Mazda CX-50 we CX-90 krossowerleri bilen ýitgisiniň öwezini doldy

08.08.2023, 18:518,450

Ýaponiýanyň «Mazda» kompaniýasy CX-50 we CX-90 kysymly täze krossowerlerine islegiň ýokary bolandygy sebäpli girdejisini artdyrdy diýip, gazeta.ru «Automotive News Europe» neşirine salgylanyp habar berýär.

Şu ýylyň birinji ýarymynda «Mazda» kompaniýasynyň girdejisi 210 mln dollara çenli artdy. Şeýlelikde, bu girdeji geçen ýylky 136 mln dollarlyk ýitginiň öwezini doldy.
Hasabat döwründe awtoulaglaryň satuwy 32%, ýagny 309 müň sany ulaga çenli artdy. Bu ösüş Demirgazyk Amerikada satuwyň 61%, Ýewropada bolsa 46% artmagy bilen baglanyşyklydyr.
«Mazda» kompaniýasynyň maliýe müdiri Jeffri Gaýtonanyň bellemegine görä, täze krossowerler, şol sanda CX-50 we CX-90 her bir ulagdan garaşylýan girdejiden iki esse artyk serişde getirýär. Esasan hem ABŞ-da bu ulaglara isleg köp.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.