Ledi Gaga “Uensdeýiň” ikinji möwsümi üçin täze aýdym ýazdy

05.08.2025, 15:165,359

Aýdymçy Ledi Gaga “Uensdeý” serialynyň ikinji möwsümi üçin ýörite täze aýdym çykarar. Bu barada Variety habar berýär.

Aýdym “Dead Dance” (Öli tans edýär) diýlip atlandyrylar, aýdymyň resmi taýdan sentýabrda çykmagyna garaşylýar, ýöne takyk sene belli däl. Şeýle-de, Gaga “Uensdeýiň” täze bölümlerinde peýda bolar, ol “Newermor” akademiýasynyň mugallymy Rozalin Rotwudy oýnar.
Ýatlap geçsek, birinji möwsüm çykandan soň, filmiň gahrymany Uensdeýiň (Jenna Ortega) Gaganyň “Bloody Mary” aýdymy bilen tans edişini görkezýän serialdan sahna bölekleri internetde meşhurlyk gazanypdy.
Serialyň ikinji möwsüminiň premýerasy Netflix-de 6-njy awgustda bolar, soňky bölümler 3-nji sentýabrda görkeziler. Serial ozal üçünji möwsüme uzaldyldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.