Serdar Berdimuhamedow täjigistanly kärdeşini ýurduň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

08.09.2022, 18:505,519

Prezident Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona we ýurduň ähli doganlyk halkyna Täjigistan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda Täjigistan Respublikasy döwlet gurluşyny berkitmekde, halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda we ýurduň halkara giňişlikdäki abraýyny ýokarlandyrmakda uly üstünlikleri gazandy” diýlip, gutlag hatynda bellenilýär.

Döwlet Baştutany Türkmenistanyň Täjigistan bilen  hoşniýetli goňşuçylyga, deňhukuklylyga, sylag-hormata we birek-birege goldaw bermäge pugta esaslanýan dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklara uly ähmiýet berýändigini belläp, türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň bilelikdäki tagallalar netijesinde dostlukly halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine hem-de çuňlaşdyryljakdygyna berk ynam bildirdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.