Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti «Açyk gapylar» gününe çagyrýar

28.04.2026, 22:452,667

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti 2026-njy ýylyň 2-nji we 9-njy maýynda orta mekdepleriň uçurymlary, esgerler, önümçilikde zähmet çekýän ýaşlar we ýokary okuw mekdebine girmäge isleg bildirýän ähli raýatlar üçin «Açyk gapylar» gününi geçirýär.

Çäre sagat 15:00-da başlar we onuň dowamynda myhmanlar uniwersitetiň döwrebap okuw binalary, internet we lingafon otaglary, ylmy-barlag merkezleri hem-de muzeýleri bilen ýakyndan tanşyp biler. Şeýle-de, ýaşlara okuw mekdebinde öwredilýän hünärler, talyplaryň ýaşaýyş şertleri we sport klubunyň işi barada giňişleýin maglumat berler.

«Açyk gapylar» gününde uniwersitetiň durmuşyna bagyşlanan wideofilm, talyp ýaşlaryň aýdym-sazly çykyşlary we fakultetleriň taýýarlan sergileri hem görkeziler.

Uniwersitetiň salgysy: Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň 31-nji jaýy.

Telefon belgileri: 94-67-30, 94-67-05.

Elektron salgysy: tdu@tdu.edu.tm / www.tdu.edu.tm

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.