Google «Dalçynly bulka» taýýarlaýar — Android 17-niň şertli ady şeýle

13.08.2025, 07:353,105

Google Android 17-iň täze wersiýasyna «Dalçynly bulka» (Cinnamon Bun) diýen şertli ady berdi. Operasion ulgamyň durnukly wersiýasynyň 2026-njy ýylyň iýun aýynda çykarylmagyna garaşylýar.

Android wersiýalaryna süýjülikleriň ýa-da desertleriň adyny bermek däbi 2019-njy ýyla çenli dowam edipdi. Android 10-yň çykmagy bilen kompaniýa bu şertli atlary köpçülige ýetirmegini bes etdi. Ýöne kompaniýanyň içinde işläp düzüjiler bu tejribäni dowam etdirdiler.
Soňky wersiýalaryň atlary hem süýjülikler bilen baglanyşykly boldy: Android 14 — Upside Down Cake, Android 15 — Vanilla Ice Cream, Android 16 — Baklava.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.