Türkmen alabaýynyň baýramy oktýabryň soňky ýekşenbesine geçirildi

27.12.2021, 19:267,093

Türkmenistanda Türkmen alabaýynyň baýramy indiden beýläk her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilip geçiler. Degişli resminama Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi, Halkara Türkmen alabaý itleri assosiasiýasy bilen bilelikde Türkmen alabaýynyň baýramyny ýokary derejede hem-de guramaçylykly bellenilip geçilmegini üpjün eder.
Bilşimiz ýaly, ýurdumyzda şu ýyl ilkinji gezek Türkmen alabaýynyň baýramy Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bilelikde apreliň aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilip geçilipdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.