Emeli aň tebigatda öň bolmadyk 16 sany ýokanjy döretdi: adamzada howp abanýarmy?

09.08.2026, 22:197,018

Alymlar emeli aňyň kömegi bilen öň tebigatda bolmadyk we ýaşamaga ukyply 16 sany täze ýokanjy döretdi. Olaryň ählisi bakteriofaglara — diňe bakteriýalara zeper ýetirýän görnüşe degişli bolup, adama ýokaşyp bilmeýär. Bu barada The New York Times neşiri Science žurnalyna salgylanyp habar berýär.

Munuň üçin Stenford uniwersitetiniň we Ark institutynyň alymy Braýan Hiniň ýolbaşçylygyndaky topar «Evo 1» we «Evo 2» genom dil modellerini ulandylar. Müňlerçe organizmleriň DNT tertibine görä okadylan bu modeller täze genom yzygiderliligini döretmäge-de ukyplydyr.

Alymlar modeliň öňünde «E. coli» (içege taýajygy) bakteriýasyna zeper ýetirmäge ukyply bakteriofag genomyny taslamak wezipesini goýdular. Emeli aň müňlerçe nusgany döretdi. Alymlar olaryň 300 töweregini himiki usul bilen sintezlediler we barlaghanada seljerdiler. Netijede, olaryň 16-sy ýaşamaga ukyply bolup çykdy.

Sintetik wiruslaryň garyndysy «E. coli» bakteriýasyny tebigy analoglardan has netijeli ýok etdi, käbir nusgalar bolsa ilkibaşdaky görnüşden 65 essä çenli çalt köpelmek mümkinçiligini görkezdi.

Wiruslaryň biri dagy, öň mälim bolan tebigy görnüşlerden şeýlebir üýtgedi welin, awtorlaryň çaklaýşyna görä, beýle gurluşyň tebigy ewolýusiýa arkaly emele gelmegi üçin millionlarça ýyl gerek bolardy.

Şol bir wagtyň özünde, gözlegçiler bu tehnologiýanyň hyýanatçylykly maksat bilen hem ulanylmak töwekgelçiliginiň bardygyny boýun alýarlar. Jons Hopkins uniwersitetiniň Saglyk howpsuzlygy merkeziniň lukmany Morits Hanke muny şeýle düşündirýär:

«Meselem, siz genom dil modeline buýrup, dümew ýokanjynyň has ýokaşagan ýa-da has howply bolmagyny-da gazanyp bilersiňiz».

Awtorlar alnan maglumatlardan adama degişli keselleri döredýän genomlary aýyrsalar-da, onuň hyýanatçylykly ulanylmakdan doly goraglydygyna güwä geçip bilmeýärler. Olar bu tehnologiýa antibiotiklere çydamly bakteriýalara garşy ulanyp boljak bakteriofaglary döretmegiň elýeter guraly hökmünde garaýarlar. Şol bir wagtyň özünde, genomy döretmek entek doly derejeli organizmi döretmegi aňlatmaýar. 

Wageningen uniwersitetiniň sintetik biology Niko Klaassens hem bu hakda:

«Ýaşaýyş 70% bilen emele gelmeýär. Kompýuterde islendik zady ýazyp bolsa-da, işledip bolýan däldir» diýip belläp geçýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.