Saýlanan şäher
28 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Habarlar
Baş sahypa
/
Habarlar
27.07.2025 20:19
3k+
Google DeepMind emeli aňa latyn ýazgylarynyň ýitirilen böleklerini dikeltmegi öwretdi
Google DeepMind kompaniýasy gadymy latyn ýazgylarynyň ýitirilen böleklerini dikeltmäge ukyply Aeneas atly açyk neýroulgamy döretdi. Maglumat taslamanyň resmi web sahypasynda ýerleşdirildi. Işläp taýýarlama taryhçylara we epigrafistlere Rim ýazuwynyň zeper ýeten ýadygärliklerini düşündirmäge kömek etmegi maksat edinýär
27.07.2025 19:54
3.9k+
Porsche 911 modeliniň iň güýçli ýol wersiýasyny taýýarlaýar. Ol eýýämden Nýurburgringi eýmendirýär
Porsche 911-iň 2027-nji ýylda satuwa çykaryljak täze GT2 RS wersiýasynyň synaglaryny tamamlaýar. Nýurburgringde alnan suratlarda onuň ýaryş awtoulagyna ýakyndygy, ýöne jemgyýetçilik ýollary üçin hem amatly ulagdygy görünýär
27.07.2025 19:48
7.3k+
“Arsenal” 73,5 mln ýewro “Sportingden” Wiktor Dýokereşi satyn aldy
Londonyň “Arsenaly” Lissabonyň “Sporting” klubunyň hüjümçisi Wiktor Dýokereş bilen şertnama baglaşdy. Çeşmeleriň we Fabrisio Romanonyň maglumatlaryna görä, transfer mukdary 63,5 mln ýewro (goşmaça 10 mln bonus) boldy
26.07.2025 19:41
18k+
Türkmenistanly talyplar halkara inžener-tehnologik kompaniýalarda tomusky önümçilik tejribesinden geçdiler
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutyň talyplary we mugallymlary halkara inžener-tehnologik kompaniýalarda tomusky önümçilik tejribesinden geçdiler. Tejribelik 1–21-nji iýul aralygynda halkara
26.07.2025 18:29
10k+
Alymlar Stounhenj daşlaryny adamlaryň daşandygyny tassykladylar
Aberistuit uniwersitetiniň ylmy gözlegçileri Stounhenji emele getirýän daşlaryň bäş müň ýyldan gowrak ozal adamlar tarapyndan daşalandygyny subut etdi. Bu barada geçirilen ylmy barlaga salgylanyp, Daily Mail habar berýär
26.07.2025 18:27
5.6k+
Meta “beden diline” düşünýän ekransyz bilezigi döretdi
Meta kompaniýasy eliň hereketini bilmäge ukyply ekransyz bilezigiň täzelenen prototipini görkezdi. Ol ulanyjynyň goşaryndan alynýan maglumatlara esaslanýar. Gurluşyň mümkinçilikleri baradaky maglumatlary Nature žurnaly hödürledi
26.07.2025 18:25
5.9k+
Fabergé Bond baradaky filmiň şanyna 177 müň dollarlyk altyn ýumurtga çykardy
Fabergé zergärlik öýi Jeýms Bond baradaky wakalaryň üçünji bölümi bolan “Goldfinger” filminiň 60 ýyllygy mynasybetli 177 müň dollardan gowrak bahaly ýumurtgany hödürledi. Bu barada kompaniýanyň resmi saýtynda habar berilýär
26.07.2025 18:23
3.2k+
Google Photos-da suratlary janlandyrmak funksiýasy peýda boldy
Google Photos hyzmaty emeli aňyň esasynda täze funksiýalar bilen täzelenme aldy. Ulanyjylar hereketsiz suratlary alty sekuntlyk wideolara öwrüp, suratlar üçin anime, komiks, eskiz we 3D animasiýa ýaly düli wizual stilleri ulanyp biler diýip, TechCrunch neşiri ýazýar
26.07.2025 18:21
3.1k+
ChatGPT indi synaglara taýýarlanmaga kömek eder
ChatGPT web-programmasynda “Bilelikdäki okuw” (Study Together) ady bilen täze funksiýa yglan edildi, ol ýakyn wagtda ulanyjylara elýeterli bolar. Bu barada maglumat “Oka we öwren” bölüminde ýerleşdirildi. Täze funksiýanyň kömegi bilen ulanyjylar synaglara taýýarlanyp, çylşyrymly meseleleri çözüp we öý işlerini ýerine ýetirip biler
26.07.2025 18:20
6.8k+
Jon Uik baradaky filmleri dörediji “Calexit” komiksini ekranlaşdyrar
Jon Uik baradaky filmler bilen tanalýan amerikaly režissýor Çad Stahelski “Calexit” komiksi boýunça doly metražly film düşürer. Bu barada The Hollywood Reporter habar berýär. Ssenarini Black Mask Studios-yň prezidenti Matteo Pissolo ýazar, prodýuserler hökmünde Aleks Ýang, 87Eleven Entertainment-den Jeýson Spits, şeýle-de Pissolo, Brett Gurewis we Braýan Giberson çykyş eder
26.07.2025 18:18
8.6k+
Hytaýda 6G öýjükli ulgamy synagdan geçirildi: ol 50 Gb faýly 1,5 sekuntda iberýär
China Mobile aragatnaşyk operatory altynjy nesil torunyň ilkinji synaglarynyň başlanandygyny habar berdi. Synag infrastrukturasyna 10 esasy stansiýa gatnaşýar. Taslama diňe gözleg maksatlary bilen durmuşa geçirilýär we täjirçilik taýdan ulanylyşy göz öňünde tutmaýar diýip, MyDrivers portaly ýazdy
26.07.2025 18:16
10k+
Ilon Maskyň Neuralink kompaniýasy 2031-nji ýyla çenli ýylda 20 müň adama çip oturdar
Ilon Mask tarapyndan esaslandyrylan Neuralink kompaniýasy 2031-nji ýyla çenli her ýyl öz çiplerini 20 müň adamyň beýnisine oturtmagy we ýylda azyndan 1 mlrd dollar gazanmagy meýilleşdirýär. Bu barada maýadarlar üçin içki tanyşdyryşa salgylanyp, Bloomberg habar berýär
26.07.2025 17:49
4.5k+
Mercedes özüniň esasy C-Class Estate uniwersalyny gaýtadan işlemäge taýýarlanýar
Mersedes-Benz C-Class Estate uniwersalyny gaýtadan işlemäge taýýarlanýar. Modeliň ilkinji çykyşy 2026-njy ýylyň ortalaryna meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda ol Günorta Ýewropada synagdan geçýär. Ogryn düşürilen suratlar awtoulagyň dizaýnyna, tehnologiýasyna we gibrid ulgamlaryna üýtgeşmeleriň girizilendigini görkezýär
26.07.2025 17:44
5.4k+
GM ulaglaryna sürüjiniň keýpini duýmagy we interýeri şoňa görä sazlamagy öwreder
General Motors sürüjiniň ýa-da ýolagçylaryň emosional ýagdaýyny tanaýan we awtoulagyň içini şoňa sazlaýan tehnologiýany patentledi. Ulgam keýpiňi seljermek üçin kameralary, mikrofonlary, ýüregiň urşunyň sensorlaryny we dem alşy duýýan datçiklerini ulanýar
26.07.2025 17:34
15k+
Italiýada etrusklaryň saç üçin halkalary bolan 2600 ýyllyk el degrilmedik mazary tapyldy
Beýlor uniwersitetinden Dawid Zoriýanyň ýolbaşçylygyndaky arheologlar topary Italiýada etrusklaryň (b.e. öňki I müňýyllykda ýaşan gadymy medeniýet) 2600 ýyllyk el degrilmedik mazaryny tapdy. Rimden 70 km uzaklykda ýerleşýän bu tapyndy Gadymy Rimiň döremezinden öňki taryhy öwrenmek üçin iň möhüm maglumatlaryň biri hasaplanýar diýip, uniwersitetiň resmi saýty habar berýär
26.07.2025 17:04
5.8k+
Aşgabatdaky Kikboks we Boks zaly çagalar hem ýetginjekler üçin türgenleşikleri guraýar
Aşgabatda Olimpiýa şäherçesinde ýerleşýän Kikboks we Boks zaly 6 ýaşdan 18 ýaşa çenli çagalary hem ýetginjekleri sportuň kikboks we boks görnüşleri boýunça türgenleşiklere ýazylmaga çagyrýar. Sportuň bu görnüşleri boýunça ussat tälimçiler islendik çaganyň fiziki işjeňligini, tizligini we çydamlylygyny ýokarlanmaklaryna, beden taýýarlygyny taplamaklaryna, urgy tehnikalaryny özleşdirmeklerine ýardam ederler
26.07.2025 17:01
4.5k+
ABŞ-ly alymlar plastmassanyň, metalyň we aýnanyň häsiýetlerini birleşdirýän material döretdiler
Tehas ştatynyň Hýuston şäherindäki Raýs uniwersitetiniň we Hýuston uniwersitetiniň alymlary bakterial sellýulozadan täze material döretdiler. Ol metalyň güýjüni, plastmassanyň çeýeligini we aýnanyň durulygyny özünde birleşdirýär
26.07.2025 16:58
2k+
Microsoft-yň Surface Laptop 5G noutbugy sekuntda 40+ trillion amaly ýerine ýetirýän NPU-ny aldy
Microsoft gibrid birikmesi bolan Surface Laptop 5G-niň korporatiw wersiýasyny bildiriş etdi. Enjam 26-njy awgustda 1799 dollardan satuwa çykar diýip, The Verge ýazýar. Täze önüm nano-SIM üçin lotok we eSIM moduly bilen enjamlaşdyrylyp, Wi-Fi-ýa bagly bolmazdan 5G toruna birikmegi üpjün edýär
26.07.2025 16:52
6.5k+
Made for Germany: Iri nemes kompaniýalary öz ýurdunyň ykdysadyýetine 631 mlrd ýewro maýa goýar
60-dan gowrak iri nemes kompaniýasy kansler Fridrih Mersiň Made for Germany (“Germaniýa üçin öndürilen”) başlangyjyny goldady we üç ýylyň dowamynda Germaniýanyň ykdysadyýetine 631 milliard ýewro maýa goýmaga borçlandylar
26.07.2025 16:51
5.8k+
Osloda gazuw-agtaryş işleri mahalynda takmynan 7 asyr ozalky müňlerçe deri artefaktlar tapyldy
Arheologlar Oslo duralgasyndan müňlerçe deri artefaktlary tapdylar. Tapyndylaryň arasynda XIII we XIV asyrlara degişli aýakgap, torbalar, gapjyklar we gylyç gynlary bar diýip, Live Science ýazýar. Gazuw-agtaryş işleri başlangyç we orta mekdebiň gurulmagy meýilleşdirilýän D2 meýdançasynda geçirilýär
26.07.2025 16:48
5.5k+
Beýik Britaniýada depressiýaly hassalary futbol bilen “bejererler”
Beýik Britaniýada ýeňil we ortaça depressiýasy bolan hassalara lukmançylyk görkezmesi hökmünde futbol oýunlaryna baryp görmek maslahat berler. Özboluşly başlangyç barada The Independent ýazýar. Taslama Leýboristik partiýadan parlamentiň agzasy Saýmon Ofer we Ecotricity energetika kompaniýasynyň eýesi Deýl Wins tarapyndan işlenip taýýarlandy
26.07.2025 16:42
5.5k+
Hytaýda öz işinden ýadan adamlar üçin klinika açyldy
Hytaýyň Sinhuandao şäherindäki adaty hytaý we günbatar lukmançylyk hassahanasynda argynlykdan ejir çekýän adamlar üçin "Dislike Going to Work Clinic" ady bilen klinika açyldy. Bu barada South China Morning Post neşiri habar berýär
26.07.2025 16:40
2.9k+
Netflix meşhur “Uensdeý” serialyny üçünji möwsüme uzaltdy
Netflix platformasynyň taryhynda iň meşhur iňlis dilli serial “Uensdeý” üçünji möwsüme uzaldyldy. Bu barada platformanyň resmi saýtynda habar berildi. Mundan başga-da, taslamanyň režissýory Tim Býorton we baş keşbi ýerine ýetiriji Jenna Ortega The Hollywood Reporter bilen söhbetdeşlikde spin-offy döretmek mümkinçiliginiň maslahatlaşylýandygyny aýtdy
26.07.2025 16:38
1.8k+
Microsoft Pariždäki Notr-Dam-de-Pari ybadathanasynyň sanly nusgasyny döreder
Microsoft kompaniýasy Fransiýanyň hökümeti bilen bilelikde Pariždäki Notr-Dam-de-Pari ybadathanasynyň sanly nusgasyny döreder. Bu barada Microsoft-yň prezidenti Bred Smite salgylanyp, Reuters agentligi habar berýär
26.07.2025 14:46
5.7k+
“Mortal Kombat 2” filminiň treýleri rekord goýdy
“Mortal Kombat 2” filminiň treýleri wideolaryň Red Band wersiýalarynyň arasynda tomaşa sany boýunça täze rekord goýdy. Bu barada Deadline neşiri habar berýär. Çeşmäniň maglumatlaryna görä, wideonyň ýaş çäklendirmesi bolan wersiýasy ilkinji 24 sagatda 106,8 mln tomaşa ýygnady
26.07.2025 13:05
3.6k+
Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň täze bellenen ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi
25-nji iýulda Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şumin Prezident Serdar Berdimuhamedowa ynanç hatyny gowşurdy. “Biz ähli derejede syýasy dialogyň has-da giňeldilmegine aýratyn ähmiýet berýäris
26.07.2025 13:00
12k+
1-nji awgustdan Türkmenistanyň Hökümetiniň ýolbaşçylary zähmet rugsadyna çykarlar
25-nji iýulda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly şu aýdaky soňky mejlisi geçirildi. 1-nji awgustdan başlap oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryndan hem-de welaýat häkimlerinden beýleki ýolbaşçylaryň zähmet rugsady başlanýar
26.07.2025 12:54
22k+
Hazar deňziniň derejesiniň peselmegi suwdaky jandarlaryň günorta süýşmegine getirdi
Hazar deňzi gözegçiligiň bütin taryhynda rekord pes derejä – ýörite Baltika ulgamy boýunça minus 29 metre ýetdi. Şeýle maglumatlary Bütinrussiýa balyk hojalygy ylmy-gözleg institutynyň Hazar şahamçasynyň hünärmenleri berýär diýip, TASS belleýär
26.07.2025 12:27
2.1k+
82-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň programmasy yglan edildi
82-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň programmasy yglan edildi. Şu ýyl kinofestiwal 27-nji awgustdan 6-njy sentýabr aralygynda Lido adasynda geçiriler. Esasy bäsleşige Jim Jarmuş (Kaka Eje Uýa Dogan / Отец Мать
26.07.2025 12:26
8.7k+
Hakerler ygtybarsyz parol sebäpli 158 ýyllyk britan kompaniýasyny ýok etdi
Hakerler topary bir ygtybarsyz parolyň netijesinde 158 ýyllyk kompaniýany ýok edip, 700 adamy işsiz goýup bildi diýip, BBC habar berýär. Nortgemptonşirde (Beýik Britaniýa) ýerleşýän KNP ulag kompaniýasy Akira hakerler toparynyň kiberhüjümi netijesinde öz işini bes etdi
26.07.2025 12:23
7.1k+
43 ýaşly şotlandiýaly aýal öz erkek bäsdeşinden 2 sagat öňe geçip, ultramarafonda ýeňiji boldy
43 ýaşly şotlandiýaly aýal Anna Razerford 160 kilometrden gowrak aralygy 17 sagat 23 minutda ylgap geçip, Rat Race ultramarafonynda ýeňiji boldy. Edinburgh Live-iň habar bermegine görä, ol özüniň ýakyn erkek bäsdeşinden iki sagatdan gowrak öňe geçip, täze ýaryş rekordyny goýdy
26.07.2025 12:03
4.8k+
Toyota meşhur RAV4-i üçin uly täzelenme taýýarlaýar
Toyota 2024-nji ýylda ABŞ-da iň köp satylan iň meşhur RAV4 krossoweri üçin möhüm täzelenme taýýarlaýar. ABŞ-ly dilerleriň bellemegine görä, modeliň täze nesli 2026-njy ýylda peýda bolar we kuwwaty 320 at güýjüne deň we ýöreýiş ätiýaçlygy 80 km çenli bolan elektrik gibrid we elektrik görnüşlerini (HEV we PHEV) hödürlär
26.07.2025 11:59
3.1k+
NASA we Hindistan Ýere syn ediş hemralaryndan iň gymmatlarynyň birini uçurmaga taýynlanýar
30-njy iýulda ABŞ-nyň Milli aeronawtika we kosmos giňişliginiň barlaglary dolandyryş gullugy (NASA) we Hindi kosmos barlaglary guramasy (ISRO) tarapyndan işlenip düzülen NISAR Ýere gözegçilik hemrasyny (NASA-ISRO Synthetic Aperture Radar) uçurmak meýilleşdirilýär
26.07.2025 11:57
4.1k+
ABŞ-da Uber zenanlara aýal sürüjileri saýlamaga mümkinçilik berer
Uber kompaniýasy 2025-nji ýylyň awgustyndan ABŞ-da zenan ýolagçylara aýal sürüjileri saýlamaga mümkinçilik berýän synag funksiýasyny işe girizer. Bu barada CNBC habar berýär. Hyzmat Los-Anjeles, San-Fransisko we Detroýt şäherlerinde elýeterli bolar
26.07.2025 11:55
5.1k+
Günorta Koreýa 2045-nji ýyla çenli Aýda öz bazasyny gurar
Günorta Koreýa 2045-nji ýyla çenli Aýda öz bazasynyň gurluşygyny tamamlamagy meýilleşdirýär. Aeroskosmos tehnikasy boýunça Döwlet koreý edarasy (KASA) degişli meýilnamany Tejondaky Koreýanyň Milli gözleg gaznasynda geçirilen ýygnakda hödürledi diýip, The Korea Times habar berýär
26.07.2025 11:35
7.5k+
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda «Elektron hökümet» ulgamy babatda taýýarlanan teklibi makullady
25-nji iýulda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer M.Çakyýew ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmak we olara döwrebap çözgütlere esaslanýan innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi
26.07.2025 11:29
2.6k+
Türkmenistanyň Prezidenti ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlyk boýunça teklipleri makullady
25-nji iýulda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Prezidentiniň BMG-niň çäginde öňe sürýän ynsanperwer başlangyçlaryny mundan beýläk-de iş ýüzünde amala aşyrmak maksady bilen, birnäçe teklipleri hödürledi
26.07.2025 09:32
5.3k+
23-nji awgustda Türkmenistanyň öňdebaryjy bilim işgärleriniň maslahaty geçiriler
Türkmenistanda 2025-2026-njy täze okuw ýylyna taýýarlygyň çäklerinde 23-nji awgustda ýurdumyzyň öňdebaryjy bilim işgärleriniň maslahatyny geçirmek meýilleşdirilýär. Bu barada wise-premýer B.Orazdurdyýewa Hökümet mejlisinde hasabat berdi
26.07.2025 09:26
5.6k+
Türkmenistanda energetika desgalarynda meýilnamalaýyn esasda abatlaýyş işleri geçirilýär
Türkmenistanyň Energetika ministrligi tarapyndan elektrik stansiýalarynda, dürli güýjenmeli asma elektrik geçiriji ulgamlarda, beketlerde meýilnamalaýyn esasda abatlaýyş işleri ýerine ýetirildi. Bu barada wise-premýer B
26.07.2025 09:22
2.7k+
Türkmenistan 2025-nji ýylda SPECA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde “SPECA günlerini” geçirmäge taýýarlyk görýär
Türkmenistan 2025-nji ýylda ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynda (SPECA) başlyklyk etmeginiň çäklerinde göz öňünde tutulan halkara çäreleri guramaçylykly geçirmek boýunça degişli işleri alyp barýar
«
1
…
228
229
230
…
1118
»
«
1
…
225
226
227
228
229
230
231
232
233
…
1118
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.