Saýlanan şäher
28 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Habarlar
Baş sahypa
/
Habarlar
15.09.2025 15:50
6.8k+
Bütin dünýäde Starlink işlemegini bes etdi
15-nji sentýabrda irden Ilon Maskyň SpaceX kompaniýasy tarapyndan dolandyrylýan Starlink hemra aragatnaşyk ulgamy işlemegini bes etdi. Bu belli internet çeşmeleriniň işindäki bökdençlikleri yzarlaýan Downdetector hyzmatynyň maglumatlaryndan gelip çykýar
15.09.2025 15:12
7.7k+
Naoýa Inoue absolýut çempion adyny gorady. Ol Murojon Ahmadaliýew bilen söweşdi
14-nji sentýabrda Nagoýada (Aýti prefekturasy, Ýaponiýa) ikinji iň ýeňil agramda (55,2 kg çenli) absolýut dünýä çempiony ady ugrunda söweş geçirildi. Ringe titulyň häzirki eýesi ýaponiýaly Naoýa Inoue bilen özbegistanly boksçy Murojon Ahmadaliýew çykdy
15.09.2025 15:08
1.2k+
Nintendo “Doganlar Super Mario kinoda” multfilminiň dowamynyň tizerini görkezdi
Nintendo Direct tanyşdyrylyşynda “Doganlar Super Mario kinoda” multfilminiň dowamynyň ilkinji tizeri görkezildi. Täze multfilm The Super Mario Galaxy Movie adyny aldy. Tizer sýužeti açyp görkezmeýär. Wideoda kamera ilki agajyň aşagynda ýatan Mariony görkezýär, soňra şa gyzy Pijiň galasyna golaýlaýar, soň bolsa kosmosa okdurylýar
15.09.2025 12:54
8.8k+
Braziliýada ýaguar uly pişikleriň arasynda ýüzmek boýunça rekord goýdy
Uly ýaşly erkek ýaguar Braziliýanyň merkezindäki Serra-da-Mesa suw howdanynda ýüzmek boýunça rekord goýdy. Ol ada ýetmek üçin 1,3 km aralygy ýüzüp geçdi. Rekord kamera-duzaklary tarapyndan tassyklandy diýip, New Scientist habar berýär
15.09.2025 12:46
12k+
Dünýäde 100 ýaşa ýeten her 6-njy adam Ýaponiýada ýaşaýar: bu ýerde olaryň sany tas 100 müň
Ýaponiýada 100 we ondan uly ýaşly adamlaryň sany 100 müňe golaýlady. Bu barada Ýaponiýanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň maglumatlaryna salgylanyp, NHK teleradiokompaniýasy habar berdi. Soňky bir ýylda ýüz ýaşly ýaponiýalylaryň sany 4644 adam artdy, bu hem soňky 55 ýylda iň ýokary artyş boldy
15.09.2025 12:25
3.8k+
Daşkentde Merkezi Aziýanyň Adalatçylarynyň çagalaryň hukuklary boýunça maslahaty geçirildi
11-12-nji sentýabrda Daşkent şäherinde “Merkezi Aziýada çagalaryň hukuklaryny goramagyň mehanizmlerini pugtalandyrmagyň derwaýys meseleleri: Çaganyň hukuklary boýunça ygtyýarly wekilleriň sebitleýin hyzmatdaşlygy” atly halkara forum geçirildi
15.09.2025 12:12
36k+
Londonyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň biri türkmen okuwçysynyň döreden programmasy bilen gyzyklanýar
Londonda programma üpjünçiligini işläp taýýarlamak bilen meşgullanýan öňdebaryjy kompaniýalarynyň biri bolan “Junius Tech” türkmen okuwçysynyň döreden programmasy bilen gyzyklanýar. 97-nji orta mekdebiniň okuwçysy, “Kämil Bilim” merkeziniň Erjeller kompýuter bölüminiň programmirleme kurslarynyň diňleýjisi Begenç Annaorazow - Screen Guard (Ekran Goraýjysy) atly mobil goşundysyny döretdi
15.09.2025 12:01
7.9k+
Toyota Corolla-nyň iň ekstremal görnüşini taýýarlaýar: täze superhetçbegiň suratlary
Toyota GR Corolla hot-hetçiň has ekstremal görnüşini taýýarlaýar. Onlaýn görnüşde, megerem, dilerler üçin ýapyk görkezilişde ýazga alnan görkezme nusgasynyň suratlary we wideolary peýda boldy diýip, Carscoops habar berýär
15.09.2025 11:52
4.4k+
Toyota bZ7-ni görkezdi: Huawei-iň , Xiaomi-niň we Momenta-nyň tehnologiýalaryny alan, Camry-den uzyn sedan
Toyota-GAC bileleşigi ýazda ilkinji gezek Şanhaý awtoulag sergisinde yglan edilen bZ7 elektrik sedanynyň resmi suratlaryny ýaýratdy. Şol bir wagtyň özünde modeliň ilkinji tehniki häsiýetnamasy yglan edildi. Satuwlar 2025-nji ýylyň ahyryna çenli başlamaly
15.09.2025 11:48
9.8k+
Türkmenistan Azerbaýjanda guruljak metjidiň taslamasyny düzmek boýunça bäsleşik yglan etdi
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Azerbaýjanyň Fizuli şäherinde metjidiň taslamasyny düzmek we gurmak üçin kotirowka görnüşde bäsleşik yglan etdi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi
15.09.2025 11:43
4k+
Aşgabatda "Zümerret zergärçilik önümleri" binasynda abatlaýyş işleri geçiriler
Türkmenistanyň Merkezi banky «Zümerret zergärçilik önümleri» zergärçilik dükanynyň binasynda abatlaýyş işlerini geçirmek boýunça bäsleşik yglan etdi. Bu bina Aşgabat şäherinde Bitarap Türkmenistan şaýolunyň ugrunda ýerleşýär
15.09.2025 11:23
10k+
El Nacional: 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatyndan soň Fransiýanyň ýygyndysyna Zidan ýolbaşçylyk eder
Fransiýanyň Futbol federasiýasy Zinedin Zidan bilen 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatyndan soň milli ýygyndynyň baş tälimçisi wezipesine bellenilmegi barada ylalaşyk gazandy. Zidan Didýe Deşamyň ýerine geler diýip, El Nacional gazeti habar berýär
15.09.2025 10:54
3.9k+
Kodak kindiwanja sanly kamera-breloklary çykardy
Kodak Charmera diýlip atlandyrylýan kindiwanja sanly kamera-breloklar satuwa çykdy. Olaryň dizaýny Kodak-yň 1987-nji ýyldaky ilkinji bir gezek ulanylýan kamerasyndan ylham aldy. Enjam Kodak bilen ygtyýarnama şertnamasy boýunça Reto kompaniýasy tarapyndan öndürilýär
15.09.2025 10:38
4.7k+
Hassanyň kesel kesgidi goýlandan soň rahatlanmasyny “Rumpelştilshen täsiri” diýip atlandyrdylar
Lukmanlar gyzykly bir hadysa üns berdiler: käbir hassalar lukmandan keseliniň takyk adyny bilenlerinden soň derrew rahatlyk duýýarlar. Şol sebäpli olaryň saglygy entek bejergä başlanmazdan öň gowlaşyp ugraýar. Amerikaly alymlar bu hadysa doganlar Grimmleriň ertekisindäkä meňzedip “Rumpelştilshen täsiri” diýip at bermegi teklip etdiler
15.09.2025 10:34
6k+
Ekologlar Amazon tokaýlarynyň onlarça keseliň öňüni almaga kömek edýändigini subut etdiler
Daşky gurşawy goraýjylaryň halkara topary arassa tokaýlyklaryň uly meýdany tutýan Amazon sebitlerinde ýangyn bilen baglanyşykly 27 keseliň we zoonoz ýokançlygynyň ep-esli az bolýandygyny anyklady. Tebigaty goramak boýunça halkara bileleşiginiň (IUCN) habaryna görä, bu maglumatlar tokaýy çapylan ýerleri dikeltmegiň we agaç çapmagyň çäklendirilmeginiň zerurdygyny tassyklaýar
15.09.2025 10:31
9.1k+
Raşid Meredow Dohada Kataryň döwlet ministri bilen duşuşdy
14-nji sentýabrda Dohada Türkmenistanyň wise-premýeri, daşary işler ministri Raşid Meredow Kataryň halkara hyzmatdaşlyk boýunça döwlet ministri Mariam bint Ali bin Nasser Al-Misnad bilen duşuşdy. Duşuşyk Kataryň paýtagtynda duşenbe güni geçirilmegi meýilleşdirilen adatdan daşary arap-yslam sammitine taýýarlyk duşuşygynyň çäklerinde geçirildi diýip, Orient habar berýär
15.09.2025 09:54
5.6k+
Hytaý alymlary ilkinji gezek dinozawr ýumurtgalarynyň takyk ýaşyny kesgitledi
Hytaý alymlary ilkinji gezek ýurduň merkezi böleginde tapylan dinozawrlaryň ýumurtgalarynyň ýaşyny takyk kesgitlemegi başardy. Science XXI neşiriniň maglumatlaryna görä, täze çemeleşme hek döwrüniň klimatyny has çuň öwrenmäge mümkinçilik berer
15.09.2025 09:53
4.3k+
Legendary Germiona bilen Malfoýyň söýgüsi barada muşdaklaryň hekaýatyny ekranlaşdyrar
Legendary amerikan kinokompaniýasy Garri Potter baradaky kitaplardan Germiona Greýnjer bilen Drako Malfoýyň gizlin söýgüsi barada fanfikiň esasynda döredilen kitap üçin hukuk satyn aldy. The Hollywood Reporter-iň habar bermegine görä, şertnamanyň bahasy 3 mln dollar boldy
15.09.2025 09:52
9.4k+
Armani iki wesýetnama goýup gitdi: onuň imperiýasyny kim miras alar?
4-nji sentýabrda 91 ýaşynda aradan çykan Jorjo Armani iki wesýetnama galdyrdy. Modelýeriň çagasy ýok, diňe üç ýegeni we kiçi uýasy bar. Şol bir wagtyň özünde, Armani Italiýanyň iň baý adamlarynyň biri bolupdy we ýakynda onuň şahsy baýlygy 11,6 mlrd dollar diýlip hasaplandy
15.09.2025 09:50
2.9k+
NASA Perseverance-yň tapyndysyny Marsdaky ýaşaýşyň iň ygtybarly subutnamasy diýip atlandyrdy
NASA-nyň Marsda hereket edýän Perseverance enjamy tarapyndan ýygnalan nusga gadymy mikrob durmuşynyň yzlaryny saklap biler. Bu barada 2025-nji ýylyň 10-njy sentýabrynda Nature žurnalynda neşir edilen NASA-nyň ylmy gözleginde aýdylýar
15.09.2025 09:48
1.8k+
Hytaý alymlary sütün öýjükleriniň kömegi bilen maýmynlaryň garramagyny haýallatdy
Hytaýyň ylymlar akademiýasynyň alymlarynyň geçiren ylmy gözlegleri adamyň genetiki taýdan güýçlendirilen sütün öýjükleriniň maýmynlarda garrama alamatlaryny haýalladyp biljekdigini görkezdi. Netijeler Cell žurnalynda neşir edildi
15.09.2025 09:07
4.9k+
Aşgabatda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVI maslahaty geçirildi
13-nji sentýabrda Aşgabatda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVI maslahaty geçirildi. Maslahatyň işine daşary döwletleriň birnäçesinde kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri, Diýarymyzyň dürli künjeklerinden gelen wekiliýet toparlary gatnaşdylar
15.09.2025 08:58
9.3k+
Az-kem ýagyş ýagar: Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (15.09 - 21.09)
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi. Aşgabatda az-kem bulutly, hepdäniň başynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar
14.09.2025 23:57
12k+
Aşgabatda döwrebaplaşdyrylan «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy» seýilgähi açyldy
13-nji sentýabrda Aşgabatda döwrebaplaşdyrylan «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy» seýilgähiniň açylyş dabarasy boldy. Bu döwrebap seýilgäh özüniň binagärlik çözgüdi bilen paýtagtymyzyň durmuş maksatly desgalary bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirdi
14.09.2025 23:25
3.7k+
Hytaýly biologlar 36 petabaýtlyk maglumaty saklamak üçin “DNK- kassetany” döredýärler
Guandunyň Günorta ylym we tehnologiýa uniwersitetiniň alymlary sanly maglumatlary saklamagyň täze usulyny oýlap tapdylar. Olar 1980-nji ýylyň äheňindäki ýüzüne dezoksiribonuklein kislotasynyň sintetiki molekulalary çap edilen plastik lentany öz içine alýan "DNK-kassetany" işläp taýýarladylar
14.09.2025 23:22
5.2k+
Beýik Britaniýada 241 million ýyl ozal ýaşap geçen hažžyklaryň gadymy garyndaşy tapyldy
Beýik britaniýaly alymlar, takmynan, 241 million ýyl ozal Angliýanyň günorta-günbataryndaky kenarda ýaşap geçen gadymy süýrenijileriň galyndylaryny tapdylar. Nätekiz dişli kiçijik jandar lepidozawr toparyna - häzirki zaman hažžyklarynyň, ýylanlaryň we adaty bolmadyk Täze Zelandiýa gatteriýalarynyň ata-babalaryna degişlidir
14.09.2025 21:33
13k+
Türkmenistanyň Döwlet baýdagy Ýewropanyň iň beýik nokadyna galdyryldy
«Morinžgeologiýa» hyzmat kärhanalar toparynyň işgärleri Ýewropanyň iň beýik depeleri bolan Elbrus dagynyň günbatar we gündogar belentliklerine çykdylar. Bu belentliklerde alpinistler Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny galdyrdylar
14.09.2025 21:23
3.1k+
Xiaomi dişiň sagdylygyny seljerýän akylly diş çotgasyny çykardy
Xiaomi kompaniýasy elektrikli Mijia Servo-Sonic Electric Toothbrush Pro diş çotgasyny hödürledi. Täze önümiň esasy aýratynlygy häzirki wagtda reaksiýa berýän reňkli LCD displeýidir diýip, GizmoChina habar berýär
14.09.2025 21:19
5.3k+
Mercedes-Benz üç ýylda 40-dan gowrak täze model çykarmagy meýilleşdirýär
Mercedes-Benz Next Level Production atly täze önüm strategiýasyny yglan etdi. Bu strategiýanyň çäklerinde kompaniýa üç ýylyň içinde dünýä bazary üçin 40-dan gowrak täze we täzelenen modelleri çykarmagy meýilleşdirýär
14.09.2025 21:16
2.8k+
Nissan Z kupesi 300ZX we GT-R sport awtoulaglarynyň äheňinde ýörite nusgada çykdy
Nissan Z kupesi 1989-njy ýylyň 300ZX modeline bagyşlanan çäkli Heritage Edition görnüşinde çykaryldy. Ýörite bezegli we aksessuarly bukjadaky görnüşiniň bahasy 2940 dollar. Awtoulag öň markanyň GT-R ýaly sport modellerinde ulanylan Midnight Purple (ýarygije-benewşe) reňkine boýaldy
14.09.2025 21:06
1.1k+
Indi Microsoft Store-da mugt programmalary hasaba alyş üçin tölemezden ýerleşdirip bolýar
Microsoft işläp düzüjiler üçin hasaba alyş tölegini ýatyrdy. Bu indi Microsoft Store-da mugt programmalary maliýe çykdajysyz ýerleşdirip bolýandygyny aňladýar. Ozal programmanyň özi mugt bolsa-da, akkaunt açmak üçin töleg tölemeli bolýardy: şahsy akkauntyň bahasy 19 dollar, korporatiw – 99 dollardy
14.09.2025 21:04
1k+
YouTube ähli awtorlar üçin wideo dublýažy funksiýasyny elýeterli edýär
YouTube ähli kontent döredijiler üçin wideo köp dilli ses bermek funksiýasyny resmi taýdan işe girizýär. Mundan öň kompaniýa funksiýany iki ýyl synagdan geçirdi – ol MrBeast, Jamie Oliver we Mark Rober ýaly belli blogerleriň gatnaşmagynda 2023-nji ýylda başlady
14.09.2025 21:02
2.1k+
Paramount kompaniýasy Warner Bros.-y satyn almak barada teklip taýýarlaýar
Paramount Skydance kompaniýasy Warner Bros Discovery-ny (WBD) satyn almak barada teklip taýýarlaýar. Bu ABŞ-da mediakompaniýalaryň iň uly birleşmesi bolup biler diýip, The Guardian habar berýär. Şertnama Warner Bros
14.09.2025 20:25
6.4k+
Mask Starlink-iň wagtyň geçmegi bilen öýjükli aragatnaşyk operatorlarynyň ornuny eýelejekdigini aýtdy
SpaceX ýakynda EchoStar amerikan aragatnaşyk operatoryndan 17 mlrd dollara 50 MGs diapazondaky ýygylyklary satyn aldy. Bu şertnama teswir bermek bilen, kompaniýanyň ýolbaşçysy Ilon Mask wagtyň geçmegi bilen Starlink-iň ähli adaty operatorlaryň ornuny eýeläp biljekdigini aýtdy
14.09.2025 20:22
2.9k+
Toyota aerodinamikany gowulandyrmak üçin GR Yaris-i Aero Performance bukjasy bilen üpjün etdi
Toyota kompaniýasy Ýaponiýada GR Yaris hetçbegi üçin Aero Performance bukjasyny hödürledi. Toplumy Toyota Gazoo Racing-iň hünärmenleri professional ýaryşa gatnaşyjylar bilen bilelikde işläp taýýarlady, ol modeliň aerodinamiki aýratynlyklaryny gowulandyrmaga gönükdirildi
14.09.2025 20:01
1.8k+
Tozganyň üflenişine ylmy makala bagyşladylar
Näme üçin tozganyň tohumlary sürtülmä garşy durup bilýär-de, şemalyň güýjüne aňsatlyk bilen uçup gidýär? Alymlar bu sowala jogap tapmak üçin tutuş bir barlag geçirdiler we netijede ýeliň ugruna baglylykda, tohumy boşatmak üçin zerur güýjüň 100 gezekdenem köp üýtgäp biljekdigini anykladylar
14.09.2025 19:52
12k+
Suw astynda we wagtdan üzňe: Underwater Awards Australasia 2025 foto bäsleşiginiň ýeňijileri
Awstraliýanyň Underwater Awards Australasia 2025 suwasty foto bäsleşiginiň emin agzalary ýeňijileriň suratlaryny çap etdi. Absolýut ýeňiji suratçy Jeýms Ferrara boldy. Ol Antarktidadaky deňiz gaplaňyny surata aldy
14.09.2025 19:24
2.8k+
Sisiliýanyň kenarlarynda Birinji Puni urşy döwrüniň gadymy rim tuwulgasy tapyldy
Sisiliýanyň suwlarynda b.e.öň 241-nji ýylda Egad adalaryndaky söweş wagty ýitirilip bilnen gadymy rim bürünç tuwulgasy tapyldy diýip, Live Science habar berýär. Tuwulgany we ýene 30 töweregi predmeti Suwa giden ýerleri resminamalaşdyrmak boýunça jemgyýetiň (Society for the Documentation of Submerged Sites, SDSS) daýwerleri tapdy
14.09.2025 19:18
4.6k+
GTA V, Minecraft we Red Dead Redemption II - Playstation-yň taryhynda iň üstünlikli oýunlar
Bazar seljermeleri bilen meşgullanýan Circana kompaniýasy ABŞ-da iň üstünlikli PlayStation oýunlarynyň sanawyny çap etdi. Neşir konsolyň 30 ýyllyk ýubileýine gabatlandy, ol ilkinji gezek 1995-nji ýylyň 9-njy sentýabrynda satuwa çykarylypdy
14.09.2025 19:04
3.5k+
Balenciaga ýene parfýumeriýa gaýdyp gelýär we 1947-nji ýylyň hoşboý ysyny dikeltmek isleýär
Balenciaga fransuz modalar öýi ýokary derejeli parfýumeriýa toplumynyň çykandygyny habar berdi. Balenciaga 1947-nji ýylda döreden Le Dix atly ilkinji hoşboý ysyny gaýtadan çykarmagy meýilleşdirýär. Täze çüýşeler ilkinji atyryň taryhy dizaýnyny gaýtalaýar
«
1
…
198
199
200
…
1118
»
«
1
…
195
196
197
198
199
200
201
202
203
…
1118
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.