Ýapon ýenasynyň ABŞ-nyň dollaryna bolan hümmeti 1986-njy ýyldan bäri iň pes derejä çenli aşaklady. 29-njy iýunda Nýu-Ýorkdaky söwda geleşiklerinde 1 dollar 162,41 ýena (şu habar çap edilen wagty– 162,65) barabar boldy. Reuters agentliginiň berýän maglumatlaryna görä, ýapon walýutasy eýýäm yzygiderli dördünji çärýek peselmegini dowam etdirýär.
Ýaponiýanyň Bankynyň esasy göterim durnuklylygyny 1995-nji ýyldan bärdäki iň ýokary görkeziji bolan 1%-e çenli ýokarlandyrmak baradaky kararyna garamazdan, ýenanyň hümmetiniň gaçmagy dowam etdi. Reuters ýenanyň dinamikasyna täsir eden şertleriň hatarynda dünýädäki geosyýasy ýagdaýlary we ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamy tarapyndan göterim durnuklylygynyň has-da ýokarlandyrylmagyna bolan garaşmalary görkezýär.
Agentligiň bu boýunça habarlaşan seljerijileri ýakyn wagtda Ýaponiýanyň Banky milli walýutany goldamak üçin walýuta interwensiýalaryna (bazara gatyşmak çärelerine) baş urup biler diýip çaklaýarlar.
Ýenanyň hümmetiniň pes bolmagy ýapon eksportçylarynyň bäsdeşlik ukybynyň artmagyna ýardam edýär, ýöne şol bir wagtyň özünde importyň gymmatlamagyna getirýär. Ýaponiýa üçin bu ýagdaý aýratyn ähmiýete eýedir, çünki ýurduň ykdysadyýeti eksporta gönükdirilen hem bolsa, energiýa göterijileri babatda tas dolulygyna daşary ýurtlardan getirilýän önümlere baglydyr.