Norwegiýanyň patyşasy Harald V keselhana ýerleşdirildi we ol ýerde iki hepdä golaý wagtyň dowamynda bejergi alar. Bu barada Ýurduň Patyşalyk diwany habar berdi.
89 ýaşly monarh häzirki wagtda Ýewropada iň ýaşuly hökümdarlaryň biri hasaplanylýar.
Beýanatda Harald V-iň «saglyk ýagdaýy sebäpli rugsatdadygy» bellenilýär. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri patyşanyň keselhana düşmeginiň sebäbini gemolitiki anemiýa — bedende suwuklygyň toplanmagy zerarly stasionar bejergi talap edýän gan keseli bilen baglanyşdyrýarlar.
Patyşa awgust aýynda hem meýilleşdirilen barlag üçin lukmanlara ýüz tutupdy. Barlaglardan geçenden soň bolsa, keselhanadan çykarylypdy.

Harald V Norwegiýanyň tagtyna 1991-nji ýylyň ýanwar aýynda geçdi. Ol 35 ýyllyk dolandyryş döwründe Ýewropanyň tagtda iň uzak oturan monarhlarynyň birine öwrüldi. Häzirki wagtda tutuş Ýewropada ondan has uzak wagt bäri häkimiýet başynda oturan diňe iki sany patyşa bar: bular 52 ýyl bäri Şwesiýany dolandyrýan Karl XVI Gustaw we 37 ýyl bäri häkimiýetde oturan Lihtenşteýn knýazy Hans-Adam II-dir.