýabrda Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XII sammitine gatnaşmak üçin Azerbaýjana iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşdy
08.10.2025 08:00
10k+
Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy
7-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Serdar Berdimuhamedow Prezident Wladimir Putini doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, oňa berk jan saglyk, abadançylyk, Russiýanyň halkynyň bähbidine alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi
08.10.2025 07:55
6.1k+
Türkmenistan hyzmatdaşlygy ösdürmekde horwat tarapynyň anyk tekliplerine seretmäge taýýar – Serdar Berdimuhamedow
7-nji oktýabr Prezident Serdar Berdimuhamedow Horwatiýanyň daşary we Ýewropa işleri ministri Gordan Grliç-Radmany kabul etdi. Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň Ýewropa sebitiniň döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýandygyny, Türkmenistan bilen Horwatiýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hem dostluk, deňhukuklylyk, özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýandygyny aýtdy
«
1
…
183
184
185
…
1118
»
«
1
…
180
181
182
183
184
185
186
187
188
…
1118
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.