Ýagtylyk, reňk we durmuş: Environment&Me 2025 foto bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

08.10.2025, 14:053,218
1 / 5

Ýewropanyň daşky gurşawy goramak gullugy (EEA) adamlar bilen tebigatyň özara gatnaşygyna bagyşlanan Environment&Me 2025 foto bäsleşiginiň netijelerini çap etdi.

Bäsleşige 36 ýurduň suratçylaryndan, takmynan, 1800 surat gelip gowuşdy.

“Mawy” kategoriýasy boýunça ýeňijiniň düşüren suraty: Batly akýan  suwuň üstündäki köpri (Şwesiýanyň Býerred şäherindäki deňziň buzy) gyşdan-gyşa ýukalmak bilen) / © Ola Karlsson

“Ýaşyl” kategoriýasy boýunça ýeňijiniň düşüren suraty: Ýürekleriň şasy (Ispaniýanyň Anelýa-Werda-de-Terassasyndaky çekirtge we ýürek şekilli ýapraklar) / © Pepe Badia Marrero

“Narynç” kategoriýasy boýunça ýeňijiniň düşüren suraty : Işine yhlasly (ýakyp-ýandyryp barýan Günüň astynda eşek we onuň eýeleri Ispaniýanyň Tegisesiniň  tebsiräp ýatan meýdanlarynda zähmet çekýär) / © Kristina Kubkowa (Kristýna Koubková)

Tomaşaçylaryň halan suratyna berilýän baýraga mynasyp bolan: Gurakçylyga garşy ganat kakyp (aerofotosurat şyr takyrlyk bilen Türkiýedäki Burdur kölüniň mawy suwunyň arasyndaky täsin tapawudy görkezýär) / © Fatih Yilmaz

Environment&Me bäsleşigi adamlaryň tebigata gatnaşygyny görkezmek, daşky gurşawa aýawly garamaga ruhlandyrmak we fotosuratlar arkaly daşky gurşawy goramak meselelerine ünsi çekmek maksady bilen geçirilýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.