GTA V, Minecraft we Red Dead Redemption II - Playstation-yň taryhynda iň üstünlikli oýunlar

14.09.2025, 19:184,639

Bazar seljermeleri bilen meşgullanýan Circana kompaniýasy ABŞ-da iň üstünlikli PlayStation oýunlarynyň sanawyny çap etdi. Neşir konsolyň 30 ýyllyk ýubileýine gabatlandy, ol ilkinji gezek 1995-nji ýylyň 9-njy sentýabrynda satuwa çykarylypdy. Barlagda iki sanaw görkezilýär - umumy girdeji we satylan nusgalaryň sany boýunça.

Girdeji boýunça öňdebaryjylaryň üçlügine GTA V, Call of Duty: Modern Warfare (2019) we Red Dead Redemption II girýär. Şol bir wagtyň özünde Call of Duty seriýasy orunlaryň ýarysyndan gowragyny eýeledi - 20 ýerden 11-si.
Şeýle hem, satylan nusgalaryň sany boýunça GTA V öňde barýar, ikinji ýerde Minecraft, üçünji ýerde Red Dead Redemption II durýar.
Iki sanaw köp babatda gabat gelýän hem bolsa, nusgalar boýunça sanawda girdeji kategoriýasynda görkezilmedik taslamalar bar. Olaryň arasynda -The Last of Us, God of War (2018), The Elder Scrolls V: Skyrim  we Rainbow Six: Siege bar.
Aşakda sanawlaryň ikisi-de dolulygyna getirilýär.
Girdeji boýunça iň gowy 20-lik:

  1. GTA V.
  2. Call of Duty: Modern Warfare (2019)
  3. Red Dead Redemption II
  4. Call of Duty: Modern Warfare 2 (2022)
  5. Call of Duty: Black Ops 6
  6. Call of Duty: Black Ops: Cold War
  7. Minecraft
  8. Call of Duty: Black Ops III
  9. GTA: San Andreas
  10. Guitar Hero III: Legends of Rock
  11. Marvel's Spider Man
  12. Call of Duty: Black Ops II
  13. Call of Duty: Black Ops
  14. Call of Duty: WWII
  15. Call of Duty: Black Ops 4
  16. Call of Duty: Modern Warfare III (2023)
  17. Call of Duty: Modern Warfare 3
  18. Marvel's Spider Man 2
  19. Marvel's Spider Man: Miles Morales
  20. GTA: Vice City

Satylan nusgalar boýunça iň gowy 20-lik:

  1. GTA V
  2. Minecraft
  3. Red Dead Redemption II
  4. GTA: San Andreas
  5. Call of Duty: Modern Warfare (2019)
  6. Marvel’s Spider Man
  7. Call of Duty: Black Ops III
  8. Call of Duty: Black Ops: Cold War
  9. GTA: Vice City
  10. Call of Duty: Modern Warfare 2 (2022)
  11. Call of Duty: Black Ops 6
  12. Marvel’s Spider Man: Miles Morales
  13. The Last of Us
  14. God of War (2018)
  15. The Elder Scrolls V: Skyrim
  16. Call of Duty: Black Ops
  17. Rainbow Six: Siege [Tom Clancy’s]
  18. Call of Duty: Black Ops II
  19. Call of Duty: WWII
  20. Call of Duty: Black Ops 4
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.