Microsoft Pariždäki Notr-Dam-de-Pari ybadathanasynyň sanly nusgasyny döreder

26.07.2025, 16:381,852

Microsoft kompaniýasy Fransiýanyň hökümeti bilen bilelikde Pariždäki Notr-Dam-de-Pari ybadathanasynyň sanly nusgasyny döreder. Bu barada Microsoft-yň prezidenti Bred Smite salgylanyp, Reuters agentligi habar berýär.

Onuň aýtmagyna görä, ybadathananyň sanly nusgasy ulanyjylara Notr-Damy ýörite baryp bilmedik ýagdaýlarynda wirtual görnüşde synlamaga mümkinçilik berer. Kompaniýa taslamanyň binanyň binagärlik aýratynlyklary barada takyk maglumatlary saklamaga-da kömek etjekdigini belleýär.

“Sanly nusganyň döredilmegi hut häzir 100 ýyldan hem ulanylyp bilinjek aýratyn gymmatly maglumatlara elýeterliligi üpjün eder” – diýip, Bred Smit belledi.

Microsoft 2019-njy ýyldan bäri medeni mirasy we taryhy wakalary sanlylaşdyrmak bilen meşgullanýar. Eýýäm durmuşa geçirilen taslamalaryň arasynda Gresiýadaky Gadymy Olimpiýa, Fransiýadaky Mon-Sen-Mişel we Normandiýada soýuzdaşlaryň gelmeginiň 80 ýyllygynyň dikeldilmegi bar.
Ozal kompaniýa Fransiýanyň Iconem firmasy bilen hyzmatdaşlykda Watikandaky Keramatly Pýotryň ybadathanasynyň sanly nusgasyny döretmäge gatnaşdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.