Türkmen modelýeri ÝUNESKO-nyň edara binasynda lybaslar toplumyny görkezdi

10.04.2026, 06:4210,737
1 / 4

Türkmen dizaýneri Göwher Guwerne - Pirkuliýewa Pariž şäherindäki ÝUNESKO-nyň edara binasynda Halkara Nowruz baýramy mynasybetli milli lybaslaryň toplumy bilen tanyşdyrdy diýip, Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçihanasy habar berdi.

ÝUNESKO-nyň edara binasynda geçirilen görkezilişe Azerbaýjanyň we Täjigistanyň dizaýnerleri hem gatnaşyp, öz ýurtlarynyň milli lybaslaryny görkezdiler.

Çäre Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Owganystanyň, Hindistanyň, Eýranyň, Yragyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Mongoliýanyň, Pakistanyň, Täjigistanyň we Türkiýäniň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky hemişelik wekilhanalary tarapyndan bilelikde guraldy.

Bu baýramçylyk agza döwletleriň wekiliýetlerini bir ýere jemläp, medeni dostlugy we Nowruzy belleýän ýurtlaryň milli däplerini wagyz edýän meýdança öwrüldi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.