«Ajaýyp ýedilik» toparyna girýän tehnologiýa kompaniýalarynyň umumy bazar gymmaty iýun aýynda takmynan 2,3 trillion dollar aşaklady. Muňa maýadarlaryň bu kompaniýalaryň emeli aň infrastrukturasyny ösdürmek üçin goýýan ägirt uly çykdajylaryna bolan ünsüniň has-da artmagy sebäp boldy diýip, Investing portaly ýazýar.
Bu toparyň düzümine Microsoft, Nvidia, Alphabet, Apple, Meta Platforms, Tesla we Amazon girýär.
Mysal üçin, Amazon, Microsoft, Alphabet we Meta kompaniýalary emeli aň hyzmatlaryny ösdürmek üçin çipleri satyn almaga we maglumatlary işläp taýýarlaýan merkezleri gurmaga ýüzlerçe milliard dollar maýa goýýarlar, bu çykdajylaryň bir bölegi bolsa karz serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýär.
Iýun aýynda Microsoft-yň aksiýalary 20%, Nvidia-nyňky takmynan 13%, Apple we Amazon-yňky bolsa hersi aýratynlykda 8% töweregi aşaklady. Maýadarlar iýul aýynda başlanjak ikinji çärýegiň maliýe hasabatlarynyň çap edilmegine garaşýarlar.
Şol bir wagtyň özünde, Filadelfiýanyň ýarymgeçirijiler indeksi bir aýyň içinde takmynan 6%, ýylyň başyndan bäri bolsa 90%-den gowrak ýokarlandy. Bu ösüş iri tehnologiýa kompaniýalary tarapyndan bolan ýokary isleg bilen baglydyr. Şeýle-de bu isleg käbir bölekleriň şol sanda ýat mikroshemalarynyň gytçylygyna getirdi we olaryň bahalarynyň ýokarlanmagyna sebäp boldy.