Google tehnologiýa ägirdi 2027-nji ýyla çenli Pixel smartfonlaryny Hytaýda ýygnamagy doly bes etmek isleýär. Bu niýeti barada kompaniýa hyzmatdaşlaryna resmi ýagdaýda duýdurdy.
Soňky ýyllarda Google Hytaýdaky üpjünçilik zynjyryna garaşlylygy azaltmak üçin, Wýetnamda we Hindistanda öz kuwwatlyklaryny işjeň giňeltdi. Önümleriň agramly bölegi henizem Hytaýda öndürilse-de, şu ýyl Wýetnamda ylmy-gözleg işleriň üstünlikli tamamlanmagy we Pixel-iň ýokary modelleriniň tapgyrlaýyn önümçiliginiň ýola goýulmagy kompaniýanyň ýolbaşçylary üçin esasy delil boldy.
Maglumatlara görä, Google eýýäm Wýetnamda smartfon üpjünçiliginiň doly derejeli ekoulgamyny gurnady.
Şunlukda, Google Samsung-dan soň smartfon önümçiligini Hytaýdan doly çykarmak kararyna gelen ikinji uly global kompaniýa bolar.
Apple kompaniýasyndan tapawutlylykda, Google öz smartfonlaryny Hytaýyň içerki bazarynda satmaýar, şonuň üçin ýerli düzgünleşdiriji edaralaryň nägile boljak ýa-da satuwlaryň pese düşjek gümany ýok.
Şeýle-de, Google eýýäm önümçiliginiň bir bölegini Hindistana geçirip başlady, bu bolsa kompaniýanyň diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça meýilleriniň çynlakaýdygyny ýene bir gezek tassyklaýar.