26-njy oktýabrda Aşgabatda "Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly halkara bäsleşik geçiriler

09.10.2025, 06:347,807

26-njy oktýabrda Aşgabat şäherinde Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly halkara bäsleşigi geçiriler.

Şeýle hem türkmen alabaý itleriniň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda halyçylaryň, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň we teleoperatorlaryň arasynda bäsleşikleri geçiriler. Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Buýrugyna laýyklykda bu bäsleşikleri geçirmek boýunça eminler toparynyň düzümi tassyklanyldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.