Belgiýada ilkinji gezek atyň Günbatar Nil wirusy bilen kesellemegi hasaba alyndy. Bu barada ýurduň Weterinar hünär birleşigi (UVP) habar berdi.
Lukmanlaryň aýtmagyna görä, bu ýagdaý Belgiýada ýokanç keseliň ýaýrap başlandygyny aňladyp biler.
Näsag at Brýussel sebitinde saklanýardy. Nerw ulgamynyň bozulmalary agyr ýagdaýda ýüze çykarylandan soň, haýwan uka giderildi. Barlaghana işleri bolsa oňa hakykatdan hem wirusyň ýokandygyny tassyklady.
UVP-niň at keselleri boýunça bölüminiň başlygy Pýer Pendawen bu ýagdaýyň wagtynda ýüze çykarylmagyna gözegçilik ulgamynyň kämil işleýşi däl-de, weterinar lukmanyň aşa ünslüliginiň sebäp bolandygyny belledi.

Gurama kesellän atyň adamlar üçin wehim döretmeýändigini, ýöne şeýle ýagdaýlaryň epidemiologiýa gözegçiligi üçin uly ähmiýete eýedigini nygtaýar.
«At bu ýerde görkeziji bolup çykyş edýär. Çybyn-çirkeý köp çakýany zerarly keseliň alamatlary onuň nerw ulgamynda has tiz göze ilip başlaýar. Ýewropada bu kesel adamlara ýokanlygy ýüze çykarylmanka ilki köplenç şol sebitdäki atlaryň keselländigi mälim bolýar» diýip, guramanyň beýanatynda aýdylýar.
UVP-niň maglumatlaryna görä, wirus esasan guşlaryň we Belgiýada giňden ýaýran Culex toparyna degişli çybynlaryň arasynda aýlanýar. Olar keseli atlara-da, adamlara-da ýokaşdyryp bilýär, ýöne näsaglan haýwanlaram, adamlaram keseli töweregindäkilere ýokduryp bilmeýär.