Türkmenistan Eýrana ynsanperwerlik kömegini iberer

13.03.2026, 19:1015,148

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow goňşy Eýrana ynsanperwerlik kömegini ibermek hakyndaky Buýruga gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Yslam Respublikasyna iberiljek ynsanperwerlik ýüki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan ugradylar.

Ýüküň düzümine derman serişdeleri, lukmançylyk maksatly önümler we beýleki harytlar girer.

Bu çözgüt türkmen halkynyň dostluk, doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine laýyklykda, şeýle hem mukaddes Oraza aýy we Gadyr gijesi mynasybetli kabul edildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.