NBP International Awards-yň wersiýasyna görä ýabany tebigatyň iň gowy suratlary görkezildi

04.09.2025, 19:189,786
1 / 11

Nature's Best Photography International Awards baýragynyň eminleri her ýyl ýabany tebigatyň durmuşyny surata düşüren suratçylaryň ajaýyp işlerini ykrar edýärler.

Bäsleşik 2010-njy ýylda tebigaty goramaga ünsi çekmek we planetamyzyň ösümlik hem-de haýwanat dünýäsiniň özboluşlylygyny görkezmek maksady bilen döredildi. Emin agzalary her ýyl dünýäniň çar künjünden gelip gowşan iň manyly we täsirli suratlary saýlaýarlar.
2025-nji ýyldaky bäsleşigiň öňüsyrasynda NBP-niň wekilleri Ýerdäki ýaşaýşyň güýjüni, çäksiz gözelligini we dürlüligini görkezýän suratlar toplumyny çap etdiler.

Iň gowy suratlar:

Goňur aýylar, Katmaýyň milli seýilgähi we goraghanasy, Alýaska, ABŞ / © Amit Eşel (Amit Eshel)

Imperator pingwininiň üç basgançagy, Guld aýlagy, Antarktida / © Joşua Holko (Joshua Holko)

Kianglar agşam şapagy çagy, Sinhaý, Hytaý / © Şenfu Szýao (Shengfu Jiao)

Ak aýy öz çagalary bilen, Wapusk milli seýilgähi, Kanada / © Hang Sui (Hung Tsui)

Basiliscus plumifrons – wasiliskler tohumyndan bolan hažžyk, Boka-Tapada, Kosta-Rika / © Petr Bambuzek (Petr Bambousek)

Iberiýa garagulagy, Kastiliýa-La-Mança, Ispaniýa / © Amit Eşel (Amit Eshel)

Aýy öz awy bilen, Ýukon, Kanada / © Peter Mazer (Peter Mather)

Ak kelleli bürgüt we buz şarlawugy, Peterson aýlagy, Alýaska, ABŞ / © Klemens Wanderwýorf (Clemens Vanderwerf)

Goňur aýy we losos, Leýk-Klark milli seýilgähi, Alýaska, ABŞ / © Deniel D’Auria (Daniel D’Auria)

Guwlar, Derbişir, Angliýa / © Endy Parkinson  (Andy Parkinson)

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.