Apple Presto: iPhon-yň iOS-yny indi gutusyny açmazdan täzeläp bolar

27.03.2024, 08:159,986

Apple Apple Store-nyň işgärlerine telefonyň gutusyny açmazdan, iPhone-nyň programma üpjünçiligini simsiz ulgam arkaly täzelemäge mümkinçilik berýän täze Presto ulgamyny çykarmaga taýynlanýar.

Bloomberg-iň wekili Mark Gurmanyň sözlerine görä, şeýle ulgam aprel aýynda ABŞ-nyň Apple Store dükanlaryna giňden ýaýrap başlar we “tomsuň başyna” çenli ABŞ-nyň ähli dükanlaryna baryp ýeter. Bu amal 2023-nji ýylyň ahyryndan başlap Apple Store dükanlarynda synagdan geçirilýär.
9to5Mac iOS 17.2-de bu aýratynlygyň bardygynyň subutnamasyny tapdy.

Presto-nyň işleýşi şeýle:

  • iPhone-ly gutular aýakgabyň demir gutusyna meňzeýän enjamda ýerleşdirildi.
  • MagSafe-i we beýleki simsiz tehnologiýalary ulanyp, Presto iPhone-ny işledýär, programma üpjünçiligini täzeleýär we soňra öçürýär.
  • Telefon tutuş prosesiň dowamynda gutusynda galýar.

Täze iPhone-nyň eýeleri satyn alanlaryndan soň enjamlaryny täzelemek üçin wagt ýitirmeli bolmazlar.
Mundan başga-da, bu dükanlaryň ammarlarynda köne iPhone-laryň sanynyň azalmagyna getirer.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.