Netflix “Jadygöý” serialy üçin soňky möwsümleri hasaba almazdan $500 mln sarp etdi
Netflix akym hyzmaty “Jadygöý” (Ведьмак) fentezi serialy bilen baglanyşykly taslamalara ýarym milliard dollardan gowrak maýa goýdy. Bu barada Redanian Intelligence portaly ýazýar. Çeşmäniň hasaplamalaryna görä, esasy serialyň üç möwsümini, prikweli, şeýle-de geçen ýyl ýatyrylan “Serhet alakalary” (Крысы Пограничья) spin-offuny döretmek üçin platforma eýýäm 500 mln dollardan gowrak sarp etdi