Daşky gurşawy goramak ministri wezipesinden boşadyldy

14.02.2026, 09:007,836

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Çarygeldi Gurbangeldiýewiç Babanyýazowy daşky gurşawy goramak ministri wezipesinden boşatdy.
Babanyýazow bu wezipäni 2023-nji ýylyň iýul aýyndan bäri ýerine ýetirýärdi.
Döwlet Baştutany daşky gurşawy goramak ministri wezipesine Öwezgeldi Amanberdiýewiç Goşjanowy belläp, ony ministriň orunbasary wezipesinden boşatdy we degişli resminamalara gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.