Messi ýene-de Louis Vuitton-yň reklamasynda düşdi

15.04.2023, 09:3936,147
1 / 2

Lionel Messi Louis Vuitton fransuz modalar öýüniň täze reklama kampaniýasynyň gahrymany boldy.

«PSŽ-niň» hem-de Argentinanyň hüjümçisi Louis Vuitton-yň Horizon kolleksiýasyndan çemodanlaryň mahabatynda surata düşdi. Fotoçy Glen Lakford tarapyndan düşürilen suratlarda futbolçy gara jalbar-kostýumda hem-de çelsi aýakgaplarynda düşdi.
2022-nji ýylyň noýabrynda Messi Kriştianu Ronaldu bilen bilelikde Louis Vuitton-yň reklamasynda düşdi. Fotoçy Enni Leýbowis futbolçylary küşt ýaryşynyň başynda oturtdy. Ýöne küşt tagtasyna derek Louis Vuitton-yň çemodany goýuldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.