2026-njy ýylyň 4-nji awgustynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi Atadurdy Baýramow Ýaponiýanyň Syýahatçylyk agentlikleriniň assosiasiýasynyň (JATA) täze saýlanan başlygy Ýudzi Hara bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Ilçihanasynyň saýtynda habar berilýär.
Türkmen diplomaty jenap Ýudzi Harany täze wezipesi bilen gutlap, iki ýurduň arasynda syýahatçylyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlaryny maslahatlaşdy.

Söhbetdeşligiň barşynda taraplar hyzmatdaşlygyň 2013-nji ýyldaky «JATA Travel Showcase» sergisinden başlap yzygiderli ösýändigini belledi. Hyzmatdaşlygyň üstünlikli mysallary hökmünde 2014-nji ýylda Tokioda geçirilen «Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri» maslahaty we 2025-nji ýylda «EXPO 2025 Osaka» Bütindünýä sergisiniň çäklerindäki halkara maslahat ýatlanyp geçildi.
Gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň arasynda göni howa gatnawlaryny ýola goýmak, syýahatçylyk pudagynda döwlet edaralarynyň we kompaniýalarynyň özara gatnaşyklaryny giňeltmek meselelerine aýratyn üns berildi.