III çärýekde BMW-niň düşewündi 3,6 esse ýokarlandy, ýöne girdeji azaldy

08.11.2025, 00:593,222

BMW AG nemes awtoöndürijisi 2025-nji ýylyň üçünji çärýeginde arassa girdejiniň 3,6 esse – 1,7 mlrd ýewro ýa-da paý üçin 2,74 ýewro çenli ýokarlanandygyny habar berdi. Bu barada kompaniýanyň hasabatynda aýdylýar.

Şol bir wagtyň özünde, iýul – sentýabr aýlary üçin girdeji 32,31 mlrd ýewro boldy, bu geçen ýylky görkezijiden (32,41 mlrd ýewro) biraz pesdir. Muňa garamazdan, operasion girdeji (EBIT) 33,3% ýokarlanyp, 2,26 mlrd ýewro boldy, marža 2,6%-den 7,2%-e ýetdi.
Oktýabrda kompaniýa 2025-nji ýyl üçin çaklamasyna gaýtadan seredip, awtomobil segmentinde garaşylýan maržany öňki 5-7%-den 5-6%-e çenli peseltdi. BMW muny Hytaýyň bazarynda islegiň pese gaçmagy bilen düşündirdi.
BMW, MINI we Rolls-Royce awtomobilleriniň satuwy üçünji çärýekde 588,14 müň birlige ýetdi, bu geçen ýylkydan 8,7% köpdür. Ýewropada satuw 9,3%, ABŞ-da tas 25% ýokarlandy. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.