Türkmenistanyň daşary işler ministriniň оrunbasary Ahmet Gurbanow 31-nji iýulda Astana şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň ýokary wezipeli adamlarynyň üçünji mejlisine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berdi.
Gatnaşyjylar öňde duran sammite taýýarlyk görmek meselelerine, şol sanda jemleýji resminamanyň taslamasyna seretdi. Türkmen diplomaty öz çykyşynda resmi Aşgabadyň forumyň çäginde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmäge hem-de MA ýurtlary bilen Günorta Koreýanyň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklady.
«Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» sammitiniň we işewürlik sammitiniň geçirilmeginiň hyzmatdaşlygy giňeltmäge, işewür toparlaryň arasynda täze aragatnaşyklary ýola goýmaga hem-de senagatda, energetikada, ulag we logistikada, sanly tehnologiýalarda, oba hojalygynda we beýleki ugurlarda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge ýardam etjekdigi bellenildi.
Şol gün Ahmet Gurbanow Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministriniň оrunbasary Çun Eý-he bilen hem duşuşdy.
Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklarda ýokary derejedäki duşuşyklaryň we saparlaryň möhüm ornuny bellemek bilen, türkmen-koreýa hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegini we öňde duran sammite taýýarlyk görülmegini maslahatlaşdy.