Gyzylyň 55 öwüşgini: Pet Makgrat bilen Nikolýa Žeskýer LV üçin kosmetika döretdi

14.08.2026, 14:422,477
1 / 3

Meşhur wizažist Pet Makgrat bilen Louis Vuitton-yň zenanlar kolleksiýalarynyň döredijilik müdiri Nikolýa Žeskýer bilelikde döreden bezeg kosmetikasynyň ilkinji toplumyny hödürlär. Oňa 55 öwüşgindäki pomadalar, dodak üçin 10 sany reňk beriji balzam we göz üçin boýag paletkasynyň 8 toplumy girer.

Pomadanyň öwüşgin sany tötänden saýlanmady. Louis Vuitton markasynyň „LV“ belligi rim sifrlerindäki numerologiýada 55-lik sana gabat gelýär.

​Makgrat üçin bu modalar öýi bilen ilkinji hyzmatdaşlyk däl. Wizažist Louis Vuitton-yň görkezişlerinde modelleriň makiýažyny birnäçe gezek öz boýnuna alypdy, şeýle hem brend üçin dodak galamlaryny döredipdi.

Toplum Louis Vuitton saýtynda 20-nji awgustda peýda bolar. Adaty dükanlarda bolsa 27-nji awgustdan başlap satlyga çykar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.