Hytaý uniwersitetleriniň mugallymlary Türkmenistanda okuw sapaklaryny geçdi

Şu gün, 16:10710
1 / 3

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Hytaýyň iki sany ýokary okuw mekdebiniň mugallymlarynyň gatnaşmagynda geçirilen okuw sapaklary tamamlandy. Sapaklar 24–31-nji oktýabr aralygynda Lu Ban ussahanasynyň binýadynda geçirildi.

Olary Sian nebit uniwersitetiniň we Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersitetiniň mugallymlary geçdi. Sapaklara türkmen ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdy.

Maksatnama mugallymlaryň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmaga, hytaýly kärdeşler bilen tejribe alyşmaga hem-de bilim ulgamynda amaly hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirildi. Şeýle hem gatnaşyjylar mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny maslahatlaşdy.

Şeýle sapaklar Türkmenistanda Lu Ban ussahanasyny döretmek baradaky özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň çäginde yzygiderli esasda geçirilýär. Bu resminama 2024-nji ýylyň 18-nji oktýabrynda Sian şäherinde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti, Hytaýyň iki sany ýokary okuw mekdebi, Hytaýyň CNPC milli nebit-gaz korporasiýasy hem-de Hytaýyň bilim ulgamynda halkara alyş-çalyş boýunça assosiasiýasy tarapyndan gol çekilipdi.

Türkmen uniwersitetiniň binýadynda döredilen Lu Ban ussahanasy 2026-njy ýylyň 16-njy aprelinde dabaraly ýagdaýda açylypdy.

Bilelikdäki taslama nebit-gaz pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleri, şol sanda häzirki zaman bilimlerine we amaly başarnyklaryna eýe bolan inženerleri hem-de tehnologlary taýýarlamaga ýardam etmäge gönükdirilendir.