2026-njy Türkmenistanda Medeniýet hepdeliginiň geçiriljek ýeri kesgitlenildi

27.06.2025, 19:015,361

27-nji iýunda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B.Seýidowa Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmek hakynda Kararyň taslamasyny hödürledi.  Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, nobatdaky Medeniýet hepdeligini 2026-njy ýylyň 22-27-nji iýuny aralygynda geçirmek göz öňünde tutulýar.
Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip,  şu gün ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň giňden bellenilýändigini hem-de milli medeniýetimizi,   sungatymyzy ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi.
Şeýle hem döwlet Baştutany 2026-njy ýylda «Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmek hakynda» Karara gol çekdi. 
2025-nji ýylda Medeniýet hepdeligi Ahal welaýatynda geçirilýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.