Eýranyň Mary şäherindäki täze Baş konsulyna ekzekwatura gowşuryldy

Şu gün, 05:503,851
1 / 3

18-nji awgustda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Mary şäherine täze bellenen Baş konsuly Seýed Mostafa Hosseýnipur bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň başynda Baş konsul konsullyk patentini gowşurdy. Öz gezeginde, Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçylary diplomatik wekile kabul edýän ýurtda öz borçlaryny ýerine ýetirmäge rugsat berýän resminamany — konsullyk ekzekwaturasyny gowşurdy.

Taraplar türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň derwaýys meselelerini we iki ýurduň arasyndaky dostlukly hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň geljekde has-da ösdürilmeginiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdy.

Duşuşygyň dowamynda konsullyk ulgamyndaky özara hyzmatdaşlyga hem üns berildi. Taraplar bu ugurdaky gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmek barada gürrüň etdi.

Duşuşygyň ahyrynda Eýran Yslam Respublikasynyň Baş konsuly ikitaraplaýyn gatnaşyklary hem-de konsullyk hyzmatdaşlygyny berkitmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.