Türkmenistanyň Prezidenti we Halk Maslahatynyň Başlygy Oleg Kononenkony doglan güni bilen gutladylar

21.06.2023, 07:1923,766

Prezident Serdar Berdimuhamedow hem-de Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Roskosmos» döwlet korporasiýasynyň tälimçi-kosmonawty, instruktor, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi, Türkmenistanyň Gahrymany Oleg Kononenkony doglan güni bilen gutladylar.

Ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutany oňa berk jan saglyk, uzak ömür we maşgala abadançylygyny, adamzadyň ösüşine gönükdirilen hünär işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Öz gezeginde, Halk Maslahatynyň Başlygy oňa tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür we bagtyýarlyk, älem giňişligini özleşdirmek işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.