Saýlanan şäher
28 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Habarlar
Baş sahypa
/
Habarlar
05.09.2025 18:45
14k+
Günorta Amerikadan DÇ-2026 üçin göni ýollama alan toparlaryň ählisi belli boldy
2026-njy ýylyň dünýä çempionaty üçin Günorta Amerikanyň saýlama ýaryşynyň gutarmagyna bir tapgyr galanda gönüden-göni dünýä çempionatyna gatnaşjak alty toparyň ählisi belli boldy. Göni ýollamany Argentinanyň (38 utuk), Braziliýanyň (28), Urugwaýyň (27), Ekwadoryň (26), Kolumbiýanyň (25) we Paragwaýyň (25) milli ýygyndylary aldy
05.09.2025 17:25
3.7k+
Nanotehnologiýa pudagyndaky patentleriniň sany boýunça Hytaý dünýäde birinji ýerde durýar
2000-nji ýyldan 2025-nji ýyla çenli dünýäde nanotehnologiýa pudagynda 1,07 milliondan gowrak patent hasaba alyndy. Şolaryň 464 müň sanysy Hytaýda hasaba alyndy. Şeýle maglumatlar Pekindäki Nanotehnologiýa forumynda neşir edilen “Hytaýyň nanotehnologiýa senagaty 2025” atly Ak kitapda getirilýär
05.09.2025 17:24
3.4k+
Prada täze Couleur Vivante şaý-sepler toplumyny satuwa çykarar
Prada brendi täze Couleur Vivante şaý-sepler toplumynyň satuwa çykarylýandygyny habar berdi. Ol oktýabr aýynda satuwa çykar. Ýygyndyda ametistlerden, akwamarinlerden, hrizolitlerden, gülgüne morganitlerden we madeýra sitrininden ýasalan gulakhalkalar, ýüzükler, bilezikler we monjuklar bar
05.09.2025 17:22
10k+
“28 ýyldan soň: Süňkler ybadathanasy” filminiň ilkinji treýleri peýda boldy
Sony Pictures “28 ýyldan soň: Süňkler ybadathanasy” filminiň ilkinji doly treýlerini çykardy. Treýlerde tanyş gahrymanlar bilen birlikde täze keşpler hem bar. Filmiň öňki ýordumy ölüm halynda ýatan ejesi üçin lukman gözleýän oglan hakda
05.09.2025 17:20
9.8k+
BMG La-Ninýa hadysasynyň oktýabr-dekabrda gaýdyp gelmek mümkinçiliginiň 60%-digini çaklaýar
Bütindünýä meteorologiýa guramasy şu ýylyň oktýabr-dekabr aýlarynda ekwatorial Ýuwaş ummanynda suwuň temperaturasynyň peselmegi bilen baglanyşykly tebigy hadysa bolan La-Ninýa şertleriniň gelmek ähtimallygyny 60% diýip çaklady
05.09.2025 17:02
10k+
Papuada - Täze Gwineýada ýelkenli akula tapyldy. Olary 50 ýyl bäri hiç kim görmändi
Papua - Täze Gwineýanyň barlagçylary ýelkenli akulanyň seýrek görnüşini (Gogolia filewoodi) tapdylar. Bu görnüşi soňky gezek 1970-nji ýylyň iýulynda Astrolýabiýa aýlagynda bir balykçy tutupdyr diýip, Smithsonian Magazine habar berýär
05.09.2025 16:58
5.5k+
Hytaýda bedeniň ýylylygyndan elektrik energiýasyny öndürýän rezin döredildi
Pekin uniwersitetiniň barlagçylary adam bedeniniň ýylylygyny elektrik energiýasyna öwürýän rezin materialy işläp taýýarladylar diýip, South China Morning Post habar berýär. Täze tehnologiýa termoelektrik ýörelgelerine esaslanýar: bedeniň (37° C töweregi) we daşky gurşawyň (20–30 ° C) arasyndaky temperatura tapawudy elektrik energiýasyny öndürmäge mümkinçilik berýär
05.09.2025 16:55
7.7k+
Gimalaý buzluklary her ýyl millionlarça Olimpiýa basseýnine barabar buz ýitirýär
Aziýanyň beýik daglaryndaky buzluklar çalt azalýar: her ýyl 22 gigatonnadan gowrak buz ýitip gidýär, bu dokuz million Olimpiýa basseýnine deňdir. Şeýle deňeşdirme Ýuta uniwersitetiniň we Wirjiniýa Tehnologiýalar institutynyň täze barlagynda getirilýär
05.09.2025 16:00
3.3k+
US Open – 2025-iň finalynda Arina Sobolenko we Amanda Anisimowa oýnar
Nýu-Ýorkuň hard kortunda US Open-2025 “Uly tuwulga” ýaryşynyň finalçylary kesgitlendi. Aýgytly oýunda titul üçin Belarusdan dünýäniň birinji raketkasy Arina Sobolenko we WTA reýtinginde dokuzynjy orny eýeleýän amerikaly Amanda Anisimowa göreşer
05.09.2025 10:48
4.2k+
Huawei stilusly üç eplenýän Mate XTs smartfonyny hödürledi
Huawei stilus goldawyna eýe bolan dünýäde ilkinji üç eplenýän smartfony – täze Mate XTs-i hödürledi. Kompaniýa häzirlikçe şeýle görnüşi hödürleýän ýeke-täk öndüriji bolup galýar. Mate XTs üç epleme mehanizmi bilen üpjün edildi: ýygnalan görnüşde ekranyň diagonaly 6,4 dýuýma, açyk görnüşde 10,2 dýuýma barabar
05.09.2025 10:46
3.3k+
Samsung täze dizaýn bilen Galaxy Tab S11 we S11 Ultra planşetlerini çykardy
Samsung täze önümleriniň güýzki tanyşdyrylyşynda iki modelden – Tab S11 we S11 Ultra modellerinden ybarat bolan Galaxy Tab S11 planşet hataryny hödürledi. Gurluşlaryň ikisi-de berk alýuminden korpusa we IP68 ülňüsi boýunça suwdan hem tozandan goraga eýe boldy
05.09.2025 10:45
5.2k+
Samsung kompaniýasy Galaxy S25 FE subflagman smartfonyny hödürledi
Samsung Electronics kompaniýasy subflagmanlar kategoriýasyna degişli bolan Galaxy S25 FE smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Kompaniýanyň aýtmagyna görä, täze smartfon emeli aň tehnologiýalaryny giň köpçülik üçin has elýeterli eder
05.09.2025 10:43
2.3k+
Hytaýyň uly sosial ulgamlary emeli aň tarapyndan döredilen kontentlere bellik goýup başlady
1-nji sentýabrdan Hytaýyň WeChat (Tencent Holdings) we Douyin (ByteDance) ýaly uly sosial ulgamlary emeli aňyň kömegi bilen döredilen onlaýn kontentleriň ählisine bellik goýup başlady. Muny täze kanun talap edýär diýip, South China Morning Post habar berýär
05.09.2025 10:42
2.6k+
Dünýäde elektrokarlaryň satuwy 2025-nji ýylda 29% ýokarlandy we 20 mln birlikden geçer
2025-nji ýylyň birinji ýarymynda dünýäde elektromobilleriň satuwy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 29,4% ýokarlanyp, 9,29 mln birlige ýetdi. Esasy ösüşi Hytaý, Ýewropa we ABŞ üpjün etdi. 8,4 mln elektromobil ýa-da umumy möçberiň 90,4%-i bu bazarlaryň paýyna düşdi
05.09.2025 10:41
7.5k+
BMW Toyota bilen bilelikde döredilen düýbünden täze wodorod hereketlendirijisini görkezdi
BMW awtoöndürijisi Toyota bilen bilelikde döredilen üçünji nesil täze wodorod hereketlendirijisiniň suratyny hödürledi. Onuň yzygiderli önümçiligine 2028-nji ýylda başlamak meýilleşdirilýär. BMW-niň Mýunhendäki we Ştaýrdaky merkezleri eýýäm ilkinji prototipleri ýygnamaga girişdi
05.09.2025 10:38
4.3k+
Tesla-nyň Hindistandaky satuwy ýöremedi. 2,5 aýda bary-ýogy 600 sargyt kabul edildi
Tesla kompaniýasynyň hindi bazaryna çykmagy garaşylan tamany ödemedi. Iýun aýynyň ortalarynda satuw başlany bäri kompaniýa bary-ýogy 600 sargyt kabul etdi, bu bolsa meýilnamadan ep-esli azdyr. Bloomberg-iň maglumatlaryna görä, ilkibaşda Tesla ýyl üçin meýilleşdiren 2500 awtomobiliniň ählisini satmagy göz öňünde tutupdy
05.09.2025 10:37
1.3k+
OpenAI çagalaryň ChatGPT ulanyşyna gözegçilik etmek mümkinçiligini hödürledi
Tiz wagtdan ChatGPT-de ene-ata gözegçiligi elýeterli bolar. Bu barada OpenAI kompaniýasy resmi saýtynda habar berdi. Hasaba alynmak üçin iň kiçi ýaş 13 ýaş diýlip kesgitlendi. Ene-atalar öz akkauntlaryny ýetginjegiň
05.09.2025 10:35
1.3k+
OpenAI Hindistanda ägirt maglumat merkezini gurmagy meýilleşdirýär
OpenAI Hindistanda uly maglumat merkezini gurmagy meýilleşdirýär. Ol ýurtda iň ulularyň biri we Aziýada emeli aň infrastrukturasyny ösdürmekde möhüm ädim bolup biler diýip, Bloomberg agentligi habar berýär. Çeşmeleriň maglumatlaryna görä, kompaniýa azyndan 1 gigawatt kuwwatly desganyň gurluşygy üçin ýerli hyzmatdaşlary gözleýär
05.09.2025 10:34
6.1k+
Gonkongly talyplar “Gün mobilini” gurup, Awstraliýadaky ýaryşda ýeňiji boldy
Gonkongdan Vocational Training Council topary özüniň guran Sophie 8X elektromobilinde Awstraliýada geçirilen abraýly Bridgestone World Solar Challenge ýaryşynda ýeňiji boldy. Ulag 3021,5 kilometr aralygy geçip, ortaça 68,7 km/sag tizlik bilen 44 sagatda Darwinden Adelaida çenli yklymy kesip geçdi
05.09.2025 10:20
11k+
Türkmenistan Owganystanda ýertitremeden ejir çekenlere ynsanperwerlik kömegini iberer
Türkmenistan doganlyk owgan halkyna, ilkinji nobatda, Owganystanyň ýertitremeden ejir çeken çagalaryna we ýaşaýjylaryna däri-dermanlary, azyk we iýmit, egin-eşik önümlerini, durmuşda zerur bolan beýleki önümleri ynsanperwerlik kömegi hökmünde iberer
04.09.2025 19:49
6.1k+
Samsung ilkinji üç eplenýän Galaxy Z TriFold smartfonyny oktýabrda hödürlär
Samsung öz taryhynda ilkinji üç eplenýän smartfony bolan Galaxy Z TriFold-y 2025-nji ýylyň oktýabrynda Unpacked çäresinde görkezmegi meýilleşdirýär. Gurluşyň satuwy bir aýdan soň başlamaly diýip, ET News habar berýär
04.09.2025 19:46
17k+
Doly agaçdan ýasalan Bentley Continental GT satuwa çykaryldy, onuň üçin $100 müň soralýar
eBay saýtynda Bentley Continental GT ulagynyň ähli bölekleri diýen ýaly agaçdan ýasalan doly göwrümli nusgasy satuwa çykaryldy. “Awtopilot” saýtynyň habar bermegine görä, ony döredijiler ulag üçin, takmynan, 100 müň dollar almak isleýär, bu bolsa hakyky Bentley-iň bahasyna golaýdyr
04.09.2025 19:43
9.4k+
Giorgio Armani moda öýüni esaslandyryjy Jorjo Armani 91 ýaşynda aradan çykdy
Italiýaly modelýer, Giorgio Armani moda öýüniň esaslandyryjysy Jorjo Armani 91 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada La Repubblica gazeti habar berýär. Kompaniýa Instagram sahypasynda onuň öz maşgalasynyň arasynda “rahat ýagdaýda” jan berendigini habar berdi
04.09.2025 19:36
3.4k+
“Keý-pop melgun awçylary” multfilmi tomaşa sany boýunça “Kalmar oýnundan” öňe geçdi
“Keý-pop melgun awçylary” (KPop Demon Hunters, 2025) animasion filmi tomaşa sany boýunça “Kalmar oýny” serialynyň birinji möwsüminden öňe geçdi. Muny Netflix akym hyzmatynyň taslamalaryna bagyşlanan Tudum portalynyň maglumatlary delillendirýär
04.09.2025 19:31
7.3k+
Audi geljekki modelleriň nähili boljakdygyny görkezýän täze Concept C-ni hödürledi
Audi kompaniýasy Concept C ady bilen täze prototipini hödürledi. Bu, ilkinji nobatda, geljekki modelleriň firma stilini görkezmek üçin döredilen iki orunlyk elektrik rodsterdir. Kompaniýa geljekde bu konseptiň esasynda seriýaly modelleriň çykjakdygyny tassyklady
04.09.2025 19:24
11k+
Argentinada gadymy krokodile meňzeş ýyrtyjy tapyldy. Ol dinozawrlary awlapdyr
Paleontologlar Patagoniýanyň günortasynda häzirki krokodilleriň ýok bolup giden garyndaşlaryny - öň belli bolmadyk peýrozawrlaryň galyndylaryny tapdylar. Tapyndylaryň arasynda gowy saklanyp galan kelleçanak, äň we skeletiň bir bölegi bar
04.09.2025 19:18
9.7k+
NBP International Awards-yň wersiýasyna görä ýabany tebigatyň iň gowy suratlary görkezildi
Nature's Best Photography International Awards baýragynyň eminleri her ýyl ýabany tebigatyň durmuşyny surata düşüren suratçylaryň ajaýyp işlerini ykrar edýärler. Bäsleşik 2010-njy ýylda tebigaty goramaga ünsi çekmek we planetamyzyň ösümlik hem-de haýwanat dünýäsiniň özboluşlylygyny görkezmek maksady bilen döredildi
04.09.2025 19:10
4.3k+
Consumer Reports awtoulag brendleriniň ygtybarlylygy bilen meşhurlygynyň arasyndaky boşlugy görkezdi
Amerikanyň Consumer Reports telekeçilik däl guramasy tarapyndan geçirilen barlagyň netijeleri awtoulag eýeleriniň kanagatlanma derejesi bilen ulaglaryň hakyky ygtybarlylygynyň arasynda ep-esli boşlugyň bardygyny görkezdi
04.09.2025 19:04
11k+
Eýrandaky gaýada kükürt gutusynyň ölçegindäki gadymy ýazgy tapyldy
Eýranda arheologlar, takmynan, 1600 ýyllyk kiçijik gadymy ýazgyny tapdylar. Ýazgynyň ölçegi - ini dört santimetr we boýy ýedi santimetr diýip, Ancientist portaly ýazýar. Tapyndy taryhçylaryň parslaryň we pars diliniň watany diýip atlandyrýan Fars welaýatynyň paýtagty Marwdeşt şäheriniň golaýyndaky daglyk ýerden tapyldy
04.09.2025 19:00
12k+
Ýylyň ýabany tebigat suratçysy baýragyna dalaşgärleriň düşüren ilkinji suratlary çap edildi
Londonyň Tebigat taryhy muzeýi 61-nji “Ýabany tebigat boýunça ýylyň suratçysy” (Wildlife Photographer of the Year) bäsleşiginiň baýragyny almak ugrunda bäsleşjek ilkinji suratlary görkezdi. 2025-nji ýyldaky bäsleşige 60 636 talap haty gelip gowuşdy, bu taslamanyň taryhynda rekord sandyr
04.09.2025 18:43
9.6k+
Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň geçiriljek ýeri Aşgabatdan Awaza geçirildi
2025-nji ýylda Türkmenistanyň Maýa goýum forumyny (TIF 2025) geçirmek boýunça guramaçylyk komiteti çäräniň geçiriljek ýerini üýtgetdi. Forum 18–19-njy sentýabrda Hazar deňziniň kenaryndaky Awaza syýahatçylyk zolagynyň maslahatlar merkezinde geçiriler
04.09.2025 13:11
56k+
“Maraton” dükany 7 ýyllygy mynasybetli ähli aýakgaplaryna 40% - 50% arzanladyş aksiýasyny geçirýär
Iş, sport, gündelik gezelençler, umuman, durmuşyň ähli pursatlary üçin dünýä belli brendleriň erkeklere, aýallara we çagalara niýetlenen aýakgaplaryny hödürleýän “Maraton” dükanyna 7 ýyl dolýar. Şu mynasybetli “Maraton” dükanlarynyň ählisinde aýakgaplara uly arzanladyş aksiýalary geçirilýär
04.09.2025 13:09
2.6k+
Bennu asteroidiniň nusgalarynda Gün ulgamyndan hem gadymy bolan bölekler tapyldy
Alymlar Bennu asteroidiniň nusgalarynda Gün ulgamy emele gelmezden hem ozal ýüze çykan madda bölejiklerini tapdylar. Bu barada Nature Astronomy we Nature Geoscience žurnallarynyň neşirlerindäki makalalarda habar berildi
04.09.2025 12:44
11k+
Unudylan gämileriň dünýäsi: blogerler taşlanan gämileriň we uçarlaryň reýtingini düzdi
World Unearthed YouTube kanalynyň blogerleri birwagtlar işjeň ulanylyp, soňra dürli sebäplere görä taşlanan suw we howa gämileriniň ýa-da olaryň ýerleşýän ýerleriniň ilkinji onlugyny düzdi. Gyzykly ýeri, bu sanawda suwa giden “Titanik” ýaly has belli, öňünden çaklap boljak gämiler ýok
04.09.2025 12:13
9.1k+
Forbes tomusda oýunçylar üçin has köp çykdajy eden 10 futbol klubunyň reýtingini düzdi
1-nji sentýabrda Ýewropa futbolynda tomusky transfer penjiresi ýapyldy. Bu gezek Angliýadan klublar örän köp şertnama baglaşdy. Premýer-liganyň klublary oýunçy satyn almak üçin rekord 3,11 mlrd funt sterling (3,5 mlrd ýewrodan gowrak) sarp etdi, bu bolsa beýleki öňdebaryjy Ýewropa ligalarynyň bilelikdäki çykdajylaryndan hem ýokarydyr
04.09.2025 12:09
3.1k+
Marvel zombi supergahrymanlar barada animasion serialyň treýlerini görkezdi
Disney+ studiýasynyň “Zombi Marvel” animasion serialynyň ilkinji treýleri çykdy. Serial dört bölümden ybarat bolar, premýera 24-nji sentýabra meýilleşdirildi. Sýužet Ýeri zombi wirusynyň gurşap alyp, tutuş adamzady, şol sanda supergahrymanlaryň köpüsini janly ölülere öwrüşi barada gürrüň berýär
04.09.2025 12:05
2.5k+
Call of Duty oýny esasynda film düşüriler
Paramount studiýasy şuter žanryndaky meşhur Call of Duty oýnuny ekranlaşdyrmak bilen meşgullanar. Taslama Paramount bilen oýny işläp düzüji Activision kompaniýasynyň arasynda şertnama baglaşylandan soň resmi taýdan işe girizildi
04.09.2025 12:02
4.6k+
BSGG: depressiýa we was-waslyk her ýyl dünýä ykdysadyýetine $1 trln zyýan ýetirýär
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy “Häzirki günde global psihiki saglyk” we “Psihiki saglygyň atlasy 2024” hasabatlaryny hödürledi. Olarda bütin dünýäde dürli psihiki bozulmalardan 1 milliarddan gowrak adamyň ejir çekýändigi aýdylýar
04.09.2025 11:59
4.2k+
Ýapon şäheri ýaşaýjylaryny smartfon ulanylyşyny günde iki sagat bilen çäklendirmäge çagyrdy
Ýaponiýanyň Toýoake şäheriniň häkimligi onlaýn garaşlylyga garşy göreşiň çäklerinde ýaşaýjylary smartfon ulanylyşyny günde iki sagada çenli çäklendirmäge çagyrdy. Bu barada The Guardian habar berýär. Şäher häkimi Masafumi Koki bu çäräniň fiziki we psihiki saglyk meselelerine getirip biljek, şeýle-de ukyny bozup bilýän gurluşlaryň aşa köp ulanylmagynyň öňüni almaga gönükdirilendigini düşündirdi
04.09.2025 11:56
2.4k+
“Ol” filminiň köp bölümli prikweli Hellouiniň öňüsyrasy HBO Max-da çykar
“Ol: Derrä hoş geldiňiz” (Оно: Добро пожаловать в Дерри) serialy 26-njy oktýabrda, Hellouiniň öňüsyrasy HBO Max akym hyzmatynda çykar. Bu barada hyzmatyň X sosial ulgamyndaky resmi sahypasynda habar berildi. Serial Stiwen Kingiň “Ol” romanyna (1986) esaslanýar we “Ol” (2017) hem “Ol 2” (2019) horror filmleriniň prikwelidir
«
1
…
204
205
206
…
1118
»
«
1
…
201
202
203
204
205
206
207
208
209
…
1118
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.