Akkumulýatorsyz we toksuz işleýän kompýuter ýasaldy

16.08.2026, 19:455,267
1 / 2

Reddit platformasynyň PickentCode lakamly ulanyjysy batareýasyz hem-de toga çatylman işleýän kompýuter ýasady. Bu kiçeňräk enjam işlemesi üçin zerur bolan elektrik energiýasyny hiç hili daşarky çeşmesiz öndürýär, diňe ýylylyk tapawudyndan güýç alýan kiçijik Stirling motoryny we generatory ulanýar.

​Bu kompýuteri döretmek üçin bary-ýogy bir aý ýeterlik boldy. PickentCode ilki enjamyň dizaýnyny kompýuterde çyzdy, soňra bolsa agaçdan daşky gutusyny ýasady. Agajyň gapdalyna bu motory 1816-njy ýylda oýlap tapan Robert Stirlingiň suraty we gurluşyň çyzgysy lazer arkaly oýulyp ýazyldy. Düwmeleri we käbir şaýlary 3D-printerde çap edildi, bezeg turbajyklary bolsa köne suw şlangyndan kesilip alyndy.

​Kompýuteriň 2,42 dýuýmlyk ak-gara ekrany, 16 düwmeli klawiaturasy, içinde ESP32 C3 çipi bar. Motoryň berýän toguny durnukly saklamak üçin kondensatorlar, toguň güýjüni yzarlamak üçin bolsa woltmetr ulanyldy.

​Bu taslamada iň uly kynçylyk — motoryň berýän togunyň azlygy boldy (bary-ýogy 150 mWt). Şonuň üçin awtor kompýuterde Wi-Fi we Bluetooth-y öçürdi, ekranyň ýagtylygyny peseltdi we prosessoryň tizligini mümkin boldugyça haýallatdy.

​Geň ýeri, şeýle az energiýa sarp etse-de, kompýuter doly işleýär. Onda Tetris, Snake we Pong ýaly oýunlary oýnap bolýar, hatda içine öz koduňy ýazyp, täze programmalary hem işledip bolýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.