OpenAI çagalaryň ChatGPT ulanyşyna gözegçilik etmek mümkinçiligini hödürledi

05.09.2025, 10:371,336

Tiz wagtdan ChatGPT-de ene-ata gözegçiligi elýeterli bolar. Bu barada OpenAI kompaniýasy resmi saýtynda habar berdi.

Hasaba alynmak üçin iň kiçi ýaş 13 ýaş diýlip kesgitlendi. Ene-atalar öz akkauntlaryny ýetginjegiň akkaunty bilen baglanyşdyryp, ChatGPT-niň jogaplaryna gözegçilik edip, işjeň funksiýalary dolandyryp (mysal üçin, çat-botuň ýadyny öçürmek) we ulgam ýetginjegiň ýüz tutmasy boýunça güýçli dartgynlylyk alamatlaryny kesgitlän ýagdaýynda habarnama alyp biler.
Funksiýanyň üstünde 60 ýurtdan 250-den gowrak hünärmen, şol sanda psihiki saglyk we ýaşlaryň ösüşi boýunça lukmanlar işledi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.