Buharada goňşy ýurduň däp-dessurlary, senetçiligi, taryhy we medeni mirasy bilen gaýybana tanyşmaga mümkinçilik berjek «Kiçijik Türkmenistan» medeni-syýahatçylyk toplumyny döretmek meýilleşdirilýär. Bu barada Uza.uz portaly habar berýär.
Şeýle taslama Özbegistanyň Syýahatçylyk komitetiniň başlygynyň orunbasary, Türkiýäniň Finwest Finance Company maýa goýum kompaniýasynyň, Ýewraziýanyň ýerli öz-özüni dolandyryş edaralarynyň birleşiginiň we türkmen halylaryny öndürmek bilen meşgullanýan «SD Turkmen Haly» bilelikdäki özbek-türkmen kärhanasynyň wekilleriniň duşuşygynda maslahatlaşyldy.
Toplum myhmanlara diňe bir milli senetçilik däplerini we ekspozisiýalary görmäge däl, eýsem Türkmenistanyň ýaşaýyş gurşawyna aralaşmaga mümkinçilik berýän etno-medeni giňişlik hökmünde göz öňünde tutulýar.
Taslamany amala aşyrmak üçin Özbegistanyň iň gelim-gidimli syýahatçylyk merkezleriniň biri bolan, taryhy ýadygärlikleri bilen ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Buhara saýlandy. Her ýyl şäher ýüzlerçe müň syýahatçyny kabul edýär. Mundan başga-da, Buharany we Türkmenistany Beýik Ýüpek ýolunyň asyrlarboýy dowam eden söwda ýollary, umumy taryh we ýakyn medeni gatnaşyklar baglanyşdyrýar.