Ýapon awtobezeg ussahanasy Mazda MX-5-i klassiki Porsche-ä öwürýär

17.02.2025, 12:046,811
1 / 6

«HeartBeat» atly ýapon týuning ussahanasy köne Mazda MX-5-i (birinji nesil Miata) düýbünden üýtgedip, ony klassiki Porsche-ä meňzetmegiň özboluşly usulyny hödürleýär diýip, «Carscoops» habar berýär.

Ýörite niýetlenen bodikit (týuning toplumy) ulagyň daşky keşbini düýpgöter üýtgedýän kuzow detallaryny we optiki elementleri öz içine alýar.
Týunerler Mazda-nyň yza çekilip çykýan (pop-up) original çyralarynyň ýerine, köne MINI ulaglardan alnan optikalary ulagyň täze ganatlarynyň içine ýerleşdirýärler. Şeýle-de, ulagyň kapotuna howa girelgeleri goşulýar. Kontrast reňk bilen hödürlenýän we howa girelgeleri bolan kapot ony Porsche ulaglara has-da meňzedýär.
Týuning toplumy diňe çyralar we kapot bilen çäklenmeýär. Teker arkalary giňeldilýär we olar ýörite poroglar bilen birleşdirilýär. Şeýle-de ulag üçin aýratyn diskler hödürlenýär. Ulagyň arka tarapyna uly antiwing (spoýler) ornaşdyrylýar, öň tarapynda bolsa täze bamper ulanylýar. Toplumdaky ähli kuzow detallary berkidilen we ýokary hilli plastmassadan ýasalýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.