Mark Sukerberg Facebook-yň koduny ýazan wagty diňlän aýdymlaryny paýlaşdy

06.02.2026, 14:023,660

Mark Sukerberg mundan 22 ýyl ozal Facebook-y işläp düzen döwründe diňlän aýdymlaryndan ybarat bolan pleýlistini Spotify platformasynda köpçülige hödürledi.

​Bu pleýlistde jemi bäş sany kompozisiýa bar:

  • ​Trapt toparynyň «Headstrong» aýdymy;
  • ​Audioslave toparynyň «Like a Stone» aýdymy;
  • ​Hoobastank toparynyň «The Reason» aýdymy;
  • ​Linkin Park toparynyň «In the End» aýdymy;
  • ​Daft Punk toparynyň «Harder, Better, Faster, Stronger» aýdymy.

​Sukerbergiň aýtmagyna görä, ol taslamanyň kodlarynyň üstünde işleýärkä bu aýdymlary yzly-yzyna, gaýta-gaýta diňläpdir. Pleýlistiň daşky suraty (oblojkasy) hökmünde bolsa onuň şol döwürde düşen öz suraty ulanylypdyr.
​Häzirki wagtda bu aýdymlar toplumy Spotify platformasynda diňlemek üçin elýeterlidir.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.