Öňler kelläniň we boýnuň rak keseline garşy sakgyç çeýnäp göreşip bolar diýilse, oňa göwün ýüwürtmedir öýdülerdi. Emma bu gün şol batyrgaý pikir ylmy taýdan tassyklama tapdy. Pensilwaniýa uniwersitetiniň Stomatologiýa mekdebiniň hünärmenleri bioinženeriýa sakgyjyny hödürlediler.
Ol barlaghana synaglarynda agyz boşlugynyň we bokurdagyň çişleri bilen baglanyşykly wiruslaryň hem-de bakteriýalaryň mukdaryny azaltmakda täsirli netijeleri görkezdi.
Gözlegiň esasy ünsi iň giň ýaýran we öjükdiriji onkologik keselleriň biri hasaplanylýan kelläniň we boýnuň ýasy öýjükli ragyna (HNSCC) gönükdirildi. Täze derman serişdeleriniň peýda bolmagyna garamazdan, näsaglaryň bäş ýyllyk ýaşaýyş görkezijileri we durmuş şertleri entek kanagatlanarly ýagdaýa gelenok. Netijede lukmançylyk bileleşikleri adaty bejergi usullarynyň üstüni ýetirip biljek täze hem elýeter serişdeleri gözlemäge mejbur bolýar.
Täze taslama üçin FRIL tebigy antiwirus belogyny saklaýan lablab noýbasynyň däneleri bilen geçirilen ylmy işler binýat edildi. Synaglaryň dowamynda alymlar sakgyç goşundylarynyň üç sany esasy nokada: adamyň papilloma wirusyna (APW) we Porphyromonas gingivalis (Pg) hem-de Fusobacterium nucleatum (Fn) bakteriýalaryna täsirini barlamak üçin näsaglaryň tüýkülik nusgalaryny we agyz boşlugyndan alnan ýuwuntgylary ulandylar. Bokurdak ragynyň ösmegi APW bilen baglanyşyklydyr, Pg we Fn bakteriýalarynyň bolmagy bolsa, synlamalara görä, hatda hirurgiýa amalyndan soň hem keseliň ötüşmegini we ýaşamak mümkinçiligini ep-esli pese düşürýär.
Ylmy-barlaglar täze serişdäniň ýokary netijeliligini tassyklady: FRIL saklaýan sakgyjyň ekstrakty tüýkülikdäki APW derejesini 93%, agyz boşlugyndaky ýuwuntgylarda bolsa 80% azaltdy. Sakgyjyň antimikrob peptidi bolan protegrin bilen güýçlendirilen täze görnüşi Pg we Fn bakteriýalaryny düýbünden diýen ýaly zyýansyzlandyrmaga mümkinçilik berdi. Şol bir wagtyň özünde, bejerginiň diňe zyýanly mikroblara täsir edip, şöhle bejergisinden tapawutlylykda agyz boşlugynyň kadaly mikroflorasyny bozmaýanlygyny-da bellemek örän möhümdir (şöhle bejergisi köplenç kömelek ýokançlyklarynyň ösmegine sebäp bolýar).

Geljekde şeýle sakgyç onkologiýa bejergisinde kömekçi serişde ýa-da APW ýokanjynyň öňüni alyş usuly hökmünde ulanylyp bilner. Ylmy barlaglaryň ýolbaşçysy Henri Deniel bu meseläniň derwaýyslygyny nygtaýar:
«Dodak we agyz boşlugynyň ragy 2022-nji ýylda bütin dünýä boýunça ýaşlaryň we orta ýaşly adamlaryň arasynda ýaýraýyş we heläk ediji häsiýeti boýunça ýedinji ýeri eýeledi».
Derman serişdesiniň satuwa çykmagyndan öňürti entek kliniki synaglar we howpsuzlyk barlaglary-da geçirilmeli.
Alymlaryň bu täze açyşy, eger düzümini dogry kesgitläp bilseň, hatda adaty sakgyjyň hem lukmançylykda kuwwatly serişdä öwrülip biljekdigini subut edýär.