Mör-möjekleriň haýran galdyryjy dünýäsi 2025-nji ýylyň iň gowy suratlarynda

19.02.2026, 04:503,612
1 / 11

​Patyşalyk entomologiýa jemgyýeti mör-möjekleriň dünýäsine bagyşlanan makro-suratlaryň tapgyryny çap edip, özüniň her ýylky fotosuratlaryň bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan etdi. Saýlanyp alnan işler, adatça ýönekeý göz bilen görünmeýän jikme-jiklikleri görkezýär we tebigatyň öwrenişilen dünýäsine täzeçe garamaga mümkinçilik berýär.

​Bäsleşik entomologiýa ulgamynda öňdebaryjy britan haýyr-sahawat guramasy tarapyndan geçirilýär we mör-möjekleri surata düşürmäge höwesjeň suratçylara gönükdirilendir. Onuň maksady — makrofotosurat žanrynda işleýän awtorlaryň jemgyýetini goldamak we ösdürmekdir.
​2025-nji ýylda bäsleşige 3000-den gowrak fotosurat tabşyryldy, bu bolsa onuň geçirilip gelinýän ähli wagtynyň dowamynda rekord görkeziji boldy. Işler 110-dan gowrak ýurtdan gelip gowuşdy. Bu maglumatlar makro-surata düşürmäge bolan gyzyklanmanyň artýandygyna we adamlaryň tebigaty fotosurat arkaly öwrenmäge bolan ymtylyşyna şaýatlyk edýär.
​Ýeňiji bolan we eminler tarapyndan bellenilip geçilen suratlar mör-möjekleriň dürlüligini we bäsleşige gatnaşyjylaryň giň geografik gerimini görkezýär.










Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.