Aşgabatda «Dünýäni özgerdýän ýagşylyk» atly haýyr-sahawat sergi-ýarmarkasy geçiriler

Şu gün, 15:32941

20-nji noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Dünýäni özgerdýän ýagşylyk» atly haýyr-sahawat sergi-ýarmarkasy geçiriler. Bu çäre Bütindünýä çagalar gününe bagyşlanan bolup, ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlaryny jemlär.

Serginiň esasy maksady ýaşlary haýyr-sahawat işlerine çekmek we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işini goldamakdan ybarat.

Her bir ýokary okuw mekdebi öz hünär ugurlaryna laýyklykda sergi bölümlerini hödürlär. Myhmanlar talyplaryň döredijilik işlerini görüp, olaryň hünär başarnyklary we zehini bilen tanşyp biler, şeýle hem türkmen halkynyň milli däp-dessurlary we medeni gymmatlyklary bilen baglanyşykly önümleri satyn alyp biler.

«Dünýäni özgerdýän ýagşylyk» atly sergi-ýarmarka ilkinji gezek geçirilmeýär. 2025-nji ýylyň 22-nji aprelinde bu çäre Bütindünýä Ýer güni mynasybetli guralypdy. Oňa türkmen ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we mugallymlary, diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdy.

Guralan sergi bölümlerinde myhmanlara milli şaý-sepler, sowgatlyklar, el işleri we naz-nygmatlar hödürlendi. Çäräniň dowamynda toplanan ähli serişdeler Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasyna geçirildi.

Guramaçylar öňde duran sergi-ýarmarkanyň talyplaryň döredijilik başlangyçlary üçin ýene-de bir meýdança öwrüljekdigine we olaryň mätäç çagalara goldaw bermäge öz goşantlaryny goşmagyna mümkinçilik berjekdigine ynanýarlar.

Sergi-ýarmarka 20-nji noýabrda sagat 15:00-da geçiriler.