Awstraliýada geçen asyryň başynda çykan «1-lik» awtomobil belgi üçin 6,7 million dollar teklip edilýär

18.12.2023, 21:436,684

Lloyds auksion öýi Awstraliýada baryp-ha geçen asyryň başynda berlen örän seýrek hasaba alnyş belgisini bäsleşikli söwda bilen satýar. NSW (Täze Günorta Uels) gysgaltmasy bolan we 1-lik san belgili ýazgy tagtasyna eýýäm ýerli dollarda 10 010 000 (takmynan, 6,7 million amerikan dollary) baha kesildi. Şunlukda, 27-nji ýanwara çenli belgi üçin söwdalaşyp bolýar we bahanyň ondanam galmagy mümkin.

Awstraliýada awtoulaglar üçin hasaba alnyş belgileri Beýik Britaniýanyň mysalynda 1910-njy ýylda berlip başlandy. Sandan çen tutsaň, satuwa çykarylan nusga NSW-niň ilkinji belgisi bolmaly: auksionçylar munuň polisiýanyň komissarynyň awtoulagyna berlendigini aýdýarlar.
Bu belgi soňra telekeçi Frederik Stýuarta degişli bolupdyr, ony 1961-nji ýyla çenli, ýagny  dünýäden ötýänçä özi, soň bolsa dul aýaly Meýjori Stýuart ulanypdyr. Maglumata görä, ol bu nyşany 1988-nji ýylda 200 000 dollara satmak barada edilen teklipden ýüz öwrüpdir. Meýjori 2000-nji ýylda aradan çykdy, indi bolsa nyşan mirasdüşerleri tarapyndan satuwa çykarylýar.
Lloyds şular ýaly belgileriň, adatça, miras geçirilýänligi sebäpli, satuwa örän seýrek çykýandygyny belleýär. NSW 1 nyşany  geçen asyryň başyndan bäri ilkinji gezek auksiona çykaryldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.