Ýaponiýada rekord derejede çabga ýagdy

14.08.2026, 12:2911,407
1 / 6

Ýaponiýanyň gündogar sebitlerinde rekord derejedäki güýçli çabgalar sebäpli 4 adam heläk boldy. 6 müňden gowrak ýolagçy gijäni Tokionyň Narita aeroportunda geçirmeli boldy. DW neşiriniň habar bermegine görä, Tiba prefekturasynda bir gije-gündiziň dowamynda 36 santimetrden gowrak ýagyn ýagdy.

Güýçli ýagynlar zerarly ýollary suw basdy, elektrik üpjünçiliginde bökdençlikler döredi, süýşgün howpy ýokarlandy. Takmynan, 25 müň öý elektrik toksuz galdy.

Ýapon meteorologiýa gullugy bu sebit üçin ilkinji gezek iň ýokary — bäşinji derejeli duýduryş yglan etdi. Gullugyň wekili penşenbe güni «öň görlüp-eşidilmedik derejede güýçli ýagynlara» garaşylýandygyny mälim edipdi.

« Bu ýagdaý, hatda taryhy ölçegler boýunça alanyňda-da, Ýaponiýanyň howa şertleri üçin örän geň. Ozal men ençeme tebigy apatlaryň netijelerini aradan aýyrmak işlerine gatnaşypdym, ýöne beýle waka bilen hiç wagt gabatlaşmandym» — diýip, Tibanyň gubernatory Tosihito Kumagai gürrüň berdi.

Ýogalanlaryň arasynda 60–70 ýaşlaryndaky bir erkek adam we 66 ýaşly zenan bar. Ýene iki adamyň kimdigi entek anyklanylmady. Bir adam dereksiz ýiten hasap edilýär, ýene bir adamyň bolsa heläk bolan bolanlygy çaklanylýar.

Ýagynlar sebäpli Narita tarap gatnaýan köp sanly otly gatnawlary bölekleýin ýatyryldy. Ýüzlerçe adam gijäni Tiba stansiýasynda geçirmeli boldy. Käbir ýollar, şol sanda Naritadan Tokionyň merkezine tarap gidýän ýollar ýapyklygyna galdy.

​Şu gün irden duýduryş dördünji derejä çenli düşürildi. Awiakompaniýalar gatnawlaryň meýilnama boýunça amala aşyryljakdygyny, ýöne gijikmeleriň bolmagynyň mümkindigini habar berdiler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.