Londonyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň biri türkmen okuwçysynyň döreden programmasy bilen gyzyklanýar

15.09.2025, 12:1236,401

Londonda programma üpjünçiligini işläp taýýarlamak bilen meşgullanýan öňdebaryjy kompaniýalarynyň biri bolan “Junius Tech” türkmen okuwçysynyň döreden programmasy bilen gyzyklanýar.

97-nji orta mekdebiniň okuwçysy, “Kämil Bilim” merkeziniň Erjeller kompýuter bölüminiň programmirleme kurslarynyň diňleýjisi Begenç Annaorazow - Screen Guard (Ekran Goraýjysy) atly mobil goşundysyny döretdi.
Bu mobil goşundy çagalaryň telefonda aşa köp wagtyny sarp etmekden goraýar. Eger-de çaga telefonda özüniň gyzyklanýan programmalaryny açasy gelse, onda ol hökman kitap okamaly ýa-da okuw sapaklary bilen bagly programmalarda wagt sarp etmeli. Oýun ýa-da güýmenje programmalary mundan soň açylar.
Bu mobil goşundy Londonda ýerleşýän Junius Tech atly kompaniýasynyň wekilleriniň ünsüni çekdi we olar mobil goşundy barada gyzyklandylar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.